|
DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜK Aga 1. Özüňden uly erkek dogan ýa-da ata tarapyndan bolan erkek garyndaş.2. Ýaşuly adamlara ýüzlenende ýada hormat goýlup aýdylýan söz. 3. Hökümdar, häkim. Agzybirlik Dostluk, yla-laşyklylyk, oňşuklylyk, bir maksatlylyk. Alaň Depe, beýigräk ýer, beýiklik. Arryk 1. Hor. etsiz, gansyz, sünkleri çykyşyp duran. 2. Gurpdan düşen, güýji gaçan, gowy hasyl bermeýän (ýer hak-da). Artist Sungat eserlerini sahnada, köpçülik öňünde ýerine ýtirmek bilen meşgul bolýan adam. Arça Hemişe gök öwsüp durýan agaçlaryň bir görnüşi. Atagyz Bir zady gysmak we çekip çykarmak üçin ulanylýan gural, gysgyç. Awçy 1. Aw awlamak bilen meşgul bolýan adam. 2. Birine ýa-da bir zada eýe bolmak üçin ymtylýan adam, şol zada hyrydar kişi. Ba:g 1. Uly agaçlar, ösümlik. 2. Dürli agaçlar: güller, ekilip gögerdilen ýer, uçastok. 3. Gezmek, dynç almak üçin alleýaly agaçlyk, güllük. Ba:g 2. Örülip ýa-da işilip edilýän hem-de baglamak, daňmak üçin ulanylýan ýup, daňy. Bant Halka salnyp gyzja-gazlaryň saçlaryna daňylýan lenta Basgançak Aýak basyp ýokary çykmak we aşak düşmek maksady bilen daşdan ýa-da agaçdan keseligine, dikligine goýlup ýasalan gurluş, merdiwan. Baş - 1. Adamyň ýa-da haýwanyň, janly-jandaryň kellesi. 2. Kabir medeni ösümlikleriri däneli hanasy. 3. Bir zadyň ýokary ujy, süýr depesi. 4. Bir zadyň töweregi, ýagny gapdaly. 5. Bir zadyň başlanýan ýeri, ilki ýüze çykan döwri, başlangyç. 6. Bir zadyň esasy, düýbi. 7. Wezipesi, käri boýunça beýlekilerden uly, ýolbaşçylyk ediji. Bedenterbiýe Adam bedeniniň berkişmegi we ösmegi üçin belli bir tertip bilen ýerine ýetirilýän gimnastiki çäreler. Bedre Köplenç suwuk zady guýmak üçin metaldan ýasalan gap. Bi:z 1. Ak reňkli irimçik nah mata. Bi:z 2. Köwüş, ädik tiki-lende deşik geçmek üçin ula-nylýan saplyja ýiti uçly esbap, gural. Boz Çalymtyl (reňk). Bozmak 1. Bir zady ýykmak, dargatmak. 2. Bir zady sandan çykarmak, döwmek, zaýalamak. 3. Öçürip aýyrmak. 4. Birini azdyrmak, ýaman ýola salmak, ýoldan çykarmak. Bökelek Siňekleriň toparyndan bolup, haýwanlary dişleýan gögeýine meňzeş möjejik. Bulak Çeşme suwy, akýan ýapjagaz. Burun 1. 1. Adamyň ýüzünde, haýwanyň tumşugynda ýerleşen dem alyş we ys duýuş organy. 2. Aýakgabyň ýa-da başga zadyň öň tarapy, ujy. 3. Üç tarapy suw, bir tarapy gury ýer bolup, suwuň içine girip duran süýnmek ýer, şonuň ýaly süýnüp giden güm depesi. Burun 2. Ozal, öň, ilki, öňürti. Bürgüt Uly hem güýçli ýyrtyjy guş. Çekiç Bir zadyň üstünden urmak üçin hyzmat edýän agaç ýa-da demir saply hem dürli görnüşde ýasalan ussa guraly. Çemçe Suwuk ýa-da beýleki pytrap duran iýmiti iýmek üçin agaçdan, demirden ýasalan saply gural. Daýy Öz ejeňiň erkek doganlaryna ýa-da şol tarapa degişli erkek adamlara garyndaşlyk taýdan berilýän at. Deňiz Ajymtyk duzly, uly suw giňişligi. Derýa - Bir ýerden başlap, tä gutarýan ýerine çenli hemişe akyp ýatan uly möçberli suw. Diktant Mekdeplerde okuwçylar bilen geçirilýän» ýazuw işiniň bir görnüşi. Direktor Edaranyň, kärhananyň ýa-da okuw jaýynyň esasy ýolbaşçysy. Dutar Berk agaçdan köwlüp ýasalan, bir tarapy tokga görnüşli, uzyn saply hem perdeli, iki kirşli turkmen saz guraly. Du:z 1. Gazalyp alynýan, ýiti tagamly gaty ak jisim 2. Çörek, tagam we ş.m. iýmit önümleriniň jemi Düz 2. 