ç) ATLARYN ÝÖNKEME BILEN ÜÝTGEÝIŞLERI
430-njy gönüme. Aşakdaky atlary okaň we olaryň sonuňa goşulan goşulmalary aýdyň. 1.Elim, narym, gülüm, guşum, enem, atam. 2.Eliň, naryň, gülüň, guşuň, eneň, ataň. 3.Eli, nary, güli, guşy, enesi, atasy. 1.Elimiz, narymyz, gülümiz, guşumyz, atamyz, enemiz. 2.Eliňiz, narynyz, gülüňiz, guşuňyz, ataňyz, eneňiz. 3.Eli, nary, güli, guşy, atasy, enesi. Ýokarda getirilen atlaryň sonuňa goşulan goşulmalaryň ýökeme goşulmalarydygyny unutmaň.
ATLARYŇ ÝÖŇKEME GOŞULMALARY:
431-njy gönüme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly edip göçüriň. 1. Biziň Watanymyz hemişelik Bitarap döwletdir. 2. Meniň doganym obada ýaşaýar. Olaryň obasy gün-günden gözelleşýär. 3. Seniň gyzykly kitabyň barmy? Siziň mekdebiňiz täze guruldymy? 4. Oraz meniň dostum. 01 siziň goňşyňyz. 5. Biziň öýümiz şäheriň merkezinde ýerleşýär. 6. Meniň öten ýylky eken gülüm oňat boý alypdyr. 7. Mergen Sähediň goňşusy hem-de dosty.
NUSGA: Watan asyl söz, -ymyz birinji ýoňkemäniň köpläginiň goşulmasy. * * * *
432-njy gönüme. Soňy çekimsiz sese gutarýan atlaryň ýöňkeme goşulmalaryny okaň we ýat tutuň.
433-njy gönüme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Kitap, dost, depder, gül, gol, söz, galam, el. Nusga:
Soraglara dilden jogap beriň. 1.Ýokarda ýöňkeme bilen üýtgeden atlarynyzyň soňy nähili seslere gutarýar? 2.Şolar ýaly sese gutarýan atlaryň ýoňkeme goşulmalaryny aýdyň. * * * *
434-njy gönüme. Sözlemleri okaň we ýoňkeme bilen üýtgän atlary depderiňize göçüriň. 1. Biziň welaýatymyz Balkan welaýaty. Ýaşaýan şäherimiz Nebitdag şäheri. Ol ýurdumyzyň günbatar tarapynda ýerleşýär. 2. Siziň welaýatyňyzyň ady näme? Siziň ýaşaýan etrabyňyz haýsy etrap? Siziň etrabyňyz haýsy tarapda ýerleşýär? 3. Meniň täze welosipedim bar. Ony maňa doganym alyp berdi. 4. Merdanyň kitaby sendemi? Ol sende diýip aýtdy. 5. Men ýoldaşym bilen siziň jaýyňyzy gördüm. Doganyň bilen öýüňize bardym. Göçüren sözleriňize haýsy ýöňkemäniň goşulmasynyň goşulandygyny aýdyň. * * * *
435-njy gönüme. Menlik we senlik ýöňkemeleri bilen üýtgedilen atlary okaň we soraglara jogap beriň.
BIRLIGI: Gözüm, guşum, çölüm, dulum. Gözüň, guşuň, çölüň, duluň. KÖPLÜGI: Gözümiz, guşumyz, çölümiz, dulumyz. Gözüňiz, guşuňyz, çölüňiz, duluňyz. SOR AGLAR: 1. Ýokarky ýöňkemeler bilen üýtgedilen atlaryň düýp sözlerini we olaryň näçe bogunlydygyny aýdyň. 2.Şol atlar nähili sese gutarýarlar? 3.Olaryň düýp sözlerindäki çekimli dodaklanýan ýa-da dodaklanmaýan çekimlimi? Bulara goşulan ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň.
436-njy gönüme. Köp nokatlara derek degişli ýöňkeme goşulmalaryny ýazyp, sözlemleri göçüriň. 1. Meniň söz... bilen razylaşdylar. Seniň söz... bilen razylaşylany gowy zat. 2. Biziň söz..., siziň söz... iki çykmaly däldir. 3.Meniň dost... seniň dost..., seniň dost...meniň dost... . 4.Biziň tutýan ýol... hak ýoldur. Ol halkyň bähbidini goraýan ýoldur. 5. Biz size göz... bilen gören zadymyz barada gürrüň berdik. 6. Bizin öý... siziň öý... bilen ýanaşyk. Köp nokatlara derek ýazan goşulmalaryňyzyň nähili atlara goşulýandygyny aýdyň. * * * *
437-njy gönüme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Gol, söz, ýol, gül, düz, köl.
NUSGA:
Ýokarky atlaryň düýp sözüniň näçe bogunlydygyny we olara goşan ýöňkeme gosulmalaryňyzy aýdyň. * * * * 438-njy gönüme. Menlik we senlik ýöňkemeleri bilen üýtgedilen atlary okaň. Olara degişli soraglara jogap beriň. BIRLIGI: Ýorganym, elim, başym, depderim. Ýorganyň, eliň, başyň, depderiň.
