|
FRAZEOLOGIK SÖZLÜK A Aç eşege ýük gabarasy uly, agyr. Agaç ýuwudan ýaly dim-dik bolup somalyp duran adam. Aga-gara düşünmek ýagşydan-ýamandan seljermek, ýagşy-ýamany saýgarmak, aň-düşünjäň artmak. Agzy bişmek bir işe baş goşup aldanmak, şowsuzlyga uçrap çürkenmek, kösenmek. Agzy tagam tapmak bir zatdan lezzet almak, peýda görmek, nep tapmak. Agzyňy ýerden tapan ýaly hetdenaşa köp gepleýän, bolgusyz zatlar barada lakgyldap ýörýän. Ajy habar ölüm-ýitim, howp we ş.m. bilen baglanyşykly habar; şum habar. Aňkaň aşmak garrap ýa-da agyr ýagdaýa düşüp huşuň gitmek, näme edip näme goýanyny bilmezlir, aljyramak. Ara düşmek 1. Ylalaşdyrmak maksady bilen aralamak, ýaraşdyrmak, oňuşdyrmak. 2. Gürrüňi bölmek, bir gürrüňiň işiň arasyna goşulmak. B Bagryň köýmek (tütemek, bişmek) gaty gynanmak, ýanyp bişmek, hasrat çekmek. Bagryňy dilmek (gyýmak) örän gynandyrmak, ýiti täsir etmek, agyr degmek. Bagt tapmak işde, durmuşda üstünlik gazanmak, eşrete etmek. Bagtyň açylmak eşretli durmuşa ýetmek, işiň ugruna bolmak, işiň rowaçlanmak. Bal tutan barmagyny ýalar bir işin başynda bolsa, peýdasy ýeter, nepi deger.
Bäri bakmak saglygy gowulaşmak, sagalyp başlamak, sagalmak. Bir çukura tüýkürmek bir mesele barada sözleşip, belli bir karara gelmek, agyz birikdirmek, şertleşmek. Ç Çaga ýaly oýlanman gürleýän, sähel zady göwnüne alýan, tejribesiz, ynanjaň (adam hakda).
Çala eçiden çatma ýykar, öte eşiden öý bir zady doly eşitmän ýa-da düşünmän, anyklaman, başga birine nädogry habar bermek, eşiden gürrüňini bulaşdyryp aýtmak.
Çalam-çaş bolmak 1. Bulam-bujar, dagynyk, tertipsiz halda bolmak. 2. Aljyraňňy, heläkçilikli halda bolmak, ozüňi ýitirmek. D Damagy dolmak agysy tutmak, hamsykmak.
Daş ýürek zalym, rehimsiz, ynsapsyz, naýynsap. Daşy jäjek, içi möjek içigara, görip, misginsokar. Dili gysga gürlärligi ýok, utançly, müýnli, etmişli. Dürtme gursak aýtmasaň, özüňden bilmeýän, düňle, mön. Dücşümli bolsun! täze gelin edinilende, ýurt gutlananda we ş.m. «bagt getirsin» diýen manyda ulanylýan alkyş. E Egniňi gysmak 1. Belli bir netijä gelip bilmeýänligiňi yşarat etmek, alasarmyklygy hereket bilen düşündirmek, ümsüm otur-mak. 2. Nalajedeýin bolmak, özüňe basalyk bermek, biriniň kejine gaýtmazlyk, çydam edip gelmek.
Egri oturyp, dogry sözleşmek (gepleşmek) ýüz görmezlik, hakykaty aýtmaklyk, bolşuny bolşy ýaly aýtmak.
Ekilmedik ýerde gögermek Barmasyz ýere barmak, oturjak-turjak ýeriňi seljermezlik.
El-aýak ýaly ýumuş edegen, ýetişikli.
Elden-aýakdan düşmek özüňi ýitirmek; dady-perýat etmek, nala çekmek, urunmak, elewremek, çarpynmak.
Elinden dür dökülýär ýapyşan işini başarýan, çeper hünärli, başarnykly.
Eşegiň guýrugy ýere ýetende hiç wagt, hiç mahal; durmuşa geçmesi kyň. G Gadyryny bilmek ýagşylyga, hormata mynasyp hormat goýmak.
Ganyň gyzmak gaharyň gelmek, gaharlanmak, gazaplanmak.
Geçiň öň aýagy ýaly görünmesiz ýerde görünýän, hemme zatda öňe düşüp ýören.
