|
3. IŞLIKLER a/IŞLIKLERIŇ MANYSY WE HYZMATLARY
503-nji gönükme. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň. Gymyldy-hereketiň kim we näme tarapyndan edilýändigini pikir ýöretme ýoly bilen düşündiriň. 1. Alty agasy Başim bilen aýlawa gitdi. Aýlawda her ýekşenbe güni ýaryş geçirilýär. Indiki sapar Alty aýlawa öz dostlary bilen gider. 2. Ýagyş ýagdy, soň ýalpyldan, Gün çykdy. Mergeniň eken nahallary gün-günden boý alyp ösýärler. Eken nahalyňa ideg etmeseň, ol guraýar. Eken nahallarymyz gözel diýarymyzy bag-bossanlyga öwrer. Men hem nahal ekjek.
Gün sözüniň baş harp bilen ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň. * * * * 504-nji gönükme. Göçüriň. işlikleriň haýsy zamany aňladýandygyny aýdyp beriň. 1. Öwez Şähere gitdi. 2. Şatlyk jigisine bir galam berdi. 3. Arzuwjyk indi kitaba seredip, käbir harplaryň suratyny çekýär. 4. Birinji klasa gelýänçä çagalar bagynda bolan Maýsa oňat ýazýar. 5. Men öýümizde terbiýelenýän jigime ýuwaş-ýuwaş-dan okamagy we ýazmagy öwretjek. 6. Mekdebe gidip başlan-da, jigim ökde bolar. ÝUMUŞLAR: 1.Öten, häzirki we geljek zaman işlikleriniň goşulmalaryny aýdyp beriň. 2.Zaman goşulmalary bölünenden soň galýan işlige nähili işlik diýilýär?
* * * * 505-nji gönükme. işlikleri nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň. Aýtjak, bilýär, geldi, girer, okady, ýazýar, görjek, alar, soraýar, begendi, berýär, gitjek, getirer.
ÝUMUŞ: Düýp işlikleriň haýsylary inçe çekimlili, haýsysy ýogyn çekimli?
506-nji gönükme.Köp nokatlaryň ýerine degişli zaman goşulmasyny goşup, depderiňze ýazyň. I. Kakam gel... (-dy, -di). 2. Doganym gel... (-dy, -di). 3. Hanha, ejem gel... (-ýar, -ýär). 4. Ertir Aşgabatdan agam gel... (-jak, -jek). 5. Agam ir bilen gel... (-ar, -er). 6. Men mekdebiň kitaphanasyna bar... (-jak, -jek). 7. Tawus ganatyny ýaz... (-dy, -di). SOR AGLAR: 1. -dy, -ýar, -jak, -ar zaman goşulmalary nähili çekimlili düýp işliklere goşulýar? 2. -di, -ýär, -jek, -er zaman goşulmalary nähili çekimlili düýp işliklere goşulýar?
* * * *
507-nji gönükme.. Okaň. Sözlemleriň habaryny tapyň we olaryň haýsy söz toparyna degişlidigini aýdyp beriň. Suw bütin älem-jahany gülzarlyga öwürýär. Depeleri asman bilen tapyşan beýik dag gerişlerindäki buzlar, galyň garlar ereýär. Olaryň suwundan ululy-kiçili derýalar döreýär. Ol suwlar aşaklygyna gaýdýar. Ýeriň suw baýlyklarynyň ýüzden iki bölegi içmäge ýaraýar. Birnäçe ýurtlarda agyz suwy eýýäm daşary ýurda satylýan haryda öwrüldi. Hemme ýurtlarda süýji suw azaljak. Şonuň üçinem ony aýawly tutýarlar. ÝUMUŞLAR: 1.Gülzarlyk, aýawly sözleriniň, agyz suwy aňlatmasynyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň. 2.Ýokarky tekstde ýygnak ýönekeý sözlemiň bardygyny ýa-da ýokdugyny aýdyp beriň.
