Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SIL  GALMAZ

SIL  GALMAZ


Altmyş başly, ala garly daglardan,

Duman göçer, ýagmyr ýagar, sil galmaz,

Şeýda bilbil mesgen tutan baglardan,

Hazan urar, ýaprak solar, gül galmaz.


Jana degse garrylygyň zäheri,

Zebun bolar köňül-göwde şäheri,

Elden gitse ýigitligiň bahary,

Kuwwat gaçar, dyz egiler, bil galmaz.


Bir namardyň köp minnetli aşyndan,

El uzatma, oýulawer daşyndan.

Ilsiz galan belent dagyň başyndan,

Agaç biter, jaýlar ýiter, ýol galmaz.


Magtymguly, bu jahanda kim bolar,

RL mekana giden gelmez güm bolar,-'

Görer gözüň, görkli göwräň gum bolar,

çIahan gider, deňdan duşer, til galmaz.