Yza gaydyng

3. ÖTEN ZAMAN IŞLIGI

546-njy gönükme.  Okaň. Sütüniň çepindäki we sagyndaky sözlemlerde habaryň manysyny deňeşdiriň.

1.Artyk ejesine kömekleşdi.

2.Hally haýran galdy.

3.Dostumdan hat aldym

4.Otlular batly geçdi.

1. Artyk ejesine kömekleşýärdi.

2.Hally haýran galardy.

3.Dostumdan hat alýardym.

4.Otlular batly geçerdi.

ÝUMUŞLAR:

1. Sütüniň  çepindäki we  sagyndaky  habarlar haýsy zamany aňladýarlar?

2. Sütüniň  sagyndaky  habar  gurluşy  taýyndan  çepdäkiden näme bilen tapawutlanýar?

3.-ýar, -ýär haýsy zaman goşulmasy?

4.-ar. -er haýsy zaman goşulmasy?

Gymyldy-hereketiň, işiň geplenilýän wagtdan öň edilendigini bildirýän işliklere öten zaman işlikleri diýilýär. Öten zaman işlikleri iki topara bölünýär:

1)gutarnykly öten zaman (kömekleşdi, haýran galdy, aldym, geçdi we ş.m.).

dowamly öten zaman (kömekleşýärdi, haýran galardy,alýardym, geçerdi).

2)Gutarnykly öten zamanyň aňladýan gymyldy-hereketi, işi bir gezek, birbada edilen we şol ýerde gutarylan işdir.

Dowamly öten zamanyň aňladýan gymyldy-hereketí, işi birnäçe gezek, ýzygiderli edilen işdir. Ol birnäçe gezek edilenden soň gutarypdyr.

Dowamly öten zaman häzirki we nämälim geljek zaman şekillerindäki işliklere -dy, -di goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar:

alýar - alýar+dy gelyär - gelýär+di

alar - alar+dy geler - geler+di.

547-njy gönükme. Köp nokat goýlan sözleri dowamly öten zaman şekiline öwrüp okaň.

Türkmen klassyk şahyrlarynyň köpüsiniň şahyrana sözi, esasan, bagşylaryň üsti bilen halkyň arasyna ýaýra... . Irkiräk döwürlerde bagşylar juda az bol... . Şu sebäpden halk öz söýgüli şahyrlarynyň sözüne zar bol... . Halk setanda-seýranda, toýda-tomaşada gulagynyň posuny aç... . Halkymyz özüne ýaran eserleri ýat tut..., olary aýdym edip aýt..., öz şahyryna bolan söýgüsini şeýdip beýän et... .

ÝUMUŞ:

Şahyrana, setanda-seýranda, zar bolmak sözlerini, gulagyň posuny açmak aňlatmasynyň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

548-njy gönükme. Ýaý içindäki işlikleri degişli zamanda goýup göçüriň.

1. Bäş-alty ýaşlarymdakam her gün ejem meni çagalar ba-gyna (äkitmek).

2. ikindin meni bagdan enem (alyp gaýtmak).

3. Men ýaňy mekdebe baranymda, agam onunjy klasda (oka-mak).

4. Bir gün müzeýe tarap (barmak

* * * *

549-njy gönükme. Nämälim şekilindäki işlikleriň düýp sözüne ilki geljek, häzirki zaman goşulmalaryny goşuň. Soňra olardan dowamly öten zaman işligini ýasaň.

Ýygmak, ekmek, ýuwmak, durmak, işlemek, çykarmak, gatnamak, dogmak, etmek, ýarylmak, görünmek, tanamak.

* * * *

550-njy gönükme. Göçüriň. Gutarnykly öten zaman işliklerini biraýry, dowamly öten zaman işliklerini biraýry ýazyň. Öten zaman islikleriniň manysyna üns beriň.

Altyn bu gün stadiona gelmedi. Käte ol birnäçe günläp hem türgenleşige gelmeýärdi. Jennet ýeke özi türgenleşip, uzak eglenmedi. Altyn bolmasa, türgenleşik gyzyşmaýardy. Jennet jorasyny görmäge gitdi. Emma ony öýlerinden tapmady. Ejesi onuň kitaphana gidendigini aýtdy. Jorasyny görende, Altyn begendi. Ertesi olar ýene stadiona gitdiler.

ÝUMUŞLAR:

1. Tekste sözbaşy goýuň.

2. Türgenleşmek sözünüň manysyny düşündiriň.

Öten zaman işliginiň ýokluk şekili düýp işligiň soňuna -ma, -me goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar.

Meselem: al+ma+dy, gel+me+ýärdi.

