LIM | |||
LIMO’N, Hemişe gök tsitrus agajy we şonuň galyň gabykly, turşumtyk tagamly miwesi. Ter ýaprakly limon agaçlary günüň nury astynda öwşün atyp görünýärdi (R. Alyew, Sülgüniň hatlary). Biz iki gektar ýerde limon hem ösdürip ýetişdirdik (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). LIMONA’D, Içmek üçin miwe şiresi goşulyp taýýarlanylýan suw. Iýseňiz bar bizde bagyr hem böwrek, Ýanynda limonad hem sowuk narzan («Sowet edebiýaty» žurnaly). Limonad zawody. LIMONLY, Limony bar bolan, düzüminde limon garyndysy bolan, limon atylan. Limonly çaý. Limonly içgi. LIMUZI’N, Ýapyk kuzowaly ýeňil awtomobil. LIMFA, fiziol. Oňurgaly haýwanlaryň we adamyň bedeniniň ähli dokumalaryny we öýjüklerini ýuwýan hem-de dokumalaryň arasyndaky boşluklary doldurýan reňksiz suwuklyk. Bedeniň agramynyň 50 protsent çemeleri öýjikleriň arasyndaky aralyklary doldurýan dokuma limfasynyň paýyna düşýär (A. N. Kabanow, Adamyn anatomiýasy we fiziologiýasy). LIMFATIK, fiziol. Limfasy bar bolan, limfa Degişli bolan, limfaly. Limfatik mäzler. Limfatik sestema. |