Yza gaydyng

2.SYPATLAR

a/SYPATLARYŇ MANYSY WE HYZMATLARY

476-njy gönükme. Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy söz toparyna degişlidigini aýdyň.

1.Hudaýa şükür, ýaşaýşymyz şatlykly günlerden doly. Olar biziň şadyýan durmuşymyzyň alamatydyr.

2.Akyldar adamlara tagzym ediň. Beýik ynsanlar durmuşyň bezegidir.

3.Gedem adam bilen deň bolmaň. Ulumsy adam akylly däldir.

4.Wepaly dostuňyzyň gadyryny biliň. Olar mydama siziň bilendir.

ÝUMUŞLAR:

1. Ýokarky sözlemlerden sinonimleri tapyp, depderiňize göçüriň.

2. Tagzym etmek, gedem, akyldar sözleriniň manysyny düşündiriň.

ÝADYŇYZDAMY?

Sypatlar atlara baglanyp, olaryň reňkini, tagamyny, şekilini, uly-kiçiligini görkezýärler we nähili?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: gyzyl (nähili?) galam, süýji (neneňsi?) köke, togalak (nähili?) daş, uly (nähili?) şäher, oňat (neneňsi) okuwçy we ş.m.

Cypatlar öz baglanýan atlarynyň öňünden gelýärler.

Meselem: gözel oba, kiçijik bagban we ş.m.

477-njy gönükme. Tapmaçalary okaň we bularyň nämedigini aýdyň. Bulardaky sypatlary depderiňize göçüriň.

Goşa ganatly,

Laçyn haýbatly

Benzin iýmitli,

Uçanda batly,

Aýagy ýelli,

Asmandan ýolly,

Hany adyny

Bilsene, Bally!

Gyzyl, ýaşyl, sary göz,

Her birisi syrly söz.

Syryny açmak gerek,

Soň ýoldan geçmek gerek.

Göçüren sypatlaryňyz predmetiň haýsy alamatyny aňladýar.(reňkinimi, tagamynymy, şekilinimi...)?

Şol sypatlaryň köpüsiniň öz arasynda nähili umumylygy bar?

* * * *

478-njy gönükme. Nakyllary okaň we göçüriň. Sypatlaryň aşagyny cyzyň. Olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny ýadyňyza salyň.

1.Ak iner çökmese, boz maýa gaýmaz.

2.Atda al gursun, ýerde—şor.

3.Bahyl adamyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez.

4.Bedasyl yigide jepa çekme, gury ýere tohum sepme.

5.Gerekli daşyň agramy ýok.

6.Galp adamyň gazany gaýnamaz.

7.Akylly adam güne meňzär, nirä barsa ýagtyldar.

8.Azapsyz ýeriň ady ýok.

ÝUMUŞLAR

1. Iner, maýa, galp sözleriniň manysyny düşündirip, depderiňize ýazyň.

2. 3-nji sözlemde  adamyň sözüni taşlap ulanyp bolarmy?

3. 6-njy sözlemde  adamyň   sözüni taşlap bolarmy?

* * * *

479-njy gönükme. Aşakdaky sypatlary manylary boýunça toparlara bölüp göçüriň.

Gök, gowy, melewşe, gülgün, gyrmyzy, oňat, şor, ýuwan, süýji, ýagşi, tegelek, ýaşyl, goňur, ýasy, mes, gyzyl, bahyl, düýnki, suwly, bulutsyz, ýaşytdaş.

           

SORAGLAR

1.Sypatlaryň   reňk,   tagam,   şekil,   uly-kiçilik   aňlatmaýanlary hem barmy?

2.Bulutsyz, ýaşytdaş, bahyl, düýnki, suwly sypatlaryny haýsy topara goşduňyz?

480-njy gönükme. Sypatlaryň sinonimlerini hem-de antonimlerini tapyp ýazyň.

