Yza gaydyng

b/SYPAT DEREJELERI

487-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Has gara ýazylan sypat-laryň aňladýan manylaryny deňeşdiriň. Olaryň biri-birinden tapawu-dyny aýdyp beriň.

l. Gülaby gawuny süýji.

2. Waharman gülabydan süýjüräk.

3. Garrygyz gawunynyň tagamy süýjümtik.

4. Zamça bolsa süp-süýji.

5. Bu gawun süýjüje eken.

Gülaby, garrygyz, zamça sözleriniň manysyny düşündiriň.

Sypatlar aňladýan alamatlarynyň predmetlerde köp ýa az derejededigini hem görkezip bilýärler.

Şol alamatlaryň deňeşdirilmeginden sypat derejeleri emele gelýär.

Sypatlaryň düýp, kemlik, artyklyk, deňeşdirme we söýgülik derejeleri bar. Sypat derejeleri, esasan, hil sypatlaryna mahsusdyr.

488-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Sypatlary depderiňize göçüriň we olara goşulan goşulmanyň aşagyny çyzyň.

1. Öweziň turşumtyk gatygy içesi gelmedi.

2. Zöhräniň ilkinji bişiren kebaby sorumtyk boldy.

3. Merediň geýen gögümtil köýnegi oňa gowy gelişýär.

4. Klasyň içine bir ýerden gyzgylt şöhle düşüp dur.

5. Kagyzy ýaksaň, ajymtyk tüsse ýaýraýar.

Depderiňize ýazan sözleriňize goşulan goşulmalaryň olaryň manysyna nähili täsir edýändigini aýdyň.

* * * *

489-nji gönükme. Ýaýyň içindäki sözlere - ymtyl,-imtil, -rak, -räk, -mtyl, -mtil, -umtyl, -ümtil, -ymtyk, -imtik, -umtyk, -ümtik, -gylt goşulmalarynyň degişlisini goşup, Sözlemleri göçüriň.

1. Stoluň üstündäki ak matanyň birnäçe ýeriňde (gyzyl) menek bardy.

2. Derýanyň (mele) suwy çyrpynyp akyp ýatyr.

3. Kartoşka sowuk degipdir, birhili (süýji) kakýar.

4.Baglaryň aşagynda (goňur) ýapraklar dolup ýatyr.

5. Könelen kitabyň (sary) sahypalary suw degip yýgrylypdyr.

6. Bişmedik almanyň (ajy) tagamy bar.

1.Goşulan goşulmalar şol sypatlara many taýdan nähili täsir edýär?

2.Goşulma goşulmadyk bolsa sözlemleriň manysynda nähili tapawut bolardy?

3.Emele gelen sypatlara sorag berip görüň.

Hiç hili dereje goşulmasy goşulmadyk asyl we ýasama sypatlar sypatlaryň düýp derejesidir.

Meselem: gara, gyşky, ajy, ýyrtyk.

Sypatlaryň kemlik derejesi düýp derejedäki sypatlaryň yzyna -mtyl, -mtil, -ymtyl, -imtil, -umtyl, -ümtil, -ym- tyk, -imtik, -umtyk, -ümtik, -mtyk, -mtik, -gylt goşulmalary goşulyp ýasalýar.

Meselem: süýji-süýjümtik, gara-gara mtyl, ajy-ajymtyk.

Kemlik derejesindäki sypatlar düýp derejedäki sypatlaryň aňladýan manysyndan birneme kemligi aňladýar.

-mtyl, -mtil, -ymtyl, -imtil, -umtyl, -ümtil goşulmalary, esasan, reňk aňladýan sypatlara goşulýar.

-mtyk, -imtik, -ymtyk, -imtik, -umtyk, -ümük goşulmalary, esasan, tagam aňladýan sypatlara goşulýar.

-gylt goşulmasy gyzyl, sary sözlerine goşulyp, gyzgylt, sargylt görnüşinde ulanylýarlar.

490-nji gönükme. Reňk, tagam aňladýan sypatlaryň her birine mysal tapyň. Olary sypatlaryň kemlik derejesinde getirip, depderiňize ýazyň.

NUSGA: ýaşyl-ýaşylymtyl...  

                 süýji—süýiümtik...

1.Häsiýet, hil, şekil, ölçeg aňladýan sypatlara kemlik derejesiniň goşulmasyny goşup bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny mysallar bilen subut ediň.

2.Kemlik derejesiniň goşulmalarynyň, esasan, nähili many aňladýan sypatlara goşulýandygyny aýdyp beriň.