508-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylyp aýratynlaşdyrylan işlikleriň sözlemiň haýsy agzasydygyny üstünden ýazyp görkeziň. 1. Okamak hökmandyr. 2. Merdanyň bar arzuwy işlemek boldy. 3. Ertir klasymyzda ýaryş boljak. 4. Biz üstünlik gazanarys. Sözlemiň habaryndan başga agzasy bolup gelen işliklerde zaman, san goşulmalary barmy?
509-nji gönükme. Işligiň nämälim şekilindäki işlikleri tapyp, nusgadaky ýaly edip, depderiňize göçüriň. Işledi, turjak, okamak, biler, garşylamak, tokmak, ýöreýär, gyzarýar, uçmak, göçmek, tümmek, diňleýär, ýaşmak, üýşmek, görjek, açar, bermek.
NUSGA: Düýp işlik. Goşulma, oka -mak... ÝUMUŞLAR: 1.Ýaşmak, üýşmek sözleriniň at manysynda gelşini aýdyp beriň. 2.Galan işlikleriň haýsy zamandadygyny hem-de düýp işligini aýdyň. 3.Tokmak, tümmek sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.
* * * * 510-nji gönükme. Nämälim şekilindäki sözleriň düýp işliklerini tapyň we olara zaman goşulmalaryny goşup ýazyň. Soramak, saramak, ýöremek, barmak, görmek, maslahatlaşmak. NUSGA: maslahatlaş maslahatlaşdy, maslahatlaşýar, maslahatlaşjak, maslahatlaşar... YUMUŞ: Işlik zamanlarynyň nähili ýasalýandygyny aýdyp beriň. * * * *
511-nji gönükme. Göçüriň. Söziemleriň eýesini we habaryny tapyp, aşagyny çyzyň. Soňra olaryň aýyklaýjy agzalaryny taşlap, ýygnak ýönekeý sözlemi aýratyn ýazyň . 1. Çary top oýnady. 2. Maral gölejigiň ýanyna bardy.. 3. Men dostuma hat ýazjak. 4. Dostum maňa ýüz tutdy. 5. Orazgeldi maňa sorag berdi. 6. Men dostumy gowy görýärin. ÝUMUŞLAR: 1. Sözlemiň gutaran oý-pikiri aňladýandygyny ýadyňyza salyň. 2. 46-njy sözlemleriň habarlary näçe sözden durýarlar? 3.Ýüz tutmak sözüni bir söz bilen aýdyň.
512-nji gönükme.Sada işlikleri biraýry, goşma işlikleri biraýry göçüriň. Gulplamak, duzlamak, ýapraklamak, elemedeşik etmek, küdelemek, tamam bolmak, gögermek, baýamak, haýran galmak, suwamak, uzaklaşdyrmak, taýynlyk görmek, çaňjarmak, üstün çykmak, gapgarmak, küýsemek, ýylanmak, güneşlemek, emele gelmek, şatlanmak. * * * * 513-nji gönükme.Okaň. Ýygnak ýönekeý sözlemleri aýry, ýaýraň sözlemleri aýry göçüriň. 1. Meleguş ýeňiş gazandy. 2. Medet obadan geldi. 3. Futbolçy hüjüm etdi. 4. Nurgeldi güman etdi. 5. Ýagyş güýçli ýagdy. 6. Kitaphana kitap geljek. 7. Aldana kim ynam eder? 8. Oraz gowuja pikir etdi. * * * *
514-nji gönükme. Düýp işliklerden işlik zamanlarynyň birini hasyl edip epderiňize ýazyň. agart-, çek-, geň gal-. uýanla-, mejbur et-, taýýarla-, gysga bol-, duş gel-, doldurt-, tabşyryl-, ýygnan-, düşüt-, dynç al-. SOR AGLAR A DILDEN JOGAP BERIŇ 1.Işligiň nämälim şekiliniň goşulmalary haýsylar? 2.Düýp işlik diýip nämä aýdylýar? 3.Sada işlikler näçe sözden ybyrat bolýar? 4.Goşma işlikler näçe sözden ybarat bolýar? |
||||||||||||||||||||||