Süýji, ak, gelşikli, güýçli, uzyn, batyr, utanjaň, çaýly, apişgeli, şahsyz, daşky, etlek, gaýgyçyl, merdana.

NUSGA:

Süýji—tagamly—ajy; ak—boz—gara...

SOR AGLAR:

1.Batyr,  utanjaň,  gaýgyçyl,  merdana  sypatlary  näme  bilen bagly (adam bilenmi ýa-da predmet bilen)?

2.Çaýly, äpişgeli, şahsyz sypatlaryna nämäni aňladýan sypatlar diýmek bolar?

* * * *

481-njy gönükme. Okaň. Adamy we haýwanlary häsiýetlendirýän  sypatlary tapyp göçüriň.

1. Şol wagt peýda bolan ala ýabyly, ala horjunly, ala donly, ala sakgally, ala gözli gedaý olaryň keýpini bozdy.

2. Emma jozzuk ýaly garry Kelekbaý nasly agzyny pakgyldadyp, ilki bilen wäşilige saldy.

3. Guýruksyz, gulaksyz, kelek sygyr Kelekbaýyň Japbaklara satan garpyzy ýaly togalakdy.

4. Japbaklaryň sygry gezegen bolsa, ýabysy gezmezek boldy.

5. Heniz tüýi ýetmedik gyzyletene çaga guşlaryň sesleri eşidildi

(B. Kerbabaýewden).

6. Taýçanaklaryň käbiri tosundy, käbiri bolsa çekgindi.

7. Tez keýikler birsalymdan orän daşa gitdiler.

8. Jumanyň eşegi çapgyr.

9. Nurular süsek sygyrlaryny satdylar.

ÝUMUŞLAR:

1.Wäşilige salmak aňlatmasynyň manysyny düşündiriň.

2.Tosun, pakgyldatmak, çekgin sözleriniň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

482-njy gönükme. Okaň. Barlygy, ýoklugy, bir zadyň ornuny, wagty, umumylygy bildirýän sypatlary tapyp, depderiňize ýazyň.

Oraz bilen Serdar ýaşdaş. Bularyň ikisi hem gaýraky obada ýaşýarlar. Dostlar bileje agşamky kružoklara hem gatnaşýarlar. Obada olara akylly oglanlar diýýärler. Okuwdan boş wagtlary olar tigirli arabalary bilen gidip, ot ýygyp getirýärler. Suw-suz ýere gitseler, olar ýanlary bilen suw göterýärler.

l. Depderiňize ýazan sypatlaryňyza sorag beriň. Nähili?, neneňsi? soraglaryııdan başga-da sypatlara haýsy? diýen soragy hem berip bolýandygyna üns beriň.

Sypatlar predmetleriň reňkini, tagamyny, hilini aňlatmakdan başga olaryň ornuny, wagtyny, barlygyny, ýoklugyny hem aňladýarlar. Şu häsiýetleri boýunça olar hil sypatlar we otnositel sypatlar diýen iki topara bölünýärler.

Hil sypatlar predmetleriň reňkini, tagamyny, möçberini, şekilini, hilini, adamyň we haýwanlaryň häsiýetini, kemçiligini aňladýarlar.

Meselem: gyzyl alma, süýji gawun, beýik jaý, tegelek çörek, gowy kitap, düşbi oglan, ürkek mal, kelek geçi.

Otnositel sypatlar predmetleriň ornuny, wagtyny, barlygyny, ýoklugyııy, umumylyk taraplaryny aňladýarlar.

Meselem: içki otag, düýnki gürrüň, suwsuz ýap, çaýly käse, klasdaş ýoldaşym.

483-njy gönükme. Sypatlaryň many toparlaryna degişli beden aşakdaky sözleriň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Mawy, susek, turşy, uly, ýasy, ýykyk, kelek, güýzki, gaply, mekdepdäki, ildeş, .duzsuz.

ÝUMUŞLAR:

1.Mawy, gülgün,  kelek sypat  sözleriniň  manysyny  öwreniň we aýdyp beriň.

