|
d/ATLARYŇ DÜŞÜM BILEN ÜÝTGEÝIŞLERI Atlar düşümler bilen üýtgeýärler. Türkmen dilinde alty düşüm bolup, olaryň degişli soraglary bar.
450-nji gönükme. Düşümleriň atlaryn, soraglaryny okaň we öwreniň.
451-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine düşümleriň atlaryny ýazyp, aşakdakylary göçüriň. Bularyň her biriniň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň. ... Maral, depder, Tejen. ... Maralyň, depderiň, Tejeniň. ... Marala, depdere, Tejene. ... Maraly, depderi, Tejeni. ... Maralda, depderde, Tejende. ... Maraldan, depderden, Tejenden. * * * *
452-nji gönükme. Mergen, galam, tamdyr sözlerini düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Baş döşüm Mergen, galam, tamdyr. Eýelik düşüm ..., ..., .... Ýöneliş düşüm ..., ..., .... Ýeniş düşüm ..., ..., .... Wagt-orun düşüm ..., ..., .... Çykyş düşüm ..., ..., .... Mergen, galam, tamdyr sözleriň iň soňý nähili sese gutarýar? Bu sözlere goşulan düşüm goşulmalaryny aýdyň. * * * * 453-nji gönükme. Teksti okaň. Sözlemlerdäki düşümde üýtgän Oraz, Selim sözlerini depderiňize göçüriň. Oraz bilen Selim bize gezmäge geldiler. Orazyň, Selimiň käwagt meniň ýanyma geläýmeleri bar. Oraza we Selime men hormat goýýaryn. Orazy, Selimi sylaýaryn. Orazda we Selimde dosta wepalylyk bar. Şu meselede biz Orazdan we Selimden görelde almaly. Göçürip alan atlaryňyza goşulan goşulmalary, olaryň haýsy düşümiň goşulmasydygyny aýdyň. * * * *
454-nji gönükme. Çekimsiz sese gutarýan atlaryň düşüm goşulmalaryny okaň we öwreniň.
455-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üýtgediň we nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň. Güýz, gün, açar, guş, kelem. NUSGA:
456-nji gönükme.Eýelik düşümde getirilen aşakdaky atlary okaň we soraglara dilden jogap beriň. Açar-yň, bal-yň, diş-iň, dil-iň, kelem-iň, käşir-iň, sogan-ýň, saç-yň, garpyz-yň, gawun-yň. SORAGLAR: 1.Ýokarky eýelik düşümde getiriden atlaryň düýp sözleri näçe bogunly we olar nähili seslere gutarýarlar? 2.Bularyň bir bogunlylarynyň düzüminde dodak çekimli barmy ýa-da ýokmy? 3.Bulara eýelik düşümiň haýsy goşulmalary goşulypdyr?
457-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Ýaýyň içindäki atlara eýelik düşümiň degişli goşulmasyny goşup, ýaýdan çykaryp ýazyň. 1. Men (Oraz) ýanyna bardym. (Oraz) ýanynda Merdan hem bar eken. Bize (Merdan) beren gürrüňi ýarady. 2. Men düýn irden (gün) dogşuny synladym. 3. Atam (diş) düýpleri üçin (käşir) peýdasy barada gürrüň berdi. 4. Käbir (söz) birnäçe manysy bolýar. (Olar) biri şol (söz) esasy manysydyr. 5. Men (atam) berýän öwüt-nesihatlaryny höwes bilen diňleýärin. 6. (Obamyz) bagynda (guş) höwürtgesi köp. * * * *
458-nji gönükme.Düşümler bilen üýtgedilen aşakdaky atlary okaň we soraglara dilden jogap beriň.
1.Ýokarky düşümler bilen üýtgedilen atlaryň soňy baş düşümde nähili çekimsiz sese gutarýar? 2.Bularyň soňundaky çekimsiz sesler haýsy düşümlerde başga çekimsiz sese öwrülýär?
459-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Çarşak, mekdep, kömek, armyt, dürtgüç. NUSGA: Baş d. Kömek, ... Eýelik d. Kömegiň, ... Ýöneliş d. Kömege, ... Ýeňiş d. Kömegi, ... Wagt-orun d. Kömekde, ... Çykyş d. Kömekden, ... 1.Ýokarky atlaryň soňundaky k, p, t, ç seslen haýsy düşümlerde g, b, d, j seslerine öwrülýärler. 2.Çarşak sözüniň manysyny düşundiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * *
460-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri depderiňize göçüriň. Soraglara dilden jogap beriň.
