|
X. YYL BOYUNCA GEÇİLENLERİ GAYTALAMAK
595-nji gönükme. Sözleri okaň we olaryň ilkinji harplaryny elipbiý tertibinde depderiňize ýazyň. Işlemek, edeplilik, ýazmak, gazan, okamak, tagan, bagşy, wagt, şatlyk, çemçe, jülge, agzybirlik- keteni, ördek, ädik, ylgamak, dutar, üzüm, uçmak, söhbet, halta, žurnal, limon, rugsat, nal, fabrik, zerur, mesge, peýkam. 1.Depderiňize näçe harp ýazdyňyz? 2.Ýazan harplaryňyzyň arasynda elipbiýimizdäki harplary haýsysy ýok. 3.Ýokardaky sözleriň has gara ýazylanlarynyň manysyny düşündirjek boluň.
596-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň we olardaky çekimlileriň nähili çekimlilerdigini aýdyp beriň. ILIM BAR (Gysgaldylyp alyndy)
(H. Gurbanow)
597-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleriň her sözlemdäki aňladýan manysyny düşündiriň. Şol sözler nämäniň täsiri bilen aýry-aýry many aňladýarlar? 1.Magazinde örän oňat ýag satylýar. Ýagyş ýag diýeniň bilen ýagyp, ýagma diýeniň bilen ýagmaýan zat däl. 2.Sona örän akyllyja, düşbüje gyzdyr. Sen birneme suw gyzdyr, maňa gerek boljak. 3.Ýaz aýlary meýdanlar gök öwüsýär, mal-gara otdan doýýar.Sen Geldimämmede hat ýaz, Oňa menden salam aýt! 4.Oraza kakasy çal köýnek alyp beripdir. Oňa üç-dört sany heň çal diýdim. 5. Men bir halta ot ýygyp geldim. Biz geçen gyş guma gezelenje gitdik, odun ýygyp, ot ýakdyk.
598-nji gönükme.Köp nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyp, sözlemleri göçüriň. Kakasy welosipedden düşdi. Yzda ot...ran Sazagyň özi bök...p düşdi. Bul...r suw... düşd..ler. Kakasy ilki Sazagyň el...nden tutup, suwa öwr...nişdirdi. Suw sow...k ekeni. Suw Sazag...ň dyzyna ýetdi. Jigisi Gülälek möňň...rip aglamaga başlady. Ol Sazak gark bol...r öýd...p gorkdy. Kakasy Gülälegiň elinden tutdy. Emma Gülälek gork...p, guml...ga gaçyp gitdi. (A.Durdýyew, «Alaňtaryň arasynda»).
* * * * 599-nji gönükme. Okaň we köp nokatly sözleri göcüriň. Nokatlara derek degişli harplary ýazyň. MYRAT JAN Myrat jan ylgap, daşky ot...ga çykdy. Görs... , ejesi çaý içip ot...r. Turd...ňmy, guz...m, tüw,..leme! Görd...ňmi, eýýäm ull...
Eje, kluba ýoly öz...m tapýan-da aiýip, Myrat jan ejesiniň diňleýaändigini görüp, klubuň ýol...ny düşündirdi: ilki gitmeli, gitmeli. Soň ýola barmaly, hol asfalt ýol... . (A.Durdýyew, <<Alaňlaryň arasynda»). Çekimsiz sesler nähili toparlara bölünýärler? Haýsy sesleriň açyk we dymyk çekimsizlerdigini aýdyň. * * * *
600-nji gönükme. Teksti okaň we has gara ýazylan sözleriň çekimsiz seslerini fonetik derňew ediň. Kölegede oturan daýhanlar alakalaryň zyýanyna düşünýärdi. Baýramyň kakasy hokurdan açan ýeriniň daşyny çillejek bolup, sowuk suwuň içinde durup ýoňlapdy. Okuwçylardan Myrat: Ýoldaş başlyk, ýorunjanyň içindäkileri suw bilen-de almak bolar, emma meýdandakylary, çöpüň düýbündäkileri gapan, zäherli jisimler bilen ýok etmek gerek diýdi. (N.Esentnyradow, «Oýun bir, maza iki»).
