Uzuklar


Ir zamanda Pendi çöli 3 hanlyga degişli bolupdyr.ol üç hanlaryň perzendi dünýä inse-de durmandyr.Olar bir-iki hepde şatlanyp-şatlanmakalar sähra ýene gara lybasa bürenipdir.Hanlar öz başlaryna düşýän musallaty diňe hudaý tarapyn diýip düşünüp

-dirler.Onsoň olar hudanyň hatyrasyna eçilip bilenini eçilip,Hatam taý ýaly,garyp pukaralara zat paýlapdyrlar.

Bir gün hanlaryň üçisem atlanyp,awa-şikara çykypdyr.Olar çöl beýewana çykyp, öz ykballaryndan zeýrenip,mülklerini terk edip,başga bir welaýata aşmakçy bolup maslahatam edipdirler.

Şeýdip ençeme ýol sökenlerinden soň hanlaryň ulusy Öde han aklyna aýlanýar.

--A — how,biz öz ýurdumyzda tapmadyk bagtymyzy ýat ilden tapmarys.Zeleliň ýaryndan gaýtmaklygam bir peýdamyş.Azyk-owkadymyza dolansak nädýä? Diýip,ýoldaşlaryna sala salýar.

Içlerini hümmüldedip barýan Gödek han bilen Guldurdy hanam onuň pikrini makullap yzlaryna gaýdýarlar.

Gaýdyşyn olar Gaş derýasynyň boýunda düşläpdir.çaý içip otyrkalar olaryň gözi ýüzün salyp gelýän 3 atla düşýär.Hanlar biri-biriniň ýüzüne seredişipdirler.” Ýagy dökülem bolaymasa-da biri “ diýşip otyrkalaram atlylar :

--Öde han, Gödek han,Guldurdi han buşluk buşluk –diýip,atlylar sährany ýaňlandyrypdyrlar.

--A - how düşünikliräp aýtsaňyzlaň,haýsymyzyň gyzymyz boldy diýenlerinde,atlylar :

--Han aga,üçüňiziňem – diýen jogaby eşidipdirler.

Hanlar “ be , de , be “ bolşup,har haýsy öz mülküne tarap at goýupdyr.Barsalar dogurdanam hanlaryň üçüsiniňem gyzy bolupdyr.Hanlar begenjigenem bilmändirler, gynanjagynam.Öňki perzentleri ýadyna düşüp az wagt bozulypdyrlar.Ỳöne üçüsiniň bir günde çagalarynyň bolmagy,olary begendirip.Toý günün I bellemek üçin jar çekipdirler.Üç hanyň üçüsem toy bir günde,Gaş derýasynyň boýunda çaýlaşan ýerinde geçirmegi wadalaşýarlar.Toý güni Pendi çölüniň ýeden ýöräni derýanyň boyuna ýygnanypdyrlar.Üç gije-gündiz toý tutulýar.Baý,garyby ýok,ähli halaýyk iýip-içip mes bolupdyr.Toýuň ücülenji güni adamlar gyzlaryň adyny soraýarlar.Şonda hanyň maslahatçysy märeke ýüzlenipdir :  

--Adamlar,gulak goýuň.Ählimiz diýen ýaly şu hanlaryň ýagdaýyny bilýäris.öň bularyň perzendi ýok.Şu günüň toýuň sebäpkärlerine – gyzlara at goýmak size,ýagny halkyň paýyna düşyär.Nähilli at dakmakçy bolsaňyz sesleniň.siziň dakan adyňyz bilen bizem razy.

Bir salymdan soň derwiş sypatly aksakgally goja beyikräk ýere çykyp,adamlara ýüzlenýär :

--Eger meniň sözüm gulak assaňyz,eşidişimiz ýaly,hanlaryň gyzy bir günde dünýä inipdir.Şol sebäpli olaryň atlaram bir meňzeş bolsa oňat boljak.Razy bolsaňyz şol dünýä inenlere men aýt goýjak.

Halaýyk duran ýerinden: 2 Hany eşideliň-de,hany eşideliň bolýar. “

--Eşitseňiz, Öde hanyň gyzynyň ady Uzuk,Gödek hanyň gyzynyň ady Näzik, Guldurdy hanyň gyzynyň ady Lälik bolsun, omin! – diýýär.

