TÜRKMEN ÝAZYJYSY

Ak Welsapar.

A.Welsapar 1956-nji ýylda Türkmenistanda dogulýar we şol ýerde orta mekdebi tamamlaýar. Soñra ol 1979 ýylda M.V. Lomonosov adyndaky Moskva Döwlet Universitetiniň Jurnalistika fakultetini bitirýär we birnäçe ýyllap Türkmen televideniýesiniñ Ýaşlar we Edebi-Drama gepleşikleri redaksiýalarynyñ redaktory, ”Magaryf” neşirýatynda uly redaktor we Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyñ rus dilinde çap edilýän ”Aşhabad” jurnalynda Proza we Publisistika bölüminiñ müdiri bolup işleýär. Birnäçe ýyl soñra, ýagny 1989-nji ýylda ol Moskvanyñ M.Gorki adyndaky Edebiýat institutynyñ Ýokary Edebiyat kurslaryny bitirýär.

A.Welsapar 1982 ýylda SSSR Jurnalistler guramasyna, 1987 ýylda SSSR Ýazyjylar guramasyna kabul edilýär.

Ýazyjynyñ ”GAWUNKELLE” eseri 1984 ýylda Türkmenistan döwletiniñ döredilmeginiñ 60 ýyllygy bilen baglanyşykly geçirilen Respublikan Edebi Konkursda baýrakly orna mynasyp bolýar. Şeýle-de ýazyjy Erkin döredijiligi üçin diýen Halkara Amerikan baýragyna we birnäçe gezek Isweç edebi stipendia-baýraklaryna mynasyp bolýar.

Ýazyjynyñ belli eserleri: ”GAWUNKELLE”, ”AHAL AÝAK ÝETERDE”, ”TILKILER TIRESINIÑ ARY”, ”EGRI GYLYÇ”, ”MÜLLI  TAHYRYÑ HUDAÝLYGY”. ”BÖWSÜLEN TÜMLÜK”, ”KEPJEBAŞ” romanlary, ”HALKYÑ HAKY” hekaýalar ýygyndysy we ”AK ÖÝ” goşgular kitabydyr.

Bu sahypada siz A.Welsaparyñ: ” BÖWSÜLEN TÜMLÜK”, ” EGRI GYLYÇ”, ” MÜLLI TAHYRYÑ HUDAÝLYGY ” romanlary, ”HALKYÑ HAKY ” atly hekaýalar ýygyndysy we ” AK ÖÝ” goşgular kitaby bilen tanşyp bilersiñiz.