Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BILDIŇIZMI?

BILDIŇIZMI?


Aga begim, uzak ýoldan

Sag-salamat geldiňizmi?

Ahyn çekip söwer ýaryň,

Kaýdadygyn bildiňizmi?


Ýokdur sen dek dünýä gelen,

Gyzyl gülge aşyk bolan,

Harkelanda ajdar bilen,

Bir ters söweş saldyňyzmy?


Siz gideli  bu diýardan,

Aýryldym sabry-karardan,

Aýsülüwni zowkumardan,

Zelili üçin aldyňyzmy?


Sala beg diýer, şazada,

Ýetdiňmi  maksat-myrada?

Hoşymyrat, Seýilgäde

Gül bilen duş bolduňzmy?