* * * *

491-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sypatlaryň manysyna üns beriň. Düýp derejedäki sypatlary aýratyn setire ýazyň.

1. Howa yp-yssy.

2. Erikler bişmänkä göm-gök bolýar.

3. Şu aýdýanyň dos-dogry.

4. Sapaga taýýarlanman gelen okuwçy utanyp, çuw gyzyl bolup otyr.

5. Çym-gyzyl narlar saçaga gelşik berýär.

6. Şar gara saçly gyz ýerinden turdy.

7. Serdarjyk öýe gelende, onuň elleri hüýt garady.

8. Men iň gowy ýurtda ýaşaýaryn.

9. Meýlis örän oňat okuwçy.

10. Bu has gowy kitap.

ÝUMUŞLAR:

1.Aýratynlaşdyrylan  sözleriň  sözlemiň  haýsy  agzasy   bolup gelendigini aýdyň.

2.Şu  sözlere  sorag beriň.

3.Sypatlaryň ýazylyşyna üns beriň.

Sypatlaryň artyklyk derejesi iki hili ýol bilen ýasalýar.

Düýp derejedäki sypatlaryň öňünden iň, örän, şar,
çuw, has ýaly kömekçileriň getirilmegi bilen aňladylýar.
Meselem: şar gara, örän owadan, çuw ak.

Düýp derejedäki käbir sypatlaryň ikinji çekimsizine çenli alnyp, olara m, p, s sesleriniň biri goşulmak arkaly aňladylýar.

Meselem: gap-gara, dos-dogry, göm-gök, gös-göni.

Artyklyk derejesindäki sypatlar düýp derejedäki sypatlaryň aňladýan manysyndan has artyklygy aňladýar.

492-nji gönükme. Göçüriň. Ýaýyň içindäki sypaty artyklyk derejede getiriň. Artyklyk derejesiniň iki hili aňladylyşyndan hem peýdalanyň.

1. Ejem irden bize (goýy) gaýmak berdi.

2. Tomsuna serlen köýnek bir sagatdan (gury) bolaýýardy.

3. Türkmenbaşy şäheri (owadan).

4. Bagşy aga (gowy) adamdy.

5. Kitaphanada kitaplar (gelşikli) edilip goýlupdyr.

6. Goňşymyzyň (gara) güjüjegi bar.

7. Şu ýol bilen (dogry) gidiber.

1. Ýaýýň içindäki sypatlardan nähili ýol bilen artyklyk derejesiniň ýasalandygyny aýdyň.

Ýap-ýaşyl, dos-dogry, göm-gök.ýaly usulda ýasalýan artyklyk derejesindäki sypatlar defisli ýazylýar.

Örän sypaýy, hüýt gara ýaly öňlerinden kömekçileriň getirilmegi bilen ýasalýan artyklyk derejesi defissiz ýazylýar.

493-nji gönükme. Düýp derejedäki sypatlary artyklyk derejesinde getirip ýazyň.

Sary, şor, dury, ýalta, gyzyl, golaý, gowy, ýumşak, beýik, düýnki, gaýraky, mekdepdäki.

Haýsy sypatlardan artyklyk derejesini emele getirip bolmady? Olar haýsy many toparyna degişli?

* * * *

494-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sypatlaryň many toparyny anyklaň. Sypatlaryň sozlerniň haýsy agzasy bolup gelýändigini aýdyň.

l  Gandym aga gowurmanyň üstüne ownugrak sogan dogrady.

2. Pälwan uzynrak boýly. incemik ýigitdi.

3. Bu günki ýagýan iriräk gar düýnkä görä köp ýagdy.

4. Agrak reňkli köýnegiňiz ýokmy?

5. Goja bagsynyň sesi gyrygrak hem bolsa, diýseň ýakymlydyl

6. Sygrymyň kemi ýokdur, ýöne biraz süsegräkdir.

7. Maňa süýjüräk çaý beriň.

8. Kitaplary içkiräk jaýlaryň birinde goýdum.

9. Gadam, saňa akyllyrak oglanmykaň diýip ýördüm.

10. Bu ýerler bir suwsuzrak ýerler-dä.

11. Ikimiz ýaşdaşrak.

Sypatlaryň deňeşdirme derejesi düýp derejedäki sypatlara  -rak, -räk  goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar.

Meselem: iriräk, ownugrak, kiçiräk, ulurak, gyzylrak.

