SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYÝA

GYÝA, Kese, ýanyn, gyşyk. Çäkmeni gyýa ýapynyp ýatan Meret çäkmeniň syýyny ýüzünden serpdi-de galdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gara gözün, bilen gyýa gaşyňy, Kütelmejek akyl-huşuňy söýýän (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

O Gyýa bakmak — gözüň çeti bilen seretmek, närazylyk bilen garamak. Laçyn kibi gyýa bakdym, Örtedim janymy ýakdym («Görogly» eposy). Gyýa bakyp, ýeňin dişläp, Senem geldi, sonam geldi («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


GYÝAK, bot. 1. Çylgam-çylgam ýuka baldakly, gumda gögerýän köpýyllyk ösümlik. Sähel howa maýlasa, gumda gyýaklar dürterşişip galýar.

2. Geýime salynýan nagşyň bir görnüşi.


GYÝALAMAK, Aralygy gysgaltmak maksady bilen gönülemek. Bular obadan çykyp, demir ýoluň köprüsine baka gyýalap gitdiler. Ol özüne salgy berlen ýere baka dogry ýoldan gitmän, näme üçin hem bolsa gyýalap, üzümçilige urup gitdi (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde).


GYÝAŇ, Gyradeň däl, gyşyk, egri.