ATALAR WE OGULLAR Atalar-ogullar... beýik döwletler, Şolardyr bu döwre ýakyn salýanlar, ýöne käte düşýär bu iki nesliň Arasyna çöp atmakçy bolýanlar. Galat pikirlere uýmak ne derkar, Işimiz şowludyr, günümiz düzdür, Ýok, atalar biziň geçmişimiz däl, Biziň atalarmyz şu günümizdir. Nirä barýar naýza kimin düzülip, Aýdym bilen dyňzap duran hatarlar? Olar täze dünýäň goragyna galan Mizemez ynamly biziň atalar! Olar geljegmiziň dok dänesini Durmuşyň tarpyna atanlarmyzdyr. Ykballaryna beýik synag duş gelen Mýzemez ynamly atalarmyzdyr. Öňden gelýär şeýle ajaýyp nakyl: Ekin ekilmese, hasyl orulmaz. Bu biz ahyr eken zadyn orýanlar, Bu biz ahyr atalar we ogullar. Häzir olaň kimsi pensiýa çykan, Kimsi işde. Emma maksatlary bir: Olar bu günleriň ogullarynyň Gatnaýan iň kämil mekdepleridir. Goý, dar balak geýsin, kafe gatnasyn, Ýöne gaýtalansa ýene o günler, Atalar dek merdem aýaga galar, Şolaň mekdebinde okan ogullar! |