1. Dogry, hak rast 2, Tertipli, edepli 3, Dogry, göni. Düzmek 1. Kuşt, şaşka, düzzüm oýnalanda Olaryň malaryny, çöplerini ýerleşdirmek oýna taýýarlap goýmak. 2.Zatlary ýüpe, çişe we ş.m. yzygiderli öturip çykmak 3. Tamdyrany we beýleki kirişli saz gu-rallaryny sazlamak, olary çalmak üçin belli bir dereiede dürsläp goýmak Ädik Uzyn gonçly aýakgap. Fabrik Çig mallary maşyn bilen işläp bejerýän senagat kärhanasy. Fotomontaž Belli bir oýpikir döretmek üçin bir tema degişli ýygnalyp, bir uly kagyzyň ýüzüne ýelmenýän suratlar. Gazet Durmuşyň, dünýäniň wakalaryny beýän edýän, her günde diýen ýaly yzygiderli çykarylýan döwürleýin neşir. Ganat 1. Guşlaryň we käbir mör-möjekleriň iki gapdalyndaky uçmak üçin hyzmat edýän organy. 2. Samolýotyň galyş güýjüni döredýän, iki ýana uzalyp gidýän bölegi. 3. Jaýyň bir tarapyna uzalyp giden bölegi, galanyň, haýatyň bir tarapky diwary. Gandym Orta Aziýanyň gumluk ýerlerinde bitýän inçe, uzyn kökli, bogun-bogun tikenli ösümlik, agaç. Goja 1. Ýaşuly, garry. 2. Üstünden birnäçe ýyl geçen köne, garry dag. Gol 1. Bedeniň egninden tä eliň barmaklaryna çenli bolan bölegi. 2. Dokumentiň we ş.m. ýüzüne bir zady tassyklamak üçin hut öz eliň bilen ýazýan famíliýaň. 3. Käbir ösümlikleriň, agaçlaryň baldagy, şahasy. Go:l Güm ýerinde, ba-ýyrlyklarda iki gerşiň aralygyndaky giň oý ýer, giden peslik. Gowaça Pagta hasylyny berýän ösümlik. Gö:n Aýakgap we ş. m. tikmek üçin işlenen deri, ham. Göz 1. Göreç we görejin özi, garak. 2. Agajyň gapdalyndan ösüp çykýan çybyk düybi. 3. Iňňede we temende sapak ötürer ýaly deşik ýer. 4. Tüpeňiň ok salynýan ýeri bilen birlikde nili„ 5. Suwuň başlangyç çykýan ýeri, çeşmäniň gözbaşy. 6. Penjiräniň, aýnanyň aýna salynýan bölegi. 7. Horjunyň zat salynýan ýeri. Guzy 1. Goýnuň alty aýa çenli döwürdäki çagasy, balasy. 2. «Balam, oglum, janym» diýen manyda ulanylýan söz. Gürşün Agymtyl, çal reňkli agyr metal. Gün 1. Töwereginden Ýer, Ay we beýleki planetalar aýlanýan, Ýeriň ýüzüne, jahana ýagtylyk berýän asman jisimi, planeta. 2. Bir gije-gündiziň dowamyndaky wagt aralygy. 3. Eklenç, durmuş, güzeran, Güýz Ýylyň tomus bilen gyş aralygyndaky üçünji pasly, şol paslyn ady. Gyş Ýylyň güýz bilen ýaz aralygyndaky dördünji pasly. Şol paslyň ady. Halk Bir ýurtda, bir döwletde ýaşaýan ilat, adamlar. Hatap howudyň öň tarapynyň üstünde goýlup berki-ilýän, toýnuk şekilli dört bölek agaç. Haýwan Öýde ýa-da gyrda-meýdanda ýaşaýan jandar, malgara, janawar. Hekem 1. Oý, jaý, mesgen. 