Yza gaydyng

2. HÄZIRKI ZAMAN IŞLIGI

531-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Olaryň habaryny tapyň we haýsy wagtda bolýan hereketiň aňladylýandygyny aýdyň.

1.Okuwçylar ertirki sapaklaryna taýýarlyk görýärler.

2. Ahmet daşarda Nepesiň gelmegine garaşýar.

3. Daýhanlar gowaça ekýärler.

4. Ejem jigime köýnek tikýär.

5. Bäbejik ýatyr.

6. Guş bagda otyr.

7. Awtobus duralgada dur.

8. Myrat oýnap ýor.

Isiň, gymyldy-hereketiň geplenilip durlan wagtynda edilýändigini aňladýan işliklere häzirki zaman işlikleri diýilýär.

Häzirki zaman işlikleri 2 topara bölünýär:

1) umumy häzirki zaman (garaşýar, ekýärler we ş.m.); goşulmasy: -ýar, -ýär.

2) anyk häzirki zaman. Bu ýatmak, oturmak, durmak, ýörmek işliklerinden hasyl bolýar. Bu işlikler häzirki zamany aňladanda ýaty:r, oty:r, du:r, ýö:r işlikleriniň ikinji çekimlileri uzyn aýdylýar.

532-nji gönükme. Göçüriň. Sütüniň iki tarapyndaky işlikleriň manysyny deňeşdiriň we olaryň tapawudyny aýdyň.

1.Şu wagt konsert bolýar.

2.Çagajyk aglamaýar.

3.Çaý sowaýar.

4.Kakam gelýär.

1.Güýzüne salkyn bolýar.

2.Hiç ýeri agyrmasa, çagajyk
aglamaýar.

3.Gyş düşse, howa sowaýar.

4.Azar berseň, ýuwaş malyň
hem gahary  gelýär.

Umumy häzirki zaman şekilindäki işlikler aşakdaky ýaly iki many aňladýarlar:

1.hut geplenip durlan wagtda edilýän iş.

2.hemişe bolup durýan, adaty iş.

533-nji gönükme. Düýp işliklere umumy häzirki zaman goşulmasyny goşup ýazyň.

Okat-, işlet-, aýt-, gaýt-, et-, ýatlat-, git-, gönük-, janyk-, birik-, gijik-, daryk-, howluk-.

Soňy k,l sesleri bilen gutarýan, köp bogunly hem-de çekimlisi uzyn aýdylýan bir bogunly işliklere -ýar, -ýär goşulmasy goşulanda, dymyklar açyga öwrülýär.

Kadadan çykma:

Aýt-, gaýt-, et-, git — işlikleriniň çekimlisi gysga aýdylsa-da, t sesi d sesine öwrülýär.

534-nji gönükme.Göçüriň. Köp nokatlaryň deregine häzirki zamanyn goşulmasyny goýup ýazyň.

1. Bagşy aýdym aýt... .

2. Biz okuwdan soň öýe gaýt... .

3. Men ejeme kömek et... .

4. Jigim gyşa howluk... .

5. Sona mugallym indi ýigrimi ýyl bäri okuwçy okat... .

6. Döwranjyk welosipedi özi sürüp bilmänsoň, üstüne münüp oturyp, uly doganyna özüni aýlat... .

* * * *

535-nji gönükme.Köp nokatlara derek anyk häzirki zamany aňladýan işlikleri goýup göçüriň.

Ynha, türkmen sährasy ýaýlyp... . Otluk meýdanlarda ýanlary owlak-guzuly dowarlar erkana otlaşyp... . Hüşgär goýun itleri belent ýere çykyşyp çommalyşyp... .. Bili guşakly, syrdam, ýaş çopan ujy tommaýly taýagyna söýenip, giden meýdany, sürüsini synlap...

ÝUMUŞ:

Ýaýlyp ýatmak aňlatmasynyň, dowar, hüşgar, syrdam sözleriniň manysyny düşündirip, sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

536-nji gönükme.Tekst böleklerini göçüriň hem-de olarda umumy häzirki zaman işliginiň haýsy wagtda bolan wakany aňladýandygyny anyklaň.