Toýa ýygnanan märeke “ boldy-da,boldy,atlaryna mynasyp bolsunlar,ömürleri ziýat bolsun “ diýip alkyş baryny aydyp,öýli-öýüne dargapdyr.

Uzuk,Näzik,Lälik görmegöýden akylly,paýhasly gyzlar bolup ýetişýär.Günleriň bir güni hanlar ýene düşüşýar.

--Geliň,gyzlarymyz bir-biri bilen düşüşsynlar.Onsoňam bir zady berk ýadymyzda saklalyň.Ir-u – giç gyz maşgala kesekiniňki bolmalydyr.Olar biziň döwletimiz däl-de, göwnühoşumyzdyr.Dünýeden ötmänkäk mülkümizem birine ynanmaly.Dogrumy?

--Dogry Öde han, rast aýdýarsyň – diýipGödek han bilen Gulgeldi han razy bolýar…

Gyzlaryň duşuşmaly ýeri Uzuk hanyň mülki bolansoň, ol bellinilen ýere beýlekilerden has ir gelýär-de myhmanlary garşylamak ücin taýýarlyk görýär…..

Howa ýagtylanda, ýaýlada goýun bakyp ýören çopanyň gözi bir topar çadyr gurup ýören adamlara düşýär.Bezelen kejebäniň töweregem gaýda-gaýmalaşyk.

çopan goýunlaryny oýa sürüp,özem gamyşlykda gizlenip,töweregindäki bolup geçýän hereketi synlamaga durýar.

Birden kejebeden görmegöý gyz çykýar-da,” ýeriň gaymagyny bozsammykam, bozmasammykam diýýän ýaly,seýkin basyp,uly depä tarap ýöräp başlaýar.Ol mahal- mahal säginip,Tawus guş dek çar tarapa boýnuny uzadyp garanjaklaýar.Onuň ýany-

ndaky hyzmatkärleri oňa gülälekdir jümjüme bogup getirýärler.

Näzik bilen Läligem bellenilen ýere gelýär.Uzak oalary hormatlap garşylaýar. Gün aşaklanda Uzuk,Näzik,Lälik degişip- gülüsip çemenzarlyga gidýärler.Olar gijäniň bir mahala deňiç Gopuz çalyp,Läle kakyp,Mojükatdy oýnap,ahyram,Uzugyň kejebesin-

de dynç almaga gidýärler.Säher bilen uzakdan eşidilýän tüýdügiň owzyna oyanan Uzak :

--Boýdaşlar, Tüýdügiň owazyny sizem eşidýärmisiňiz ýa-da meniň göwnümemi?

Gözün süzüp,oýaly- ukuly ýatan Näzik :

--Kimem bolsa,Tüýdigi saýradyb-a bilýär — diýýär.

Gerijiräp turan Lälik hem boýdaşlaryndan kem galmajak bolýan ýaly :

--Beýle-de bir ýürek gopdyryjy saz bolar eken-ow — diýýär.

Beýlekilerem örmänkä,üçüsem kejebedeb çykyp,saz gelýän tarapa ýumlagaýypdyrlar.Iki depeden aşyp,oýa inenlerinde gyzlaryň gözi otlaşyp ýören goýunlara düşýär. Goýunlaryň beýle ýanynda-da çöwürme telpekli ýigidiň Tüýdük çalyp oturandygyny görýärler.çopana görünmejek bolubam gyzlaryň üçüsi bir-biriniň elinden tutup aşak oturýarlar.çopanam bu zatlardan bihabar,çalyp outran sazyny tamamlap,ýene täze saza başlaýar.Sazyň jadylaýjy owzy gyzlaryň ýüregini gursagyndan çykara getiripdir Perizat sypatly üç gyzyň ýakynlap gelýänini gören çopan çalyp outran Tüýdügini elinden gaçyryp,gözüne görünýändir öýdüp gaçmaga hyýallanýar.Edil şol wagtam güýçli gol onuň ýeňsesinden ebşirläp tutýar.çopan bada-bat çöküne düşüp, nämäniň nämedigine düşünmese-de ýalbarypdyr.

--Agam,başyňa döneýin.Meniň günäm ýok.Men bir çopan.Goýunlary suwa indirmäge gelşim,meni göýber.

--Merez etmäge gelşim.Bi jelegaýda goýun bakarça sen kimmişiň.Bakýanyň kimiň goýunlary?

