|
VIII. MORFOLOGIÝA WE DÜRS ÝAZUW SÖZ TOPARLARY
Şeýlelik bilen, türkmen dilinde sözler, esasan, on iki sany uly topara bölünýärler: 1.Atlar Myrat, okuwçy, goýun, oba. 2.Sanlar bäş, on, ýüz, dördünji. 3.Sypatlar gyzyl, ýaşyl, beýik. 4.Çalyşmalar men, näçe, neme. 5.Hallar daňdan, giç, ýassyn. 6.Işlikler oka, ýaz, gel, gör. 7.Baglaýjylar we, hem, welin, emma. 8.Sözsoňular bilen, dek, deňeç. 9.Ownuk böleklermy, -mi, -ka, -kä. 10.Modal sözler mümkin, edil, ýok, ine. 11.Ses we şekil aňladýan sözler bip-bip, ýalt-ýalt,_tark-tark,. 12.Ümlükler wah, äh-hä, arman. * * * * 402-nji gönüktne. Sözleri okaň we bularyň haýsynyň özbaşdak many aňladýandygyny, haýsynyň özbaşdak many aňlatmaýandygyny aýdyň. Adam, beýik, emma, ýöne, otuz, biz, üçin, işleýär, okady, kimin, dek, sebäpli, agşam, öýlän, siz, arassa, hem, we, welin, kim, wah, haýsy, ah, weý-weý, wiý, bäşinji, ir, giç, kyn. * * * *
403-nji gönüktne. Aşakdaky sözlemleri okaň. Ýazylan sözleriň özbaşdak many aňladýanlaryny depderiňize göçüriň. 1. Okuwçylaryň iňlis we rus dillerini öwrenmäge höwesleri günsaýyn artýar. Men hem dostum Ata bilen iňlis dili kružogyna gatnaýaryn. 2. Oraza garaşanyň üçin sen giç gelipsiň. 3. Biz beýik dereklere seredip, ol ýerde kän durduk. 4. 0l gyzjagaz bilbil ýaly saýraýar. 5. Biz eziz Watanymyzy çyn ýürekden söýýäris. Göçüren sözleriňiziň haýsy söz toparyna degişlidigini aýdyň. * * * *
404-nji gönüktne. Özbaşdak many aňladýan söz toparlarynyň hersine degişli 6 sany mysal tapyp, depderiňize ýazyň. NUSGA: Atlar oglan, ... Sypatlar gowy, ... Sanlar dört, ... Çalyşmalar men, ... Hallar öýlän, ... Işlikler ýazýar, ... |