|
b) IŞLIK ZAMANLARY l. GELJEK ZAMAN IŞLIGI 515-nji gönükme. Okaň. Sözlemleriň habaryny tapyň we oňa sorag beriň. Habaryň haýsy wagtda bolmaly wakany aňladýandygyny aýdyň. Ertir ýaryş boljak. Men hem ýüz metr aralyga bolan ýaryşa gatnaşjak. Ýaryş irden başlanar. Şonuň üçinem men ir bilen turaryn. Ýaryşdan soň bagşylar aýdym aýdarlar, tanşçylar tans ederler.
516-nji gönükme.Göçüriň. Mälim we nämälim geljek zaman işlikleriniň manysyny deňeşdiriň. Olara näme üçin mälim geljek zaman hem-de nämälim geljek zaman işligi diýlendigini pikir ýöretme esasynda düşündirmäge çalşyň. 1. Men ertir hökmän futbol pökgüsini almaga gitjek. --Sen kino gitjekmi? --Hawa, gitjek. Men dostumy müzeýe äkitjek. 2. Şu gün, belki, kakam geler. --Kakam maňa täze portfel getirermikä? --Getirer. Men jigimi bir gün haly muzeýine äkiderin.
517-nji gönükme. Aşakdaky üç abzasda berlen sözlemleri ünsli okaň. Nämälim geljek zaman işliginiň nähili manylarynyň bardygyny aýtmaga çalşyň. Ertir howa salkyn bolar. Men, belki, dostumyň ýanyna giderin. Dostum menden düýnki filmiň nähili bolup tamamlanandygyny sorar. Men ertir bäşlik alaryn. Kakamyň doglan gününe sowgat ederin, indi men okuwdan çykanymda, hiç ýere sowulman, göni öýe giderin. Men her gün sapaklaryma taýýarlanaryn. Iki bilen ikini goşsaň, dört bolar. Gyş geçer, ýaz geler. Okuwa yhlas bilen ýapyşarlar. Okan il ozar, okamadyk il tozar (Nakyl).
518-nji gönükme. Düýp işliklerden mälim we nämälim geljek zaman şekillerini hasyl ediň. Soňra olary ulanyp, sözlemler düzüň. başla-, gör-, doka-, oýlan-.
* * * *
519-nji gönükme. Düýp işlikleri nämälim geljek zaman şekilinde goýup göçüriň. Işle-, ele-, düzle-, diňle-, bölekle-, derle-, küdele-, hödürle-, ejizle-, gönüle-, müňle-, üfle-. ÝUMUŞ: Küdelemek, hödürlemek, müňlemek sözleriniň manysyny düsündiriň. * * * *
520-nji gönükme. Düýp işlikleri nämälim geljek zaman şekilinde goýup göçüriň. Dara-, sora-, gara-, sara-, ýara-, çara-, barla-, taşla-, nagyşla-, aňla-.
Çaramak sözüniň manysyny düsündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.
521-nji gönükme. Düýp işlikleri nämälim geljek zaman şekilinde goýup göçüriň. Et-, git-, aýt-, gaýt-, öýt-, ýatlat-, howluk-, daryk-, gijik-, birik-, janyk-, gönük.
522-nji gönükme. Özüňizden soňy e sesine gutarýan üç sany, a sesine gutarýan üç sany, k, t sesleriňe gutárýan üç sany düýp işlik tapyp, nämälim geljek zaman şekilinde depderiňize ýazyň. * * * * 523-nji gönükme. Nämälim geljek zaman işliginiň ýöňkeme bilen üýtgeýşiniň nusgasyny göçüriň we öwreniň.
ÝUMUŞ Nämälim geljek zaman işliginiň ýöňkeme goşulmalaryny aýratyn sütünde ýazyň. * * * *
524-nji gönükme. Mälim geljek zaman işliginiň ýöňkeme bilen üýtgeýşiniň nusgasyny göçüriň we öwreniň.
ÝUMUŞ: Ýöňkemelerde üýtgedilen işlikleriň öňüne degişli at çalyşmasyny goýup, ýatdan aýdyp görüň.
525-nji gönükme. Geljek zaman işliginiň ýokluk şekiliniň ýöňkeme bilen üýtgeýşiniň nusgasyny göçüriň.
ÝUMUŞLAR: 1.Mälim geljek zamanyň ýokluk şekilindäki işlikleriň öňüne degişli at çalyşmasyny goýup, ýatdan aýdyp görürň. 2. 3-nji ýoňkemäniň birliginde we köplüginde bolup geçýän ses üýtgeşmesine üns beriň.
526-nji gönükme.Düýp işlikleri mälim we nämälim geljek zaman şekilinde goýup ýazyň. Soňra olary ýöňkemäniň barlygynda (birlik we köplük sanda) hem ýoklugynda (birlik we köplük sanda) üýtgediň. Düýrle-, tasla-, tüýt-. * * * *
527-nji gönükme. Köp nokatlara derek biriniň adyny ýa at çalyşmalaryny hem-de mälim geljek zaman işliklerini goýup göçüriň. 1. ... babamlara ... . 2. ... ertir bazara... 3. ... kitaphana ...? 4. ... ol ýere ... . 5. ... okuwdan gijä... . 6. ... ýene birnäçe günden tigir ....
NUSGA: Men babamlara gitjek. Oraz ertir hazara gitjek... * * * *
528-nji gönükme. Köp nokatlara derek mälim we nämälim geljek zaman işliklerini goýup göçüriň. 1. Men şu gün hökmän bäşlik... . 2. Belki dostumdan hat ... . 3. Ertir howa maýyl ... . 4. Bäş bilen bäşi goşsaň on ... . 5. Sen şu wagt nirä ... . 6. Hekim ertir .... * * * *
529-nji gönükme. Köp nokatlara derek mälim we nämälim geljek zamanyň ýokluk şekilini goýup göçüriň. 1. Men-ä şu gün stadiona... 2. Olar biziň teklibimizi kabul... . 3. Filme tomaşa etjek bolsak, pälwanlaryň ýaryşyna gidip... . 4. Biz pes baha... . 5. Sen oba... . * * * *
530-nji gönükme. Dynç güni näme işlärin diýen temada gysgajyk hekaýa (810 sözlem) düzüň. Onda geljek zaman işligini ulanyň. Hekaýany şeýle başlamak bolar. Dynç güni men öňki turýan wagtym turaryn... |
||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||