495-nji gönükme. Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülişini, dodak çekimlileriniň ýazuw düzgünini ýadyňyza salyň. Sözlemleri göçüreniňizde, sypaty deňeşdirme derejesine goýup ýazyň.

1. Sakçyny belent ýerde goýdular.

2. Dükanlary aýlanyp gyzyl matanyň deregine gök mata tapdylar.

3. Çuw ak mata hökman däl, birneme ak bolsa hem bolýar.

4. Mawy gözli hem bolsa, ol türkmen oglanydy.

5. Muňa görä dury suwuňyz hem barmy?

6. Bir gün Ependi typançak ýol bilen barýarka, taýyp ýykylypdyr.

7. Haryt gowy welin, ol gymmat eken.

8. Çagalaryň biri tomusda ýabyň bulanyk suwuna girip, aýagyny agyrdypdyr.

9. Ýaşuly adama ýumşak çörek beriň.

10. Maňa uly halta beriň.

Haryt sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

496-nji gönükme. Okaň. Deňeşdirme derejesindäki sypatlary tapyň we olaryň haýsy derejedäki sypatdan ýasalandygyny aýdyp beriň.

1. Gözi äýnekli, hortap, päkize eşikli bir adam köne golýazmanyň sargyldrak sahypalaryny emaý bilen agdaryşdyryp otyr.

2. Ýaşyp barýan Günüň gyzgyldrak şöhleleri gözüňi o diýen gamasdyrmaýar.

3. Düýe ajymtygrak suwdan mazaly içdi.

4. Gyzym, naharyň şorumtygrak bolupdyr.

1.Gözi äýnekli, hortap, päkize eşikli sypatlary sözlemiň haýsy agzasy bolup gelýär?

2.Golýazma, emaý bilen, mazaly sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

497-nji gönükme. Sypatlaryň dürli many toparlaryna degişli 10 sany sypaty deňesdirme derejesiude goýup, sözlem içinde getiriň.

* * * *

498-nji gönükme. Göçüriň. Aýratynlaşdyrylan sypatlaryň manysyny anyklamaga çalşyň.

1. Agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy (Matal).

2. Kiçijik jigim garaja gözlerini oýnadyp, ýanyma geldi.

3. Meniň gezegenje göläm  käte gaty daşa gidiberýär.

4. Munuň ýaly süýjüje kökäni heniz iýip gören däldirin.

5. Ynha, içseň, ýuwanja gatyk.

 6. Tüweleme, Jereniň ýogynja örümli saçy bar.

7. Garga öwgä çydaman agzyndakyja peýniri gaçyraýýpdyr.

8. içiň gysýanyny bilýän, seniň ýadyňa tomuskyja günler düşýändir.

9. Gurban, dogrudanam, akyllyja oglan.

10. Myrtar ördejik kiçijik wagty gelşiksizje guş bolupdyr.

11. Bu jaýda meniň bilen ýaşytdaşja oglan ýaşaýar.

12. Bu bagyň heniz boyý gysgajyk.

13. Bir ýerden inçejik ses gelýär.

14. Onuň ýeňiljek ýüki bar.

Sypatlaryň söýgülik derejesi -ja/-je, -jyk/-jik, -jak/ -jek goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýar.

Artyklyk, kemlik, deňeşdirme derejeleriniň aňladýan alamatlary düýp derejedäki sypatyň aňladýan alamaty bilen deňeşdirilýär. Söýgülik derejesi alamatyň artykdygyny ýa-da kemdigini aňlatmaýar-da, adamyň bir zada garaýşyny bildirýär.

Ol, köplenç, gowy görmek bilen bagly bolýar.

Soňy k sesine gutarýan sypatlara -jyk, -jik, -jak, -jek goşulmalary goşulanda, şol k sesi düşüp galýar: ürkek-ürkejik, agsak-agsajyk, döwük-döwüjek we ş.m.

499-nji gönükme. Okaň. Söýgülik derejesindäki sypatlary tapyp, depderiňize ýazyň.

1. Oglanlar ahyry bir sowujak suw akyp ýatan çeşmäniň üstünden barypdyr.

2. Keminäniň ýyrtyjak içmegi gepden doly eken.

3. Nury agsajyk güjügini weterinar lukmana görkezdi.

4. Oýnawajyň ýüp ötürer ýaly deşijek ýeri hem bar.

5. Bilbil saýrasa, garga-da bogujak sesi bilen gagyldap başlapdyr.

6. Myssyjak tamdyr çöreginden hezil edip iýdim.

7. Togalajyk şar agyr eken, sebäbi ol demirden guýlupdyr.

1.Düýp derejedäki sypatlary aýdyp beriň.

