Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GELEMEN

GELEMEN


Eý soltanym, Diýarbekir  ýurdundan,

Hijr oduna ýana-ýana gelemen.

Muhupbetli  söwer ýaryň jebrinden,

Men bu şähre gaýybana gelemen.


Men neýläýin aşna ýarym ýat oldy,

Ýüzi gara rakyp güldi, şat oldy.

Bir söz bilen, ýakdy bagrym, ot oldy,

Gulak salgyl, bu efgana gelemen.


Ördegim galmady, uçdy köllerde,

Bilbilim saýramaz boldy güllerde,

Aglaram ýar üçin bu ýat illerde,

Mejnun  kibi sergezdana gelemen.


Senem bu gün jan köküni köwledi,

Meger, onui  köňlün rakyp awlady,

Töhmet  bilen ahyr meni kowlady,

Söweşiban döne-döne gelemen.


Garyp diýrler şahym, meniň adyma,

Gulak salyň, ýetgin meniň dadyma,

Senem bilen aýralygyň oduna,

Perwana dek ýana-ýana gelemea.