2. Elguş oturar ýaly ýörite edilen sokudaş görnüşli beýiklik. Howuz içinde suw saklamak üçin ýörite gazylyp bejerilen uly we çuň çukur. Ige Metal gurallary ýiteltmek, ýonmak, olary dişemek, kesmek üçin ulanylýan ýüzi ownuk hem iri dişli polat esbap. Institut ýokary okuw jaýlarynyň we ylmy edaralarynyň ady. Işşek iki ýaşyň içindäki goýun. Jar Sil suwunyň belli bir çuňluk bilen akýan ugry. Jeňňel Gür agaçlyk, baglyk ýer, gür tokaý. Kada Düzgün, kanun. Kak 1. Dilnip guradylýan gawun. Kak 2, Çöl ýerde, gumda ýagyş suwuny ýygnamak üçin gazylýan oýtak. Kakmak 1. Gazygy, çüýi we ş.m. zatlary bir zat bilen urup, ýere, agaja we ş,.m. çümdürmek. 2. Urup, tozanyny aýyrmak. 3. Silkip gaçyrmak, yralap, ýere düşürmek. Kanal Emeli ýol bilen gazylan uly aryk, jar. Konstitusiýa Dowletiň esasy kanuny, döwlet gurluşynyň kanuny. Korabl Deňiz gämisi. Kosmonawt Kosmos giňişligine ýörite korabl bilen uçup gelen adam, kosmos giňişliginde bolanlar, kosmonawtika boýunça ussat kişi. Kosmos Dünýä, älem, jahan. Kömür Gazylyp alynýan gaty halyndaky ýangyç, magdan. Körek Gowaçanyň açylmadyk gozasy. Köşek 1. Düýäniň bir ýaşa ýetmedik balasy, çagasy. 2. Söýlüp, oňat görlüp, «balam, çagam, oglum» manysynda çaga aýdylýan söz. Lager Meýdanda ýa-da tokaýlyk, daglyk ýerlerde wagtlaýyn ýaşamak üçin duralga, düşelge. Leglek Uzyn aýakly, durna meňzeş guş. Lyba:s Egin-eşik, geýim. Maket 1. Bir zadyň taýýar edilen nusgasy. 2. Kitabyň, žurnalyň, gazetiň we ş.m. desläpky nusgasy. Maksat Bir işi, niýeti amala aşyrmaklyga bolan hyjuw, isleg, arzuw. Maldar Maldarçylyk bilen meşgullanýan adam. Maldarçylyk Oba hoja-lygynyň mal ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolýan pudagy. Medeniýet Adamzadyň önümçilik, düşünjeli zähmet bilen gazanan üstünlikleriniň jemi. Mesi Ýüka gaýyşdan tikilen, ökjesiz, ýumşak ädik. Nagyş Matanyň, halynyň, palasyň, kecäniň, tahýanyň we ş.m. zatlaryň ýüzüne salynýan bezeg, belli bir tertip bilen çekilýän çyzym, çitim, Na:l Atyň toýnagyna, aýakgabyň ökjesine kakylýan demir. Namys Umumy hormata laýyk bolan ahlaklylyk, ýokary mertebä eýe bolan wyždan, içki guwanç. Neşihat Bir mesele, iş barada berilýan öwüt, maslahat. Oktýabr Kalendar ýylynyň onunjy aýynyň ady. Omça Sazagyň, ojaryň gurap galan ýogyn bölegi, ýeri, düýbi. Otag 1. Ýaşalýan jaýdaky bir tam. 2. Medeni ösümlikleriň düýbüni ýumşadyp, olary haşal, zyýanly otlardan arassalaýyş, şol otlary ýygyp ýok etmek. Owlak Geçiniň, keýigiň alty aýlyga çenli bolan çagasy. Oýun 1. Oýnalýan zatlaryň görnüşi, ýoly. 2. Sahnada oýnalýan tomaşa, spektakl. 3. Degişme, bälçireşme. Önüm öndürilýän, ýasalyp çykarylýan, işlenilýän zatlaryň jemi, önümçilikde öndürilýän zatlaryň bir görnüşi. Öweç iki ýaşyny dolduryp, üç ýaşyna giden goýun. Parahatlyk Uruşsyz galmagalsyz, sögünçsiz, dawasyz, agzybirlik, dostluk, azatlyk, dynçlyk. Paraşýut Samolýotdan bökmek ýa-da ýüki aşak goýbermek üçin ulanylýan esbap. Ol matadan edilip, howada açylanda, içi ýelden dolup, saýawan görnüşine öwrülýär. Parohod Bug bilen suwda ýüzýän dwigatelli gämi. Peltek Gepleýiş diliniň käbir sesini dogry aýdyp bilmeýän adam. Penjire 1. Ýagtylyk we howa üçin jaýyň diwarynda edilýän deşik, aýna. 2. Pelteli çyranyň bokurdagyndaky çüyşesini saklaýan deşik-deşik tegelek demir. Peýnir Goýun, geçi süýdünden ýörite uýadylyp, sykyp taýýarlanýan önüm. Planeta Günüň daşyndan aýlanyp, ondan ýagtylyk we ýylylyk alýan asman jisimi. Radio 1. Ýörite stansiýalar arkaly sesleri we bellikleri uzak ýerlere simsiz bermek hem-de
