Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

**Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

IL ÝAGŞY

IL ÝAGŞY


Adam bolup adam gadryn bilmeýen,

Andan ki bir otlap ýören mal ýagşy,

Sözlegende söz  manysyn  bilmeýen,

Andan ki bir gepläp bilmez lal ýagşy.


Hudaýym  sakasyn  şerden,  gahardan,

Minnetli aş ajy bolar zäherden,

Her bir ýerde bir bazarsyz şäherden,

Andan ki bir gurap ýatan çöl ýagşy.


Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,

Ýadyndan  çykmaýyr  baýramy, toýy,

Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,

Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.


Bir  biwepa ýara gülüp bakandan,

Şirin jany yşk oduna ýakandan,

Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,

Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.


Magtymguly, söz  sözlegil  her   bapdan,

Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden,

Märekede soňy gelmez bet gepden —

Andan ki bir şowlap ösen ýel ýagşy.