551-njy gönükme. Dowamly öten zaman işliklerini ýokluk şekilinde ýazyp göçüriň.

Ugraýardy, tapýardy, gülýärdi, seperdi, oýanardy, okaýardy, goşulardy, düşündirerdi.

Nämälim geljek zaman şekilinden hasyl bolýan dowamly öten zamanyň ýokluk şekili -maz, -mez goşulmasy arkaly aňladylýar.

Meselem: gelmezdi, görmezdik, galmaz-dy.

552-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Ýaý içinde getirilen işlikleri gutarnykly öten zaman şekiline öwrüp ýazyň.

Biz mekdebiň töwereginde erik, garaly, şetdaly nahallaryny (ekmek). Olaryň gowy düýp almaklary üçin köp zähmet (çekmek).

Düýplerini (ýumşatmak), ders döküp, wagtly-wagtynda suw (tutmak). Şu ýyl garalylarymyz ilkinji hasylyny (bermek).

Şetdalynyň hasyly hem ondan kem (bolmak).

ÝUMUŞLAR:

1. Düýp almak, suw tutmak işlikleriniň nähili işliklerdigini aýdyň.

2. Ýaý içinde berlen işliklerden dowamly öten zaman işliginiň
ýokluk şekilini ýasap, dilden aýdyň.

* * * *

553-njy gönükme.Göçüriň. Dowamly öten zaman işliginiň häzirki zamandan we geljek zamandan ýasalan şekilleriniň manysyny deňeşdiriň.

Dostum maňa hat ýazardy.

Öňler bahar ir gelerdi.

* * * *

554-njy gönükme. Geljek zaman işliginden ýasalan dowamly öten zamandaky işlikleriň manysyny düşündiriň.

1.Jigim kiçijikka kagyzdan gämi ýasardy. Soňam uly legene suw guýduryp, gämýijigini suwa göýbererdi.

Eline çemçe alyp suwy aýlandyrardy. Gämijik edil jigimiň özi ýaly şadyýanja hereket ederdi.

2.Düýn sirke gitdik. Masgarabazlar şeýle bir gülküli oýunlar etdiler. Arman, Maksat biz bilen gidip bilmedi.

Aramyzda Maksat bolan bolsa, ol hem heziller edinip gülerdi. Gülmän oturanlaryň hem gülküsini tutdurardy.

Mekdebe gelende, gören hezil zatlaryny gürrüň berip, dostlaryny sirke gitmäge yrardy.

Geljek zamandan ýasalan dowamly öten zaman Işligi 2 many aňladýar:

1) öten zamanda birnäçe gezek edilen iş, dowam eden iş: alardy, gelerdi.

2) öten zamanda edilmegi mümkin bolan, ýöne edilmedik iş: gören bolsa begenerdi.

555-njy gönükme. Okaň. Sözlemleriň eýesini gerek ýerinde at çalyşmalary bilen çalşyryp, depderiňize göçüriň.

Men kitap aldym. Sen depder aldyň. Oraz galam aldy. Men, sen, Oraz ücimizem çyzgyç aldyk.

Oraz bilen sen bozguç hem aldyňyz. Oraz we onuň dostlary surat depderini aldylar.

NUSGA: Oraz depder aldy. Ol depder aldy...

Öten zaman işlikleri ýöňkeme bilen üýtgeýärler. Şonda gymyldy-hereketiň, işin kim we näme tarapyndan edilendigi aňladylýar.

işlik ýöňkemelerine birinji ýöňkeme, ikinji ýöňkeme, üçünji ýöňkeme diýilýär.

işlik ýöňkemeleri birlik we köplük sanda bolýar.

556-njy gönükme.Okaň we öten zaman şekiliniň ýöňkeme bilen üýtgeýşini öwreniň.

Ýöňkemeler.

Birligi.

Köplügi.

1-nji

aldym, alýardym, alardym

gördüm, görýärdim, görerdim

aldyk, alýardyk, alardyk

gördük, görýärdik, görerdik

2-nji

3-nji

aldyň, alýardyň, alardyň

gördüň, gorýärdiň, görerdiň

aldy, alýardy, alardy

gördi, görýärdi, görerdi

aldyňyz, alýardyňyz, alardyňyz

gördüňiz, görýärdiňiz, görerdiňiz

aldylar, alýardylar, alardylar.

gördüler, görýärdiler, görerdiler

1-nji ýöňkemäniň birligi hereketi gepleýäniň özüniň edendigini bildirýär; goşulmasy: -m

2-nji ýöňkemäniň birligi hereketi diňleýjiniň edendigini bildirýär; goşulmasy: -ň

3-nji ýöňkemäniň birligi hereketi gepleýjiňem, diňleýjiňem däl-de, başga biriniň edendigini bildirýär; goşulmasy ýok.