Gepi (gepi-sözi) alyşmak ümmüldeşip gitmek, agzybir bolmak, dertdeş, pikirdeş, syrdaş bolmak.
Gepiňi gögertmek öz diýeniňi etdirmek, öz aýdanlaryň edilmegini gazanmak, öz pikiriňi geçirmek.
Giň bolmak göwrümiňi giň tutmak, dargursak bolmazlyk, geçirimlilik etmek.
Göz acyp-ýumasy salymdy Çalt, dessine, basym.
Göz bilen gaşyň arasynda,.. göz-görtele, duýdansyz, oslagsyz.
Göz-gulak bolmak 1. Habardar, seresap bolmak. 2. Seredip durmak, göz gezdirip, seretmek. 3. Gözden salmazlyk, garaşyk etmek.
Göze-başa düşmek ikibaka alakjamak, zowzuldap ýürege düşmek, irizmek. H
Habar gatmak gürrüň açmak, söz aýtmak.
Hasaňy aldyrmak aldawa düşmek, pyrryldaga düşmek( aldanmak.)
Hötde (hötdesinden) gelmek başarmak, oňarmak.
Haý-küş etmek (diýmek) ýuwaş, akylly bol diýmek, galawut bermek, örüzmek. l Içi-içine sygmazlyk gaharlanmak, gahar-gazaba münmek.
Iki at depişer arasynda eşek öler güýçlüler çaknyşsa, ejiz heläk bolar.
Iki garpyz bir elde tutdurmaz birbada iki zada ýetişip bolmaz, şol bir wagtda dürli-dürli işi edip bolmaz. iýeni aýry gitmezlik ýakyn dostluk gatnaşygynda bolmak ýuürekdeşlik bilen gatnaşmak, syr alyp, syr berişmek. J Jana dözmek güyç gaýgyrmazlyk, elinde baryny etmek, janyňy emgemek, owarram etmek. Jandan umyt üzmek ýaşaýşa bolan ynamyň gaçmak, dirilikden tama ýolunmak, ölmek. Jähennem etmek 1. ýok etmek, owarra, ýitirim etmek. 2. Başdan sowmak, haýyr-şerinden geçmek, owarram etmek. K Kebelek bolmak birine yhlas bilen hyzmat etmek, daşynda aýlanmak; kökenek bolmak. Kelebiň ujuny ýitirmek aljyrarňňylyk aralaşmak, näme etjegiňi bilmän galmak, ugruňy ýitirmek, çykalga tapyp bilmezlik. Kelle göçmek 1. Bir zada gyzyp göterilmek, kelle gyzmak. 2. Galmagal; gykylyk, şowhun zerarly kelläň ýadamak, halys irmek. Kiçi dilden bärde aýtmak oýun edip diýmek, bir zady ýürekden, çynyň bilen aýtmazlyk. Köýnegine (donuna) sygmazlyk 1. Gaty begenmeklik, şatlanmaklyk, 2. Gaty semremek. M Maňlaýy ak bolsun bagtly, bagty açyk bolsun, durmuşy oňat bolsun. Maňlaýyňy diremek haýyş bilen ýüzlenmek, haraý, dalda gözlemek, huzuryna barmak. Murtuny palta kesmez maddy taýdan üpjün, dokuzy düzüw; gujuryna baýrynýan, gaýratly, batyr. N Namysyna degmek 1. Abraýdan düşmegine sebäp bolmak, mertebesini pese gaçyrmak, biabraý etmek. 2. El degirmek, zorlamak. Nazar salmak (etmek) 1. Birine ýa-da bir zada yhlasly garamak, syn etmek. 2. Göz-gulak bolmak, garaşyk etmek, kömek bermek, aladalanmak, Nebsiň agyrmak ýüregiň awamak, rehimiň inmek, haýpyň gelmek, gynanmak. O Oda düşmek (girmek) agyr güne düşmek, azap çekmek, horluk görmek, kösenmek. Oda ýanmak (köýmek) hasrat çekmek, ejir görmek, gynanmak, Ody özüňe bas, ötmese kesekä özüňe agyr düşýän zady başga adamyň başyna atma, özüňe ýaramaýan zady başga birine etme. Orta çykmak zähmetde, güyç synanyşmakda özüňi görkezmek üçin iliň öňüňe çykmak. Ö Ör-gökden gelmek oslamadyk, çak etmedik zadyň üçin geň galmak, haýran galmak. Öte geçmek (gitmek, düşmek) hetden aşmak, çenden çykmak, gereginden artyk bolmak.