601-nji gönükme. Sözleriň yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşup göçüriň. Söz soňundaky dymyk çekimsizleriň açyga öwrülip-öwrülmezlik düzgünini unutmaň.
NUSGA: top-topuň, orak-oragy, ... Bogun diýip näma aýdylýar? Bogun emele getirmek üçin nähili sesinň bolmagy hökman? Nähili bogunlary bilýärsiňiz? Nähili bogna açyk bogun, nähili bogna ýapyk bogun diýilýär? Bulary mysallar arkaly düşündiriň. * * * * 602-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we has gara ýazylan sözleri bogna bölüp, depderiňize göçüriň. ATAM
(H.Strom). ÝUMUŞ: «Çatma» sözüniň manysyny düşündiriň we depderiňize göçüriň. Göçüren sözleriňiziň her birinde näçe bogun bardygyny we ol bogunlaryň haýsysynyň ýapyk, haýsysynyň açyk bogundygyny aýdyň.
603-nji gönükme. Aşakdaky sözleriň yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşup göçüriň. ikinji bogundaky dar çekimliniň düşüp-düşmezligine üns beriň. Oýun, goýun, selin, ýylgyn, gyzgan, bölün, ýalyn, tomus, ýumuş, goşun, takyr, getir, çukur, deňiz, köwüs, göwün, düwün, düzgün, gyzyl, ýazyl, gadyr, gawun, garpyz, çadyr, batyr, getir, otur, bagyr, sygyr, ogul, döwür, höwür, nagyş, ýagyş, çagyl, nogul. Aňry, bäri, ileri, ýokary ýaly sözleriň yzyna haýsy seslere başlanýan goşulmalar goşulanda olaryň soňundaky çekimliler düşürilýär? * * * * 604-nji gönükme. Aşakdaky sözleriň yzyna d, k, l, r, s sesleri bilen başlanýan goşulma goşup, depderiňize ýazyň. Aňry, bäri, ileri, ýokary. NUSGA: aňry-aňyrda, aňyrky, aňyrlamak, aňyrrak, aňyrsynda... * * * * 605-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Bulardaky dilimize başga dillerden geçen sözleri aýdyň. Biziň mekdebimiziň iki gat beýik jaýy bar. Onuň koridorlary giň. içinde sport zaly hem bar. Sport zaly turnik, woleýbol setkasy ýaly sport enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr. Klaslaryň içi ýagty. Olarda okuwçylar üçin partalar, mugallym üçin stol, stul bar. Klaslaryň potology, poly, apişgesi, gapysy arassa saklanylýar. Nahili sözlere sinonimler, omonimler, antonimler diýilýar? Bulary düşündiriň we her birine degişli mysallar getiriň. * * * *
606-nji gönükme. Sözleri okaň we olaryň sinonimlerini tapyň hem-de depderiňize ýazyň. Gowy, syrkaw, ýaman, möjek, owadan, sözlemek, derrew, hemmesi, ýakyn. NUSGA: l. Gowy, ýagşy, oňat. * * * *
607-nji gönükme. Sözleri okaň. Olaryň antonimini tapyň we antonimi bilen bilelikde depderiňize ýazyň. Gije, garaňky, ak, uzyn, ýogyn, beýik, ýumşak. Göçüren sözleriniziň her birine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. * * * *
608-nji gönükme. Kitabyňyzdaky düşündirişli sözlükden watandaş, nebitçi, hatap sözleriniň düşündirişini okaň. Şolaryň mysalynda jorap, haly sözleriniň manysyny düşündirip, depderiňize ýazyň. * * * * 609-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan sözleri düşündirişi bilen depderiňize ýazyň.
GUW Guw bir ýylda 5-7, çendanlar 10-12 töweregi ýumurtga guzlaýar. Ol 35-40 gün dagy ýumurtgasyny basyp oturýar. Şol döwürde onuň horazy öz höwürtgedesini hiç bir zada mätäç edenok. Ony iýmit bilen üpjün edýär, ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklaýar. Şeýle ajaýyp häsiýetli bu uly guşlar höwürtgelerini adalarda, köllerde, suw ýakasyndaky gamyşlyklarda ýasanýarlar. (A.Gylyjow, «Güneşli ülkäniň görki»).