1-nji ýöňkemänin köplügi hereketi gepleýäniň birnäçe adam bilen edendigini bildirýär; goşulmasy: -k.

2-nji ýöňkemäniň köplügi hereketi gepleýäniň ýanyndakynyň birnäçe adam bilen edendigini bildirýär; goşulmasy: -ňyz, -ňiz.

3-nji ýöňkemäniň köplügi hereketi gepleýäniňem, onuň ýanyndakynyňam däl-de, başgalaryň edendigini bildirýär: goşulmasy ýok; -lar, -ler—san goşulmasy.

* * * *

557-njy gönükme. Düýp işliklerden ilki häzirki we geljek zaman şekillerini ýasaň. Soňra olardan dowamly öten zamany hasyl ediň. Emele gelen dowamly öten zaman işliklerini ýöňkemeleriň birliginde we köplüginde üýtgediň.

git-, aýt-, ut-, göç-..

* * * *

558-njy gönükme. Sözlemleri ünsli okaň. Köp nokatlara derek gerekli at çalyşmalaryny goýup göçüriň.

1. ... myhmany obamyzda tutulýan toýa äkitdik.

2. ... towuklara iým berdi.

3. ... şu gün at çapyşygyny gördüm.

4. ... öz atlaryny ýaryşa çykarmadylar.

5. ... düýn şu ýerde kitaplaryňyzy galdyrdyňyz.

6. Ýadyňa düşmese, düşýän däldir, ýöne... şol filmi gördüň.

ÝUMUŞLAR:

1. Sözlemiň habarlary haýsy öten zamany aňladýar (gutarnyklymy ýa-da dowamly öten zamany)?

2. Toý tutmak aňlatmasyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

559-njy gönükme. Sözlemleri ünsli okaň. Köp nokatlara derek öten zaman işligini goýup göçüriň.

1. Tomus geçdi, güýz...

2. Howa salkynlap...

3. Çagalar her gün agşam Ajap mamanyň ertekilerini... .

4. Gorkuly erteki aýdylan güni çagalar gijesine öýlerine gaýdyp..., şonuň üçinem olar Ajap mamanyňkyda ýatyp ....

* * * *

560-njy gönükme. işlikleri gutarnykly öten zaman şekilinde goýup, ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgediň. Ikinji bognunda dodak çekimlisi bolan şekilleri depderiňize ýazyň.

Gurmak, örmekl dörmek, bürmek, ormak.

Içinde dodak çekimlisi bolan bir bogunly işliklere öten zaman goşulmasyndan soň ýöňkeme goşulmasy goşulsa, ikinji bogundaky dar çekimli dodaklandyrylyp ýazylýar.

Meselem:

gur+dy -

gur+du+ň

gur+du+m

gur+du+k

gur+du+ňyz

gur+du+lar

561-njy gönükme. Göçüriň. Köp nokatlara derek öten zaman işliginiň degişli goşulmasyny ýazyň.

Gaýt...lar, ýol...m, gör...ler, bil...k, duş...lar, bil...m, aýt...ňyz, dur...lar,

bil...ňiz, dur...m, çyk...ňyz, düş...k, göç...ler, ylga...k, duş...k, gur...lar.

* * * *

562-njy gönükme.Sözlemleri ünsli okaň. Olaryň eýesini we habaryny tapyň. Gerek bolsa, köp nokatlara derek köplük goşulmasyny (-lar, -ler) goşuň.

1. «Kaka, düýn seni soran adamlar geldi...» diýip, Begenç habar berdi.

2. Jeren, Maral, Keýik dagy haly muzeýine baryp gördi...

3. Dostlar gumak ýol bilen hiňlenişip barýardy...

4. Bir gün Oraz dostlary bilen okuwdan gelýärdi...

Köplügi aýratyn nygtamak gerek bolmasa, 3-nji ýöňkemäniň köplüginde -lar, -ler goşulmasy ulanylmaýar.

563-njy gönükme. Okaň. Soňra a) geplenip durlan wagtdan öň bolan işi aňladýan işlikleri, b) hut geplenip durlan wagtda bolýan işi aňladýan işlikleri, w) geplenip durlan wagtdan soň boljak işi aňladýan işlikleri aýry-aýry göçüriň.

Çagyrdy, gelýärler, barýaryn, barýardy, soramaz, biler, açmady, geçerler, geçýärdi, çekinmeýärdi, geljek, gaýdar, çykjak däl, dur, oturanok, ýatmaýar, ýatyr, barjaklar.