2.Olaryň sinonimlerini, antonimlerini tapmaga çalşyň.

3.Gyzgylt sözüniň haýsy reňki aňladýan söz bilen baglydygyny düşündiriň.

* * * *

484-njy gönükme. Asyl sözüň we gosulmanyň nämedigini ýadyňyza salyň. Sözlemlerden sypatlary tapyp, olary asyl söze we goşulma bölüp ýazyň.

1. Ýigit çagalykdaky arzuwyna ýetipdi.

2. Ol bu gün uly joşgun bilen ýüzüp gelipdi.

3. Düýn Şirin eje Watan hakda gyzykly gürrüň etdi. Şonda Bibi Watanymyz öýümiz diýse, Aman obamyz diýdi. Jeren bolsa bagymyz diýdi.

—Şeýlemi? Sen näme diýdiň?

—Men Watanymyz tutuş ýurdumyz, beýik daglaram, giň ekin meýdanlaram, belent çynarlaram, jülgeden akýan sowuk suwly çeşme-de, çapýan ýüwrük atlarymyzam, miweli baglarymyzam, owadan bägüllerem diýdim.

(A.Çopanowdan).

1. Watana söýgi nämeden başlanýandygy barada öz pikiriňizi aýdyň.

Sypatlar gurluşy boýunça iki topara bölünýärler:

1.Asyl sypatlar: ak, gyzyl, owadan, giň, beýik, süýji..,

2.Ýasama sypatlar: cyzyk-ly, düýn-ki, mekdep-däki...
Asyl sypatlary gurluşy taýyndan asyl söze we goşulma bölüp bolmaýar.

Ýasama sypatlar bolsa asyl söze we goşulma bölünýärler. Olar söz ýasaýjy gosulmanyň kömegi bilen emele gelýärler. Ýokarky mysal getirilen çyzyk sözüne —ly, düýn sözüne -ki, mekdep sözüne -däki sypat ýasaýjy goşulmalar goşulypdyr. Türkmen dilinde sypat ýasaýjy goşulma köpdür.

485-njy gönükme. Has gara ýazylan sypatlaryň sözlemiň haý-sy agzasy bolup gelendigini aýdyp beriň.

1. Ýel gaýradan öwsende, güýçli hemem syrgynly bolýardy.

2. Aky aga burçda duran ullakan hem owadan telewizora seretdi.

3. Sadap ajy gök çaý demläp, gaýnatasynyň öňünde goýdy.

4. Suwda galkyşlap, seýneriň darajyk kaýutasynda, insiz hem gaty telärinde ýatanyň bir başga, giň jaýda, ýumşak düşegiň üstünde ýatanyň bir başga!

5. Sadap bir düwünçege iýer-içer ýaly ojuk-bujuk zat salyp, Aky aga gowşurdy.

(Ş. Borjakowdan).

Amanyň topy gyzyl. Salyhyň topy ýaşyl, ýöne onuň topunyň ortasynda akly-gyzylly halkasy bar. Gyzyl bilen ýaşyl topy dostlar gezekleşdirip oýnaýardylar.

Döwletli ýap gazar, bidöwlet bent beklär. (Nakyl).

ÝUMUŞLAR:

1.Deňdes  agza  bolup  gelýän  sypatlary  tapyp,  depderiňize göçüriň.

2.Aýyrgyçlaryň ada, doldurgyçlaryň habara baglanyşyny aýdyp beriň.

Sypatlar sözlemde, esasan, aýyrgyç bolup gelýärler, Sypatlar eýe, habar, doldurgyç hyzmatynda hem gelip bilýärler.

486-njy gönükme. özüňizden ýedi sany sözlem düzüň. Olarda sypatlary eýe, habar, aýyrgyç, doldurgyç, deňdes agza hyzmatynda getiriň.

Sypatlaryň nähili manylary aňladýandygyny aýdyp beriň.