Özüňden gitmek bihuş bolup ýatmak, essiň aýylmak, çaşmak. Özüňi pes tutmak kiçigöwünli bolmak, ulumsylyk etmezlik. Özüni ýitirmek gyssanyp, howlugyp aljyramak näme etjegiňi bilmän durmak, başyň çaşmak. P Paltaň daşa degmek şowuna düşmezlik, başa barmazlyk, ugruna bolmazlyk, eden tagallaň puç bolmak. Pes göwünli ulumsylyk etmeýän, sada, kiçi göwünli. Pikiri bölmek ünsi başga ýana sowmak, edýän pikiriň arasyna başga zat düşmak. R Rejesi geň däl päli gowy däl, oňatlyk däl, niýeti erbet. Reňki öçmek ýüzünde gan-pet bolmazlyk. S Sana geçmek (goşulmak) adam saýylmak, derege ýaramak, hasaba girmek. Sapalak atmak bir zady bahana edip, aldawa saljak bolmak, sypjyklyk etmek, sapajaklamak. Sesine suw sepilen ýaly bolmak ümsümlik bolmak, ses ýatmak, gykylygy-gowgasy peselmek, gopguny ýatmak. Sözüň agzyňda sözüňizi böleýin, az wagtlyk sabyr edip, gürrüňi bölenimi bagyşlaň. Sözüni ýere gaçyrmazlyk biriniň aýdýan gürrüňine doly üns bermek. Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer gatyny gören seresap, ätiýäçly bolar, ahmal bolmaz. Ş Şahyna kakmak temmi bermek, öz ugruna göýbermezlik, çäre görmek. Şek ýetirmek dil etirmek, günälemek, aýyplamak. Şükür etmek - razy, kaýyl bolmak, kanagatlanmak. T Taba gelmek 1. Ýer suwarylandan soň, sürüme taýyn bolmak. 2. Birneme özüňi tutmak, ysgyna gelmek, kadaly ýagdaýa gelmek. Tamda gulak bar agzyňa bek bol, aätiýäçly bol, seresap gürle. Tanapyndan çekmek birneme haý-küş etmek, çendenaşa erk bermezlik, öz ugruna göýbermezlik. Täze küýzäň suwy sowuk täze zadyň mazasy gowy, hemme zat ilkibaşda könä garanda oňat bolýar. U Ugur tapmazlyk çykalga tapmazlyk, derek bilmezlik. Uly ile göz etmek bir işi hemmelere bildirmek, bir işi açaçan etmek, bassyr-bussursyz etmek. Ü Üm bilmez 1. Nadan, samsyk. 2. Kemala gelmedik, ýaş, gök.
Üstünden barmak 1. Bilmek, tanamak. 2. Gönüläp aýtmak, gönülemek. Üstünden gülmek şahsyýeti kemsitmek, göwnüýetmezçilik etmek, masgaralamak, äsgermezlik etmek, ýaňsylamak. W Wadaňy ýuwutmak (ýere salmak) beren sözüňde tapylmazlyk, ähtiňden dänmek. Watan tutmak mesgen tutmak, mydamalyk oturymly bolmak, ýurt tutmak. Y Ynsabyň çatmak dözmek, gözüň gyýmak. Yz çalmak giden ugruny anyklamak, agtarmak, yzarlamak. Yzyna it salmak masgara edip kowup göýbermek.
Yzyňy tapmazlyk (ýitirmek) ýalňyşlyga, aljyraňňylyga sezewar bolmaklyk. Ý Ýüregiň agzyňdan çykyp barmak 1. Ýüregi aram tapmazlyk, karar etmezlik; alňasamak, howlamak. 2. Demiň-demiňe ýetmezlik, daljykmak. Ýüz bermezlik gadyrsyz garşylamak, sowuk-sala garnaşyk etmek, özüne öwrenişdirmeklik. Ýüzden geçmezlik sözünden dänip bilmezlik, sylamaklyk. Yüze gara çekmek masgara, wejera bolmak, nalajedeýinligiňi boýun almak. «Ýüzüň üstünde burnuň bar» diýmezlik edenine däl diýmezlik, towugyna tok diýmezlik. Z Zym-zyýat bolmak ýom-ýok bolmak, gürüm-jürüm bolmak, gözden gaýyp bolmak, Zynjyrdan boşan ýaly dälilik hetdine ýeten, akylyny ýitiren, däli-telbelik ýagdaýynda bolan (adam barada) |