I. Bu gezek patyşanyň körpe ogly sakçylyk etmäge rugsat soraýar. Şol günüň ertesi ol ok-ýaýyny alyp, ýola düşýär. Ol garaňky düşeninden bir çetde gizlenýär. Bu gije hem öňküleri ýaly gara ýel gelýär. Ýigit her näçe gorksa-da, gaçman saklanýar. Harasadyň yzysüre iki kelleli aždarha peýda bolýar.(Ertekiden).

II. Ertir kakam Aşgabatdan gelýär. Ol maňa iki tekerli tigir getirýär.

Umumy häzirki zaman işligi hut geplenip durlan wagtda edilýän işi aňlatmakdan başga-da ýene 2 sany many aňladýar.

ertekilerde, rowaýatlarda geçen zamanda bolup geçen wakalary has gyzykly, janly beýan etmek üçin, öten zaman manysynda gelýär;

hökman boljakdygy belli bolan işi aňlatmak üçin, geljek zaman manysynda gelýär.

537-nji gönükme.Häzirki zaman işliklerini ulanyp, Tomus nähili bolýar diýen temada (8-10 sözlemlik) kiçýik hekaýa ýazyň.

* * * *

538-nji gönükme. Umumy häzirki zaman işliginiň ýöňkemede üýtgeýşini görkezýän nusgany göçüriň.

Ýöňkeme

Birlik

Köplük

1-nji

2-nji

3-nji

alýar+yn, görýär+in

alýar+syň, görýär+siň,

alýar, görýär,

alýar+ys, görýär+is

alýar+syňyz, görýär+siňiz

alýar(lar), görýär(ler).

ÝUMUŞLAR:

1. 3-nji  ýöňkemäniň  köplüginde   -lar,  -ler gosulmasynyň  ýaý içinde alynmagynyň sebäbini düşündiriň.

2. Häzirki zaman işliginiň ýöňkeme goşulmalaryny aýratynlyk-da bir sütün edip ýazyň.

* * * *

539-nji gönükme. Häzirki zaman işliginiň barlyk şekilinden ýokluk sekilini ýasap, depderiňize ýazyň.

Ýaryşýar, guruşýar, gelişýär, çalyşýar, durýar, görýär, goşýar, geçirýär, aýdýar, gaýdýar, öýdýär, tüýdýar, ýagýar, sanaýar, içýär, soraýar.

NUSGA: ýaryşýar—ýaryş+ma+ýar...

ÝUMUŞ:

Öýdýär, aýdýar, gidýär, tüýdýär, gaýdýar sözleri ýokluk şekiline öwrülende, düýp işlikde nähili ses üýtgeşmesiniň bolup geçýändigini we onuň sebäbini aýdyň.

* * * *

540-nji gönükme. Anyk häzirki zaman işliginiň ýöňkemede üýtgeýşini görkezýän nusgany göçüriň.

Ýöňkeme

Barlyk                                 Ýokluk

1 -nji

Birlik

köplük

Birlik

köplük

dur+un otyr+yn ýatyr+yn ýör+ün

dur+us otyr+ys ýatyr+ys ýör+üs

duramok oturamok ýatamok ýöremok

duramyzok oturamyzok ýatamyzok ýöremizok

2-nji

dur+cuň otyr+syň ýatyr+syň ýör+süň

dur+suňyz otyr+syňyz ýatyr+syňyz ýör+süňiz

duraňok oturaňok ýataňok ýöreňok

duraňyzok oturaňýzok ýataňyzok ýöreňizok

3-nji

dur, otyr ýatyr, ýör

dur(lar), otyr(lar), ýatyr(lar), ýör(ler),

duranok oturanok ýatanok ýörenok

duranok(lar) oturanok(lar) ýatanok-(lar) ýörenok(lar)

ÝUMUŞLAR:

1.Umumy we aňyk häzirki zaman işlikleriniň barlyk şekilleriniň ýöňkeme goşulmalarynyň birmeňzeşdigine üns beriň.