KÖPLÜGI: Ýorganymyz, elimiz, başymyz, depderimiz. Ýorganyňyz, eliňiz, başyňyz, depderiňiz.
SOR AGLAR: 1. Ýokarky ýöňkeme bilen üýtgedilen atlaryň düýp sözlerini aýdyň. 2.Olaryň düýp sözleri näçe bogunly? 3.Bir bogunlylarynda dodak çekimli barmy? 4.Bulara goşulan ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň.
439-njy gönüme. Köp nokatlara derek degişli ýöňkeme goşulmalaryny ýazyp, aşakdakylary göçüriň.
440-njy gönüme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Ýorgan, ýassyk, mekdep, pil, diş, iş. NUSGA:
Her sözüň sonuňa goşan ýöňkeme goşulmaňyzy aýdyň we şol goşulmanyň goşulmagynyň sebäbini düşündiriň. * * * *
441-njy gönüme. Şygry labyzly okaň we has gara ýazylan sözleriň haýsy ýöňkemededigini aýdyň. EJEMIŇ DOGLAN GÜNI
Ý. Agageldiýew 442-njy gönüme. Soňy çekimli sese gutarýan atlaryň ýöňkme goşulmalaryny okaň we ýat tutuň.
443-njy gönüme. Aşakdaky ýöňkeme bilen üýtgedilen atlary okaň we olaryň ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň.
BIRLIGI: Ejem, geçim, kakam, daýzam. Ejeň, geçiň, kakaň, daýzaň. Ejesi, geçişi, kakasy, daýzasy.
KÖPLÜGI: Ejemiz, geçimiz, kakamyz, daýzamyz. Ejeňiz, geçiňiz, kakaňyz, daýzaňyz. Ejesi, geçisi, kakasy, daýzasy. * * * *
444-njy gönüme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, nusgadaky ýaly depderiňize ýazyň. Daýy, jigi, alma, kädi, parta, gaýçy. NUSGA:
445-njy gönüme. Aşakdaky ýöňkemeler bilen üýtgedilen atlary okaň we olara degişli soraglara jogap beriň. BIRLIGI: Göläm, käsäm, enem, ýeňňem. Göläň, käsäň, eneň, ýeňňeň. Gölesi, käsesi, enesi, ýeňňesi.
KÖPLÜGI: Gölämiz, käsamiz, enemiz, ýeňňemiz. GöIäňiz, käsäňiz, eneňiz, ýeňňeňiz. Gölesi, käsesi, enesi, ýeňňesi.
SOR AGLAR: Ýokarky ýöňkemeler bilen üýtgedilen atlaryň düýp sözi nähili sese gutarýar? Şol sözleriň haýsylarynda we haýsy ýöňkemelerde olaryň soňundaky e sesi ä sesine öwrülýär we haýsylarynda öwrülmeýär?
446-njy gönüme. Sözlemleri okaň we ýöňkerne goşulmasynyň goşulmagy bilen ahyrky e sesi ä sesine öwrülen sözleri nusgadaky ýaly göçüriň. l. Biziň köçämiz giň we göni. 2. Meniň owadan käsäm bar. Men käsämi arassa saklaýaryn. 3. Seniň göläň barmy? Göläňe ot ýygyp berýärmiň? 4. Men öz igämi Merede berdim. 5. Biziň penjirämiz günbatar tarapda. Penjirämizden şäheriň seýil bagy görünýär. 6. Meniň täzeje düşekçäm bar. Ony maňa enem tikip berdi. NUSGA: köçämizköçe, ... * * * *
447-njy gönüme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen ýütgedip, depderiňize ýazyň. Sübse, ene, çüýşe, gelneje,penjire, käse, düşekçe.
NUSGA:
B1RLIG1: 1. Sübsäm, ... 2.Sübsäň, ... 3.Sübsesi, ..
448-njy gönüme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Tokly, keçe, howly, gelneje, süri, dürbi, depder, daýy.
NUSGA:
449-njy gönüme. Sözlemieri okaň we ýöňkeme goşulmasyny kabul eden atlary göçürip alyň. l. Biziň welaýatymyz Lebap welaýaty. Ol ýurdumyzyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Welaýatymyzyň merkezi Çärjew şäheri. Ol gün-günden gözelleşýär. 2. Siziň ýaşaýan köçäňiz şäheriň haýsy ýerinde? Biziň ýaşaýan köçämiz şäheriň merkezinde. Biziň köçämiz baglyk. Göçürip alan sözeriňize goşulan ýöňkeme goşulmalaryny aýdyp beriň. GEÇILENLERI GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR: 1. Ýönkeme goşulmalary goşulan atlar nämäni aňladýarlar? 2.Soňy çekimsiz sese gutarýan atlaryň ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň. 3.Ýoňkemeleriň um, -üm, -uň, -üň, -umyz, -ümiz, -uňyz, -uňiz 4.Ýöňkemeleriň -ym, -im, -yň, -iň, -ymyz, -imiz, -yňyz, -iňiz, 5.Soňy çekimli sese gutarýan atlaryň ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň. 6.Nähili atlaryň soňundaky e çekimlisi menlik we senlik ýöňkemeleriňde a sesine öwrülýär we öwrülmeýär? 7.Nähili atlaryň soňundaky y, i olluk ýöňkemede u, ü çekimlisine öwrülýär? |