|
b) ATLARYŇ SAN BILEN ÜÝTGEÝIŞLERI 423-nji gönükmke. Aşakdaky atlary okaň we olaryň haýsynyň bir zady, haýsynyň köp zady aňladýandygyny aýdyň. Galam, galamlar, çäýnek, çäýnekler, käse, käseler, kitap, kitaplar, alma, almalar, köşek, köşekler, ýorgan, ýorganlar, keçe, keçeler, köwüş, köwüşler, jorap, joraplar, depder, depderler, towuk, towuklar, bag, baglar. Ýokarky atlaryň birden artyk zady aňladýanlary nämäniň kömegi bilen köplügi aňladýarlar?
424-nji gönükmke. Sözleri okaň we nusgada görkezilişi ýaly depderiňize göçüriň. Gawun, garpyz, sogan, gawunlar, kelem, garpyzlar, erik, soganlar, şetdaly, kelemler, injir, erikler, pomidor, şetdalylar, badam, injirler, pisse, pomidorlar, sarymsak, badamlar, pisseler, sarymsaklar, kädi, kädiler, NUSGA:
425-nji gönükmke. Şygry okaň we ondaky birlik sanda gelen atlary biraýry, köplük sanda gelen atlary biraýry göçüriň. MAGTYMGULY
(Ý. Durdýýew). Göwün hoşy diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň. * * * * 426-nji gönükmke. Birlik sanda getirilen aşakdaky atlaryň gapdalyna olaryň köplük sanyny ýazyp, depderiňize göçüriň.
NUSGA: adam adamlar, ...
427-nji gönükmke. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan atlary nusgada görkezilişi ýalý edip göçüriň. l. Meläni akasy ýol edarasynda ýolçy bolup işleýär. Ýolçular etrabymyzyň ýollaryny bejerýärler. 2. Anna çopan arada üç-dört ýerde böri tutýan gapan gurup goýandygyny aýtdy. Şondan soň ol börüleriň azar bermesinden dynypdyr. 3. Biz düýn uly köpriniň üstünden geçip gitdik. Şolar ýaly köprüleriň belli bahasy ýok. 4. Doganymbäş-alty günlükde bir dürbi alypdyr. Onuň aýtmagyna görä, dükanda dürbüleriň üç-dört görnüşi barmyş. 5. Ejem jigime hünji alyp beripdir. Indi jigimde hünjüleriň dört düzümi bar. 6. Men oglankam obamyzda owlak-guzy bakardym. Guzular owlaklardan ýuwaş bolýar eken. NUSGA:
Göçürip alan atlaryňyzda san goşulmasynyň goşulmagy bilen nähili üýtgeşme bolýandygyny aýdyň. * * * *
428-nji gönükmke.Aşakdaky birlik sanda getirilen atlary göçüriň we gapdalyna olaryň köplük sanyny ýazyň.
NUSGA: ýolçy-ýolçular, gaýçy-gaýçylar, ... * * * *
429-nji gönükmke.Aşakdaky birlik sanda getirilen atlary köplük sana öwrüň we olaryň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Tokky, awçy, süri, geçi, haly, goşgy, duýgy. NUSGA: duýgy-duýgular. Meniň duýgularum meni gapyllykda goýmaýar. _ Gapyl goýmak aňlatmasynyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň. GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR WE ÝUMUŞLAR: 1. Nähili atlara has atlar, nähili atlara jyns atlar diýilýär? 2. Çeper eserlere, teatrlara, gämilere we şuňa meňzeşlere 3. Asman jisimleriniň atlarynyň ilkinji harpy nähili ýagdaýda baş harp bilen ýazylýar? 4. Atlaryň köplük san goşulmasyny aýdyň, oňa mysallar getiriň. 5.Birinji bognunda dodak çekimlisi bolan iki bogunly y, i seslerine gutarýan goşgy, süri ýaly atlara köplük san goşulmasy goşulsa, olarda nähili üýtgeşme ýüze çykýar? |