2.Umumy we aňyk häzirki zaman işlikleriniň ýokluk şekilleriniň we ýöňkeme goşulmalarynyň biri-birinden tapawutlydygyna üns beriň.

3.Anyk   häzirki   zaman   işliginiň   1-nji   we   2-nji   ýöňkemesiniň köplügindäki şekiliniň ýazuw düzgünini ýatda saklaň.

4.Durmak, ýörmek işlikleriniň birinji we ikinji ýöňkemäniň birliginde hem köplüginde dodaklandyrylyp ýazylýandygynyň sebäbini düşündiriň.

* * * *

541-nji gönükme. Durmak, oturmak, ýatmak, ýörmek işliklerine umumy häzirki zaman aňladýan -ýar, -ýär goşulmasyny goşup, ýöňkemäniň birliginde we köplüginde, barlygynda we ýoklugynda üýtgediň.

ÝUMUŞ:

— Ýar, -ýär goşulmasy goşulan umumy häzirki zaman işlikleri bilen anyk häzirki zaman işlikleriniň manysyny düşündiriň.

* * * *

542-nji gönükme. Düýp işliklere häzirki zaman goşulmasyny goşup, ýöňkemede üýtgediň.

Bak-, howluk-, gaýt-, aýt-, aç-, tap-.

* * * *

543-nji gönükme. Okaň. içinde umumy häzirki zamany aňladýan işlik bolan sözlemleri göçüriň.

Bir bar eken, bir ýok ekeň. Gadym zamanda bir patyşa bolupdyr. Onuň üç sany ogly bar eken. Ulusynyň ady — Aman, ortanjysynyňky — Geldi, körpesiniň ady bolsa Batyr bolupdyr.

Bir gün patyşa ogullaryny ýanyna çagyryp, olaryň hersine bir ýumuş buýurýar. Uly ogly kakasynyň buýran ýumşuny gowy ýerine ýetiripdir. Ortanjy ogly hem ýumşa hötde gelip-dir. Emma patyşanyň körpesi kakasynyň buýran ýumşuny ýerine ýetirip bilmeýär. Patyşa muňa gynanypdyr. Onsoň ol ogullaryny ýene-de ýanyna üýşürip, olara näme üçin öz kiçi oglunyň ýumşy bitirip bilmändigini düşündirýär...

ÝUMUŞLAR:

1. Ertekide ulanylýan häzirki zaman şekili haýsy wagtda bolan wakany aňladýndygyny aýdyň.

2.Ýumuş buýurmak, ýumşy ýerine ýetirmek, ýumşy bitirmek aňlatmalarynyň manysyny düşündiriň.

* * * *

544-nji gönükme. işlik zamanlarynda getirilen sözlerden umumy we anyk häzirki zaman aňladýanlaryny göcüriň.

Oturamyzok, aldy, gelýärin, durus, barýardy, soraýaryn, geçerdi, bezedi, maslahatlaşardy, ýörüs, gaçdy, okaýarsyňyz, geldiler, duramyzok, oturmaýar, ýazýarys, gözleşdirdi, aýdar, işlärdi, görýärdi.

* * * *

545-nji gönükme. Köp nokatlara derek häzirki zaman işliklerini goýup göçüriň.

Uly baýramçylyk bosagamyzda... . Bu şanly baýramçylyga mähriban ýurdumyzyň zähmetkeşleri taýýarlyk... . Garaşsyz döwleti gurýan ümmülmez Watanymyzda zähmet gaýnap... . Gün geldigiçe ýurdumyzyň baýlygy... . Täze-täze fabrikler... . Beýik işleriň başy...  Biziň her bir günümiz guwançly täzelik bilen... . Düýn boş ýatan ýer bu gün gür baga bürenip... . Biziň hemmämiz Watan işine goşant goşarys. Öňde uly işler... .