Samolýot Uçar, aeroplan. Samoswal Ýüki özi düşürýän maşyn. Sanaç Deriden eýlenip edilen halta, gap. Selin Gumda bitýän pür ýaprak ösümlik Senagat Halk hojalygynyň çig mallary işläp bejerýän bir pudagy, karhana. Serhet Territoriýalar arasyndaky bölünişik liniýasy, araçäk, çäk, Sübse Ýer, öý, jaý we ş.m. süpürmek üçin sübselikden edilýän enjam. Tablisa Çyzyklar arkaly ýerleşdirilýän maglumat. Tahýa Keşde salnyp tikilen, kellä geýilýän börük Teklip Maslahata goýulýan mesele boýunça girizilýän pikir, edilýän talap. Telewizor Telewizion gepleşikleri alyp eşitdirýän ekranly apparat. Tokaý Her hili gyrymsy ýada uly agaçlar gögerip oturan giň meydan, agaçly, bagly, çöp-çalamly giden ýer« Toýnak Käbir süýdemdiriji haýwanlaryň aýaklarynyň gutaran ýerinde emele gelen buýnuz gabyk. Tohum 1. Ekmek we köpeltmek üçin niýetlenen saýlama däne. 2. Oňat sortly, saýlama haýwan. Trolleýbus Elektrik togy arkaly hereket edýán awtobus görnüşli maşyn. Türgenleşmek Hünäri ele almak üçin iş bilen edilýän uly taýýarlyk, ökdelemek, iň esasy işden öň şoňa taýýarlyk, şonuň bilen yzygiderli meşgullanmak. Ussa Belli bir zat bilen meşgullanýan, şol zada hünärli adam, bir zada hünäri bolan spesialist. Ussahana Zat ýasalýan we bejerilýän jaý Uýan Gaýyşdan bejerilip tikilen, atyň kellesine geydirilýän esbap. Ülje Togalajyk gyrmyzy reňkli miwe getirýän agaç we onuň miwesi. Ülke 1. Ýürt birligi. 2. Ata, Watan, mekan. Waharman Daşy torly, saralyp bişýän süýji gawunyň bir görnüşi. Watan Dogup-dörän ýeriň, önüp-ösen ýurduň. Watandaş Biri bilen Watany, dogup, önüp-ösen ýeri bir bolan adam, ýurtdaş. Wesýet Maslahat, nesihat, tabşyryk. Wäşi Degişgen, bälçik, oýunçy. Wokzal Köplenç gatnaw ýollaryndaky ýolagçylar üçin uly stansiýalaryň jaýy. Wyždan Haýa-şerim, adamkärçilik, ynsap. Ysmanak Baýyrlykda, meydanda gögerýän maýda ýaprakly, gaýnadylyp iýilyän ýabany ot. ÝegenAýal doganyndan ýa-da onuň ogul-gyzlaryndan bolan çaga garyndaşlyk taýdan berilýän at. Ýelken 1. Ýel düşüp çişende, gämini herekete getir mek üçin hyzmat edýän uly galyň mata. Ýelken 2. Diňe dabanyňy örtýän we aýagyna daňar ýaly birnäçe ýerinden ýüp (gaýyş) geçirilen, teletinden, rezinden edilýän hem aýakýalaňaç geýilýän tomus aýakgaby, çepek. Ýer 1. Öz okunyň we ünüň daşyndan aýlanýan planeta. 2. Orun, jaý. Ýolagçy Bir ýere ugran, ýola düşen, bir iş bilen uzak ýere gidip barýan adam. Ýowar Kömek bermek üçin köpçülik bolup ýerine ýetirilýän meýletin iş (köplenç, bir günlük ýa-da ondan-da az). Ýüpek Ýörite saklanýan gurçugyň pilesinden emele gelýän önüm. Ýygnak . Bir meseläni çözmek üçin degişli adamlaryň maslahaty, ýygnanyşygy. |