SORAGLAR: 1.Göçürip alan sözleriňiziň düýp sözüni we olaryň näçe bogunlydygyny aýdyň. 2.Olaryň haýsylarynyň birinji bognundaky çekimli uzyn, haýsylarynyňky gysga aýdylýar? 3.Ýokarky bir bogunly sözleriň soňundaky k, p, r, ç sesleri çekimlisi uzyn aýdylýan atlarda g, b, d, j seslerine öwrülipmi ýa-da gysga aýdylýanlarynda?
461-nji gönükme. Aşakdaky atlary eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümlerde getirip, depderiňize ýazyň. Bat, sagat, çöp, çekiç, göç, gap, owlak, ok, balyk, gök. NUSGA: Eýelik d. Gocuň, ... Ýönel. d. Goça, ... Ýeňiş d. Goçy, ... * * * *
462-nji gönükme. Eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümler bilen üýtgedilen atlary okaň we olaryň düýp sözüni göçüriň. Eýelik d. Çaglyň, selniň, tomsuň, maňzyň, sygryň, köwşüň. Ýönel. d. Çagla, selne, tomsa, maňza, sygra, köwşe. Ýeniş d. Çagly, selni, tomsy, maňzy, şygry, köwşi.
NUSGA: çagyl (yň), çagyl (a), çagyl (y), ... SORAGLAR: 1. Göçüren sözleriňiz näçe bogunly? 2. Ol sözleriň soňlary nähili seslere gutarýar we olaryň ikinji bognunda haýsy çekimliler bar?
463-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Deňiz, nagyş, ýalyn, demir, nesil, nebis, gelin.
NUSGA:
Baş d. Ýalyn, ... Eýelik d. Ýalnyň ... Ýönel. d. Ýalna, ... Ýeňiş d. Ýalny, ... Wagt-orun d. Ýalynda, ... Çykyş d. Ýalyndan, ... * * * *
464-nji gönükme. Çekimli sese gutarýan atlaryň düşüm goşul-malaryňy okaň we owreniň.
465-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Mata, käse, eli, aýagy, gözi. NUSGA: Baş d, Gözi, ... Eýelik d. Gözüniň, ... ÝöneI. d. Gözüniň, ... Ýeňiş d. Gözüni, ... Wagt-orun d. Gözünde, ... Çykyş d. Gözünden, ... Olluk ýöňkemedäki atlara (gözi, aýagy, eli) ýöneliş, wagt-orun, çykyş düşümlerde goşulan goşulmalary aýdyň. * * * *
466-nji gönükme. Teksti okaň. Has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly derňäp, depderiňize ýazyň. MARY WELAÝATY Mary welaýaty ýurdumyzyň uly welaýatlarynyň biridir. Onuň merkezi Mary şäheri. Ol örän gadymy şäherdir. Ýakyn geljekde Marynyň 2500 ýyllyk toýy geçiriler. Mary welaýatynda ençeme etrap bar. Watanymyzyň iň gündogar çeti bolan Guşgy şäheri hem Mary welaýatyna degişlidir. Böwrek, ýürek-damar keseller sanatorisi hem Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýär. Ol merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýär. Mary welaýatynyň etraplarynda pagtanyň, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.
NUSGA: welaýatlarynyň welaýat düýp söz, -larköplük san goşulmasy, -y, üçünji ýöňkemäniň goşulmasy, -nyň eýelik düşümiň goşulmasy, ... * * * *
467-nji gönükme. Düşümler bilen üýtgedilen atlary okaň we soraglara dilden jogap beriň.
SORAGLAR: 1. Ýokarda getirilen atlaryň soňy bäş düşümde haýsy çekimli bilen gutarýar? 2. Şol çekimliler ýöňeliş düşümde haýsy çekimla öwrülipdirler?
468-nji gönükme.Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň we olara degişli aşakdaky soraglara jogap beriň. 1. Sürüde alty ýüzden gowrak goýun bar. Sürüden galan goýunlary oba getiripdirler. 2. Howluda birnäçe adam bardy. Çagalar howludan daşaryk çykmaýarlar. 3. Dürbüde gudrat bardyr. Dürbüden seretseň, uzakdaky zatlar hem görner durar. 4. Guzudan soň tokly bolýar. Tokluda alyk ýok.
