Türkmen diýarymyzda ýady kalbymyzda orun tutan Şahyr

Nazmuhammed Pakga .

Nazmuhammed 1381-nji ýylda Şahriwar aýynyň 24-nde aradan çykýar.Şahyr özüniň gysga ömründe bütin arassa duýgysy bilen öz halkyna hyzmat etmegi we oňa bolan söýgisini ajaýyp sözler bilen beýan edýär.

Baýdak

Il derdine derman bola bilsedim.
Söweşde baýdak deý gala bilsedim.
Ölemde-de gülüp ölerdim welin
Watan üçin gurban bola bilsedim.

Ol Türkmensähranyň Akgala şaheriniň Şagaldepe diýen obasynda dünýä inýär. Ol okuwyny Ataabat obasynda gutarandan soň , az wagtlap, medreselerde mugallymçylyk işi bilen meşgul bolýar. 

Merhum Nazi( halk dilinde tutulýan ady.) ýokar okuw bilimini gutaransoň žurnalistik işine başlaýar.

Ol köp makalalaryny Eýran Türkmenleriniň syýasy we yjtymagy hal-ýagdaýyna bagyşlap dürli dergilerde çapa ýetirdi.

Ol diňe žurnalistlikde däl, eýsem şahyrçlyk we ýazyçylyk bilen meşgullanyp, öz ussatlygyny bu meýdanlarda hem äşgär etdi. Onuň „Söýjek bolsaň“ diýen şygyrlar kitaby 1999-njy ýylda çap boldy.

Nazmuhammed Pakga-ň çeken zähmetlerini gadyrdanlyk bildirip ýörite onuň adyna internet sahypasy açylyp şu güne çenli işin dowam edýär.