Tahyr guzym, eşit, saňa arzym-bar,
Bendi men, başimny azat eýlegil.
Başyň, aldym-başym,bermek karzym bar,
Ötgül günähimni, azat eýlegil!
Mert ogly sen, mertden bolan merdana,
Kasasym diýip, tolganmagyl her ýana,
Deň bolmagyl meniň kibi nadana,
Bendi men, başymny azat eýdegil!
Aşyklara her çent bolsam günäkär,
Ýamanlyk kylana ýagşylyk derkär,
Ötgül günähimni, öldürtme zynhar,
Gel, oglum, sen meni azat eýlegil!
Aýagyňa başyn goýup Babahan,
Gaşyňda arz edip, ýyglaýyp çendan,
Toba kyldym, öten işe Tahyr jan,
Gel, guzym, sen meni azat eýlegil!