SORAGLAR: 1. Göçürip alan sözleriňiziň düýp sözüni, näçe bogunlydygyny we haýsy çekimli sese gutarýandygyny aýdyň. 2.Olar şu sözlemlerde haýsy düşümlerde gelipdir? 3.Olaryň soňundaky y, i çekimlileri wagt-orun, çykyş düşümlerinde haýsy çekimlilere geçipdirler?
469-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Goşgy, süri, tokly, dürbi, deri, gaýçy, guzy.
NUSGA:
Bu sözleriň düşümler bilen üýtgedilmegi netijesinde olarda nähili üýtgeşme bolýandygyny aýdyň. * * * *
470-nji gönükme. Düşüm bilen üýtgedilen olluk ýöňkemedäki atlary okaň. Olaryň soňundaky y, i çekimlileriň iň u, ü sesleriň e geçişine üns beriň.
471-nji gönükme. Olluk ýoňkemedäki goly, ýüzi diýen sözleri düşümler bilen uytgediň we olaryň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň.
NUSGA: Myrat ýüzüniň gyzarýanyny duýmady. Onuň ýüzüne aýtmaga çekinmediler... * * * *
472-nji gönükme. Düşümler bilen üýtgedilen atlary okaň we soraglara dilden jogap beriň.
SORAGLAR: 1.Düşümler bilen üýtgedilen ýokarky atlaryň soňy baş düşümde haýsy çekimli sese gutarýar? 2. Şol çekimli eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümlerde haýsy çekimla öwrülýär?
473-nji gönükme. Göle, syrça, dere sözleriň i eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümlerde getirip, sözlem içinde ulanyň we depderiňize ýazyň.
NUSGA: Meret göläniň öňüne bir goltuk ot atdy. Gölä öňräkden bäri zat berilmändir. Ol göläni suwa ýakdy. * * * *
474-nji gönükme. Saparmyrat Türkmenbaşynyň pahimlerini okaň. Has gara ýazylan sözleri morfologik taýdan derňaň. Biz ýaşlarymyzy mähriban Watanymyzy söýmek ruhunda terbiýelemelidiris. Biz tanymal adamlarymyzyň gadyryny diri mahaly bilmelidiris. Türkmen we azerbaýjan halklary hakyky dogandyr. Biziň dilimiziň, medeniýetimiziň we däp-dessurlarymyzyň gözbaşy hem birdir. Türkmen halkynyň baý geçmiş taryhy biziň ata-babalarymyzyň beýik adamlar bolandygyny görkezýär. Kawkaz ýurtlary geografik we taryh babatdaky ýakynlygy sebäpli Türkmenistanyň ünsüni çekýän künjekdir.
NUSGA: ýaşlarymyzy ýaşdüýp söz -lar, köplük san goşulmasy, -ymyz, birinji ýöňkemaniň köplüginiň goşultnasy, -y ýeňiş düşümiň goşulmasy. * * * * 475-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Kitap, käse, çagyl, ýoly, gözi, tomus. Bu sözleri düşümler bilen üýtgedeniňizde, olarda nähili üýtgeşmäniň bolup geçýändigini aýdyň. * * * * GEÇILENLERI GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR: 1.Düşümleri we olaryň soraglaryny aýdyň. 2.Çekimsiz sese gutarýan atlaryň düşüm goşulmalaryny aýdyň. 3.Eýelik düşümiň -uň, -üň, -yň, -iň goşulmalary nähili sözlere goşulýarlar? 4.Nähili atlaryň soňundaky k, p,t, ç sesleri haýsy düşümlerde 5.Haýsy düşümlerde we nähili sözleriň ikinji bognundaky y, i,u, ü çekimlileri düşürilýar? 6.Çekimli sese gutarýan atlaryň düşüm goşulmalaryny aýdyň. 7.Soňlary y, i çekimlilerine gutarýan atlaryň şol çekimlileri haýsy düşümde ä sesine geçýär? 8.Nähili atlaryň soňundaky y, i çekimlileri wagt-orun we çykyş düşümlerde u, ü seslerine öwrülýär? 9.Olluk ýöňkemedäki nähili atlaryň soňundaky y, i çekimlisi haýsy düşümlerde u, ü çekimlilerine öwrülýär? 10. Orfografik we düşündirişli sözlükden soňy k, p, r, ç seslerine gutarýan atlary tapyň, olaryň yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşup, aýdyn beriň. |