--Agam,Öde hanyň sürüsi.

--Öde hanyňki bolsa ,adyňy ayt kim sen?

--Dostmuhammet

Atly çopanyň ýakasyny göýberipdir.Onýança-da Uzuk dagy olaryň ýanyna gelipdir. Uzuk çopanyň  “ Öde hanyň sürüsi “ diýenini esidip ýylgyrypdyr-da :

--Bolup biler.Bi ýerlerde başga kimiň maly bolsuň?!

Uzygyň sesini eşiden atly :

--Günämi ötüň,Bibim – diýip,aňyrlygyna depeden aşyp gidýär.Uzuk ýylgyryp durşuna :

--Öde hanyň çopanydygyny çynyň bolsa,onda onuň gyzyny taryplap,bir saz çal, Dostmuhammet – diýýär.

Öz adyny tutulanyny eşidip,çopanyň depesi göge ýetýär.Ol name diýjegini bilmän, gözlerini mölerdip durşuna :

--Siz Uzuk hanmy?!— diýýär.Uzuk “ Hawa “ diýen manyda baş atýar welin, çopanyň Tüýdügi saýrap başlaýar.Ol Uzuk hany taryplap,onuň durkuny saza geçirýär.Gyzlar çopanyň synçylygyna haýran galyp,onuň syratyna,saz çalşyna aşyk bolupdyr….

Gün guşluga galanda gyzlar kejebelerine dolanypdyr.Ỳöne gyzlaryň öňkiligi ýok. Ỳüzlerinde şatlykdan nam-neşan yok.Enekeleriniň ýürege ýarylan ýaly bolup gyzlaryň halyndan habar alypdyrlar.Olar aýry-aýrylykda ýürek syryny enekelerine aýdyp –dyr.Enekeleri gyzlaryň agzyndan çykan sözi eşidip ýakalaryna tüýkürip, bir-birine habar berýärler.

--Toba,toba.Heý-de görülip-eşiddilen zatmydyr,bir ?Bulary jyn urdumyka,gyz ?!

Üç sany hanyň gyzy bir çopana aşyk bolarmy?! Bular aklyndan azaşan bolaýmasynlar.” Atamyz bilen gürleş diýýärler “ Nä ýüzümize ataňyza habar bereli?Iň bolmanynda Beg ogly bolsa ! balalarym,agzyňyzdan haýyr açyň.Beýle gabahat işe biz-ä ýol berip bilmeris.Han-ha ataňyz,gürleşiňem,razylaşyňam.Biziň başymyza ahyrzaman indirmäň….

Uzuk enekesine ýalbaryp-ýakaryp, ahyry,atasy bilen gürleşmäge razy edýär.

-- Bi zatlaryň sebäpkäri özüm.Sähra git diýenem özüm.Gyzlar bilen düş diýenem özüm.Eger gyzymyzyň diýenini etmesek,Hudaý ýene bizi ýazgyrar.Ỳeke dikrardan jyda düşmeli bolaýmaly.Iň gowsy,Halk köpçüligi bilen maslahatlaşaly.

Hanlar ýene jar çekdirip,ähli halky Sähra ýygnapdyrlar-da gyzlarynyň isleg- arzuwlaryny ile ýetiripdir.

Geň habary eşidip halk köpçüligi “ Bijeli oglan aglamaz “ diýlenini edip,Uzuk,Näzik ,Lälik üçüsine bije atypdyrlar.

Uzugyň bagty çuwupdyr.Onuň bijesei çykýar.Adamlar,Näzik bilen Lälige hem myna-syp ýigit tapyp,üçüsiniň toýunam bir günde tutupdyrlar…..

Hanlar bolsa gyzlaryny hormatlap,Gaş derýasynyň boýunda Gyzlar Galasyny salyp beripdir.Uzukdagy ömrüniň ahyryna çenli şol galada ýaşap,döwran sürüpdyrler.

Dostmuhammet çopanam gyzlaryň şanyna “ Uzuk “ , “ Näzik “ , “ Lälik “ diýen sazlary döredipdir.soň –soňlar ol sazlar toý meýlisde çalynyp : “ Uzuklar “ diýen at bilen biziň döwrümize gelip ýetipdir.

Ỳusup berdiýew.