2.Weterinar lukmany, guýulmak, ýük urmak sözlerini düşündiriň.

Soňy yk, ik, uk, ük sesleri bilen gutarýan köp bogunly sypatlara -jak, -jek goşulmasy guşulýar.

Meselem: döwük-döwü-jek, ýyrtyk-ýyrty-jak we ş.m. Köp bogunly sypatlaryň soňy ak, ek sesleri bilen gutarsa, onda oňa -jyk, -jik goşulmasy goşulýar: gorkak—gorka+jyk, depek—depe+jik we ş.m.

500-nji gönükme. Ýaý içindäki sypatlary söýgülik derejesinde goýup sözlemleri göçüriň.

1. Meret aganyň süýtli (gara) geçişi bardy.

2. Garry ene ak guş ýaly bolup, (ýumşak) çörekden azajykdan iýip otyrdy.

 3. (Gorkak) bolsa-da, (ürkek) bolsa-da, Nyýaz owlajygyny diýseň gowy görýärdi.

4. Düýn myhman gelende, Keýijek onuň öňünde çörek bilen (ýuwan) gatyk goýdy.

5. Şeýle äpet ýerasty gowagyň (dar) girelgesi bar eken.

6. (Gadymky) çağlar galdy (dessandan).

7. Çary sygyrlary (otluk) ýere eltip, örkläp goýdy.

8. Maňa ilki bir jam suw beriň, ertirden bäri (suwsuz) gatandyryn.

Ak guş ýaly aňlatmasynyň, süýtli, gowak, örklemek, gata-mak sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

501-nji gönükme. Göçüriň. Sypatlaryň sintaktik hyzmatyny, many toparyny hem-de derejesini aýdyp beriň.

1. Şu günler howa sowuk.

2. Mundan birki aý ozalam gijelerine maýylrak bolýardy.

3. Sap-sary ýapraklaryň galyň örtügi ýeri görkezmän ýatyr.

4. Waharman iň datly gawunlarymyzyň biridir.

5. Döwletli arsyz gerek (Nakyl).

6. Gögümtil üzümler heniz tagamyna gelmändir.

7. Ak gün agardar, gara gün garaldar (Nakyl).

8. Ýagşy bilen yoldaş bolsaň, galan işiň bitirer,

ýaman bilen ýoldaş bolsaň, ýörän ýoluň ýitirer (Nakyl).

9. iki klasdaş oglan kitaphana girip gitdi.

10. Hydyr ulalanda, uzyn, daýaw ýigit bolar.

11. Meniň düýnki gelşim.

Arsyz sözüniň, tagamyna gelmek aňlatmasynyň manysyny düşündiriň we depderiňize göçüriň.

GAÝTALMAK ÜÇIN SORAGLAR:

1.Sypatlar diýip nämä aýdylýar?

2.Sypatlar reňkden, tagamdan, şekilden başga nämäni aňladýar?

3.Gurluşy boýunça sypatlar näçe topara bölünýär.

4.Asyl sypat we ýasama sypat diýip nähili sypatlara aýdylýar? Olar nähili soraga jogap bolýar?

5.Hil sypatlary haýsylar? Olar nähili soraga jogap bolýar?

6.Otnositel   sypatlar  haýsylar?   Olar  nähili   soraglara   jogap bolýar?

7.Sypatlaryň näçe many topary bar we olar haýsylar?

8.Sypatlaryň näçe derejesi bar we olar haýsylar?

9.Düýp dereje, dereje ýasaýjy goşulma kabul edýärmi?

10.Kemlik, artyklyk we deňeşdirme derejeleriniň nähili umumylygy bar?

11.Söýgülik dereje beýleki sypat derejelerinden näme bilen tapawutlanýar?

12.Sypatlar sözlemde haýsy agzalar bolup bilýärler?

13.Sypatyň esasy sintaktik hyzmaty näme?

14. Sypatlarda   dymyk   çekimsizleriň   açyga   öwrülişine   mysal getiriň.

15. Sypatlarda dodak çekimlileriň ýazuw düzgünine mysal getiriň.

16. Sypatlaryň  leksik  manysy,  sintaktik  hyzmaty,   derejeleri, many toparlary barada pikir ýöretme ýoly bilen jogap beriň..

* * * *

502-nji gönükme. «Sypat derejeleri» tablisasyny göçüriň. Söýgülik derejesine tarap gidýän peýkamyň diňe bir ujunyň bardygynyň sebäbini düşündiriň.