IŞ ATLARY
571-nji gönükme. Sözleri ilki atlar ýaly ýöňkemede we düşümde üýtgediň. Soňra olardan işlikler ýaly ýokluk şekilini emele getirip, depderiňize ýazyň.
Okamak, işleme, geliş.
NUSGA:
ÝÖŇKEMEDE ÜÝTGEÝŞI:
|
Meniň okamctgym
Seniň okamagyň
Onuň okamagy
|
Biziň okamagymyz
Siziň okamagyňyz
Olaryň okamak(lar)y
|
DÜŞÜMDE ÜÝTGEÝŞI:
|
B.d
E.d
Ýö.d
Ýe.d
W.-o .d
Ç.d
|
Okamak
Okamagyň
Okamaga
Okamagy
Okamagda
okamagdan
|
ÝOKLUK ŞEKILI:
Okamazlygym, okamazlygyň, okamazlygy, okamazlygymyz, okamazlygyňyz, okamazlyklary.
1. Soňy -mak, -mek bilen gutarýan işliklere işligiň haýsy şekili diýilýändigigi aýdyp beriň.
2. Galam sözüni ýöneliş düşümde goýup aýdyň we okamak sözüniň ýöneliş düşümdäki şekili bilen deňeşdiriň. Bularyň düşüm goşulmalarynyň çekimlileriniň aýdylyşynda nähili tapawut bar?
3. Işleme sözi ýöňkemede üýtgände e sesi haýsy sese öwrüldi?
|
Iş atlary -mak, -mek; -ma, -me; -yş, -iş, -ýyş, -ýiş gosulmalarynyň kömegi bilen ýasalýar.
Meselem: ýaz-mak, ýöre-mek, ýaz-ma, ýöre-me, ýaz-yş, ýöre-ýiş.
Iş atlary işiň haýsy zamanda edilendigini-de, kim tarapyndan edilendigini-de bildirmeýär. Olar diňe işiň adyny görkezýär.
Soňy -mak, -mek bilen gutarýan iş atlaryna işligiň nämälim sekili hem diyilýär.
Iş atlary atlar ýaly düşümde üýtgeýär. Hereketiň kime degişlidigini görkezýän (kimiň edendigini däl) ýöňkemede üýtgeýär. Iş atlarynyň -mak, -mek, -ma, -me şekilleriniň ýoklugy -mazlyk, -mezlik; -yş, -iş, -ýyş, -ýiş şekilleriniň ýoklugy -ma, -me goşulmasynyň kömegi bilen ýasalýar.
|
572-nji gönükme. Has gara ýazylyp aýratynlaşdyrylan sözleriň manysyny deňeşdiriň.
|
1.Kirşi gaty çekdirme.
2.Pomidory ownuk dograma.
3.Myhmanyň ogly bilen tanyş.
4.Maňa gawun ekiş.
5.Onuň ýanyna barmak gerek.
|
Men çekdirme iýdim.
Sadakada dograma berildi.
Biziň tanyş adamymyz.
Ekiş başlandy.
Barmak ýaly gamyş.
|
|
Iş atlarynyň içinde ada öwrülip gidenleri hem köp.
Meselem: bulamak, çakmak, kesmek, üýşmek; dolama, buglama, gömme, çökdirme; ýagyş, ekiş, tanyş.
|
573-nji gönükme. -Yş, -iş bilen gutarýan iş atlaryny degişlilik aňladýan ýöňkemede, düşümde we ýokluk aňladýan şekilde üýtgediň.
ÝÖŇKEMEDE ÜÝTGEÝŞI:
|
Meniň görşüm
Seniň görsüň
Onňn görşi
|
Biziň görşümiz
Siziň görşüňiz
Olaryň görüş (leri).
|
DÜŞÜMDE ÜÝTGEÝŞI:
|
B.d
E.d
Ýö.d
Ýe.d
W.-o .d
Ç.d
|
Görüş
Görşüň
Görşe
Görşi
Görşde
görşden
|
Görmeýşim, görmeýşiň, görmeýşi, görmeýşimiz, görmeýşiňiz, görmeýişleri.
YUMUŞ:
Ýöňkemede we düşümde üýtgände görüş sözüniň ikinji bognundaky dar çekimliniň düşmeginiň sebäbini düşündiriň.
574-nji gönükme. Iş atlaryny ýöňkemede we düşümde üýtgediň.
Okaýyş, garaýyş, ýaşaýyş.
NUSGA: okaýyş
ÝÖŇKEMEDE ÜÝTGEÝŞI:
|
Meniň okaýşym
Senin okaýşyň
Onun okaýşy
|
Biziň okaýşymyz
Siziň okaýşyňyz
Olaryň okaýyş(lar)y.
|
B.d. okaýyş
E.d. okaýşyň
Ý.d. okaýşa
Ý.d. okaýşy
W.-o.d. okaýyşda
Ç.d. okaýyşdan.
ÝUMUŞLAR:
1. Ýöňkemede we düşümde üýtgände okaýyş sözüniň näçenji bognundaky dar çekimliniň düşüp galýandygyny aýdyň.
2. Dar çekimlileriň düşmek düzgünine göra, dar çekimliler näçe bogunly sözlerde düşmeli?
|
-ma, -me bilen gutarýan iş atlaryndan a, e çekimlisi menlik we senlik ýöňkemäniň birliginde we köplüginde uzyn aýdylýar. E sesi uzyn aýdalynda, ä sesine geçýär.
Iş atlarynyň -mak, -mek goşulmasyndaky a, e sesleri ýöneliş düşümde uzyn aýdylýar. E sesi uzyn aýdylanda, ä sesine geçýär. Ýöňkemede we düşümde üýtgände, yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, -mak, -mek goşulmasyndaky dymyk çekimli açyga öwrülýär.
-yş, -iş bilen gutarýan iş atlary bir bogunly, dodak çekimlili düýp işlige goşulanda -aş, -üş görnüşine geçýär; -yş, -iş soňy çekimli bilen gutarýan düýp işliklere goşulanda, -ýyş, -ýiş görnüşine geçýär.
Yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, -ýyş, -ýiş goşulmasyndaky dar çekimli düşüp galýar. Beýleki sertleri gabat gelende, yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda -yş, -iş, goşulmasyndaky dar çekimli düşüp galýar.
|
575-nji gönükme. Köp nokatlara derek degişli çekimlini ýa-da çekimsizi ýazyp göçüriň.
Okama...yňyz, görm...miz, işle...şimiz, gara...şymyz, gör...şüm, dur...şumyz, dünýägaraý...şy.
* * * *
576-nji gönükme. Ýaý içindäki iş atlaryny degişli şekilde goýup, sözlemleri göçüriň.
Biziň bäşlik (almak) Watanyň kuwwatyna goşantdyr. Şonuň üçinem her birimiziň gowy bahalar bilen (okamak) gerek. Bizde (okamak, işlemek, döretmek) ähli şertler bar. Hemmämiziň (okaýyş, (özümizi alyp) baryş) Watanymyzyň biz baradaky edýän aladalaryna mynasyp bolmalydyr. Biziň okuwdan gaçyp (ýörme), taýýarlyksyz (gelme) bolmaly däldir.
|