ÝUMUŞLAR:

1. Geplenip durlan wagtdan öň bolan hereketi,  işi aňladýan işliklere haýsy zaman işligi diýilýär?

2.Geplenip durlan wagtda bolup duran hereketi, işi aňladýan işliklere haýsy zaman işligi diýilýär?

3.Geplenip durlan wagtdan soň boljak hereketi, işi aňladýan işliklere haýsy zaman işligi diýilýär?

* * * *

564-njy gönükme. Okaň. Gutarnykly öten zaman işliklerini biraýry, dowamly öten zaman işliklerini biraýry göçüriň.

Begenýärdi, saraldy, öçdi, çaklaýardy, meňzedi, düzýärdi, ýardy,

bolýardy, sapdy, berdi, bererdi, serreldi, doldy, okardy, geçmezdi,

çatardy, haýyş ederdi, höwes edýärdi, tankyt etdi.

ÝUMUŞLAR:

1. Goşma işlikleri aýdyp beriň.

2. Işlikleri nämälim şekilde goýup, aýdyp beriň.

* * * *

565-njy gönükme. Okaň. Umumy häzirki zaman işliklerini biraýry, anyk häzirki zaman işliklerini biraýry göçüriň.

Molaýar, kişňeýär, otyr, duranok, mälemeýär, käkeleýär, ýatanok, ýör, agarýar, öňürdýär, gaýdýar, aýdýar, dur, edýär.

ÝUMUŞ:

Haýwanlaryň çykarýan sesini aňladýan sözler haýsylar? Olary haýsy haýwanlar cykarýar?

* * * *

566-njy gönükme.Okaň. Mälim geljek zaman işliklerini biraýry, nämälim geljek zaman işliklerini biraýry göçüriň.

Başarjak, göçürer, gitjek däl, görersiňiz, salamlaşjak, ýörärsiňiz, gitmersiňiz, ýapjak, ýatarlar, aýtjak däller.

* * * *

567-njy gönükme. Nämälim şekildäki işlikleriň düýp işliklerini bolup aýryň. Soňra olary öten, häzirki we geljek zaman şekillerinde goýup, ýöňkemäniň barlygynda we ýoklugynda üýtgediň. Bolup geçýän ses üýtgeşmelerini düşündiriň.

Çaýkamak, gürlemek, turmak.

* * * *

568-njy gönükme. Köp nokatlara derek oty:r, otur; du:r, dur; ýaty:r, ýatyr, ýö:r, ýör işliklerini goýup, sözlemleri göçüriň.

Kakam şu jaýda...

Dutar gabynda...

 Kitap stoluň üstünde ...

 Sapar oýnap...

Sen şu taýda ... !

Ýykylmanjyk ... !

Bäbejigi ... !

..., gideli!

569-njy gönükme. Düýp işlikleri ilki umumy häzirki zaman şekilinde, soňra nämälim geljek zaman şekilinde goýup göçüriň.

aýt-, gaýt-, et-, öýt-, git-, birik-, öjük-, howluk-.

işliklerde bolup geçýän ses üýtgeşmeleri iki zamanda-da birmeňzeş ýagdaýda bolup geçýärmi?

* * * *

570-njy gönükme. ilki durmak, oturmak, ýatmak, ýörmek işliklerinden anyk häzirki zaman şekilini ýasaň. Soňra anyk häzirki zamandaky işlikleri ýokluk şekilinde ýöňkemede üýtgediň. Ýokluk şekilini ýazylyşyna aýratyň üns beriň.

GAÝTALAMAK ÜÇIN SOR AGLAR

1. Türkmen dilinde işlikleriň näçe zamany bolýar? Olar haýsylar?

2.Öten, häzirki, geljek zamanlaryň näçe topary  bar? Olaryň her biri nähili manylary  aňladýar?

3.Biz, siz,  olar at çalyşmalary kimleri öz içine alýar?

4.Goşulma goşulman ýasalýan zaman barmy? Ol haýsy zaman?

5.   -Ma, -me   goşulman   ýasalýan   ýokluk   şekili   barmy?   Ol haýsy zamana degişli?

6.Hemme ýöňkemede şol bir şekilini saklaýan zaman barmy?

7. -lar, -ler köplük goşulmasyny hemme ýerde ulanmak hökmanmy?

8. Işlikler atlar ýaly düşümde üýtgeýärlermi?

9. Işlikler bir hereketiň kime, nämä degişlidigini bildirýän ýöňkemelerde uýtgeýärmi ýa-da hereketi kimiň edendigini bildirýän ýoňkemelerde uýtgeýärmi?