* * * * 610-nji gönükme. Sözleri göçüreniňizde, nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri, ýaýyň içindäki nokatlara derek bolsa öň ýanyndaky söze y ýa-da i çekimlisini goşup ýazyň. Bu sözleri dogry ýazmak üçin kitabyňyzdaky orfografik sözlükden peýdalanyň. Og...l, gülçül...k, agsak (...), boýun (.,.), turaç (...), şar-law...k, jürlew...k, agyz (...), ýaşaýyş (...), ýaglyk (...), or...k, bör...k, yşyk (...), ýolg...ç, ok...ra, seýis (...), ussat (...), hasap (...), söwüt (...), ýoguç (...), sözleýiş (...), bagyr (...). * * * *
611-nji gönükme. Dik çyzygyň sag tarapyndaky frazeologik aňlat-malaryň haýsylarynyň çyzygyn çep tarapyndaky düşündirişe degiş-lidigini aýdyň we nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň.
NUSGA: l. Gözi ýolda galmak birine köp garaşmak. Sözleýşiň hekaýa etme, suratlandyrma, pikir ýöretme tipleri biri-birlerinden nähili tapawutlanýarlar? Bulary tekstlerden mysallar getirmek bilen düşündiriň. * * * *
612-nji gönükme. Okaň. Tekstiň hekaýa etme böleginiň haýsydygyny, suratlandyrma böleginiň haýsydygyny aýdyň. Suratlandyrma bölegini depderiňize göçüriň. Ýeňsesi tüýli barmaklar Çerkeziň çignine gan öýdürdi. Şol sekuntda onuň üstüne üç adam abandy. Hepbige düşen torguş ýaly sandyraýan Çerkez ýyldyz ýagtysyna gorkuly gözjagazyny petredip, olaryň ýüzlerine seretdi. Onuň biri murtlary pezzik, eňegi gyrçuw, çep gaşynyň üstünde eşek toýnagynyň çuňňur tagmasy galan daýaw bir adam. Ikinjisi murty ýaňy taban, galyň ýüz, heniz eti-gany doluşmadyk, inçemik, orta boýly ýaş ýigit. Üçünjisi bolsa, gözleri ýanyp duran, seňrigi tüňňi, sakgaly çotka ýaly inedördül bir adam. Olaryň üçüsiniň hem gizlin ýaraglary bar. (B.Kerbabaýew, << Yhlasa myrat»). * * * * 613-nji gönükme. Özüňizden baglanyşykly sözleýşiň hekaýa etme, suratlaııdyrma we pikir ýöretme tiplerinden peýdalanyp, ekskursiýa gidişiňiz hakynda hekaýajyk ýazyň. * * * *
614-nji gönükme. Teksti okaň. Has gara ýazylan sözleri depderiňize göçüriň. Olaryň haýsy soraglara jogap bolýandygyny aýdyň we olary morfologik derňew ediň. ALPINIST. Meşhur alpinist Erik Şipton Gimalaý daglaryny barlady. Olar ullakan ýalaňaç aýak yzyny gördüler. Ol yzlar adamyň yzyna meňzeşdi. Barlagçylar iki kilometre golaý yzarlap gitdiler. Yzgar zolagyndan geçdi. Ol ownuk daşlaryň arasynda ýitip gitdi. Buzlukda ýaşaýan syrly jandary mundan aňryk yzarlamak mümkin däldi. Barlagçylar onuň yzynyň suratyny alypdyrlar. Surat gowy çykypdyr. (Bernar Eýwelmans) * * * * 615-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Sypatlary tapyň we olaryň haýsy many toparyna degişlidigini aýdyň. YKBALDAN DILEGUIM.
(A.Abdyrahmanow) ÝUMUŞLAR: 1.Tutmaz, düşdük, ynsabymdan sözlerini morfologik derňew ediň. 2.Atylan ok daşdan gaýtmaz atalar sözüniň manysyny düşündirjek boluň. |