Dilber

Dagyň göwsini ýaryp çykan çeşmäniň durnaň gözi ýaly dury suwy üsti gür  böwürslene basyrylan şildirewük owazly gadym ýapdan aşaklygyna gün şoglasyna aşyk bolup barha ýagtylyp,öwşün alyp akýardy.

Ol bulak şol ýap bilen joşup gelşine,Köşi obasynyň çetindäki ýalpak güzere ýazylyp ýaýraýardy.Göwni giňän adama meňzäp, asudalyk tapýardy.

 Şol güzeriň başynda şaxalaryny çar tarapa  oturan ýalňyz bir söwüt agaji bar eken.Bu goja daragtyň ýaşyny bilýän-goýýan ýok eken.Obanyň segsen-togsan ýaşan garrylaryndan sorasaňam, olar „ meniň oglanjyk wagtymam şu söwdiň şu durşydy „ __ diýip , jogap berer eken.

Hawa,garry söwüt başyny dik asmana çekip,alys ýerlerdenem hellewläp görünýärdi.

Onuň çar tarapa egilen uzyndan-uzyn şaxalarynyň tylla ýaprakly pudaklary, has-da güýzüne gören gözi dokundyrýardy.Salkyndy.

Bu gözeriň başy uzyn günläp,suw almaga gelen gyz-gelinlerden doly bolýardy.şonuň üçin bolsa gerek,bu mekana, bu jelegaýa gyzgözer __ diýerdiler.

Äpet söwdüň aşagyndaky şagalaňly gyzgözere erkek adamlar gelmezek bolardy.

Atly atyny,düýeli düýesini,suwa ýakardy.Gelin-gyzlara gabak galdyrmazdylar.Uly gyzlar , gaýtarmalar,ýaş gelinler … olar munda gülüşerdi, degişerdi,derdineşerdi, iç döküşerdi.Gün gyzyberse, kä biri köýnegi-zady bilen suwa göýbärdi.Öw hä atardy.

Öz-özleri hezil ederdi.Megerem olaryň iň erkinje pursatlary , şu – gyzgüzeriň başyna gelen çaglary bolsun gerek.Gyz-gelinleriň bir bölegi ,sallana-sallana,egni suw kädili öýne gaýtsa,ýene bir bölegi egnine küýze gelşirip suw almaga gelerdi.Garry söwdüň saýasyndaky gyzgözer uzynly gün gyzyl-çog bolar durardy….

…Şu tomsuň şu gijesiniň howasy diýseň sergindi.Daş işiklerindäki sekiniň üstünde ýeke özi ýatan ýigidiň gözüne uky gelenokdy.

Gijäniňem indi ep-eslisi geçiberpdi.Ỳigit bir eýlesine agdarylýardy,birem beýlesine käte çyň arkan düşüp, asmandaky petreşip duran ýyldyzlara dykanlardy.oňa ynjylyk bermeýän, ukusyny tutdyrmaýan dert-ahwalat Annagül atly gyzyň yşkydy.

Ỳigit eňegini ýassyga berip küýe batdy; „il –gün meni diňleýär,toý-tomaşa bolsa, Hally ikimizi, tüweleme, ýatlaşyp dur...menem goşgy okan bolýan, Hallymam aýdym Aýdyp berýär.Garyp-gasarlar häli-şindi maslahata-da geläýýär. *Magtymgulyny okap ber * diýip günde –günaşa ýaşulylaram çagyrýar.Garaz, abraý alna ýagşy-da, oňardagymyzdan saklajak bolýas.Ỳöne ... At aljak bilen gelinaljaga hudaý ýetiýrmiş diýlendir.özüňem eşejigiňi berk guşamaly diýlendir...

Ỳigit şeýdip, ham-hyýala gark bolup ýatyşyna arzylysy ANNAGÜLI öwran-öwran göz öňüne getirdi.Köňli joşup galama ýapyşdy.Ol ýüzugra-da * DILBER * diýip bir goşgy ýazdy.Şu goşgyny hökman ANNAGÜLÜŇ özüne okap bererin…  

Tomus gijesi sabyrsyz bolýar.Daň saz berenden,xoroslar „Gökgöz aga „ diýşip obany ýaňlandyrdy.

Ỳigit howlukmaç ýerinden turdy-da, gyzgözere tarap haýdady.

Gyzgözeriň başy boşdy.“ Ynha,haý diýmän gün asmana galar weli, gelin-gyzlaryň başyn çekip, ANNAGÜLÜM geler.Ynha, annagülüň küýzesini susýan ýeri, aýajygyny basýan ýeri.

Dag tarapdan öwüsýän pessaýja sergin şemal äpet söwüdiň çür başyndaky ýapraklaryň şybyrdasy.Annagülüň pyşyrdasyna ogşap,başyňy sämedýär.Iniňi sandyradýar.

Ỳigit öten agşamky ** DILBERINI ** dilinde doga edip gaýtalaýar.

Anha parlap jahan ýagtyldy.Ỳigit körpeje bagyň berenine duwlandy.Suwa ilki gelen Annagül boldy.Allanyň emridir ,ýeke özi !!

Ol küýzeleriniň birini dolduryp,ikinjisini suwa batyrdy.Ỳigit hem ýerinden zyňkyldap galdy :

__ ANNAGÜL !

__ Hyý, wiý, Annagylyç.....

ýigit bilen gyzyň arasynda bolan bar gürrüň şu!! Olar bir-biriniň meňzinden döýman dilden galyp duruberdiler.

Annagylyja gurbat indi,şeýle diýip seslendi :

Serim saňa sadaga ,  sallangyn bäri dilber
Göwsüň külli-bulgurynyň ,    gümänim nary dilber
Didaryňa muştak men,   derdime däri dilber
Täze ýylyň nowruzy,  pasly-bahary,dilber
Täze açylan nowgül sen,  men hyrydary dilber
Danyşsak hylwat ýerde, dilleriň ne ajaýyp
Zenehdanga dökülgen,  telleriň ne ajaýyp
Guçsam inçe biliňden,  billeriň ne ajaýyp
Ary kemin aýrylman,  allaryň ne ajaýyp
Seniň mazany bermez   bagyň eňňury dilber    

 Gyzyň gözünden al ýaňagyna bir katra damdy.

Goşgynyň yzyny okamaga maý bolmady.Gyzgözere ýetip gelýän iki geliniň jak-jak gülküsi päsgel berdi.Annagylyç ýumlykdy elbetde.....

Annagül bolsa bir küýzesini suwdan dolduryp,beýlekisini hem ýarty edip öýlerine ugrady.Gyzyň gözünden ýol boýy ýaş paýrap durdy,paýrap durdy....

Sebäp Annagülüň kakasy gyzy üçin Weýsek baýlardan eýýäm galyň alypdy ahyry.

Soň Annagylyç mätäjiniň ** DILBER ** goşgysyny hally bagşy aýdym edip aýdyodyr.

Hally bagşyň şägirdi Sahy jepbarof bolsa, ol aýdymy ( DILBER )biziň günlermize ýetiripdir.

DILBER aýdymyny şu günlerem bagşylar ürç edip aýdýarlar.