Yza gaydyng

a) HAS WE JYNS ATLAR

411-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleriň nähili atlardygyny, olaryň ilkinji harpynyň näme üçin baş harp bilen ýazylýandygyny aýdyň.

1.Myradyň kakasy Gowşut, Mäne, Duşak obalarynda bolup geldi. Bu obalar Kaka etrabyna degişlidir.

2.Aşyr Bagyr, Gökje, Gypjak obalaryny öten ýyl görüpdir.
Bu obalar Aşgabat etrabyna degişli.

3. «Şatlyk» daýhan birleşiginiň aty Meleguş düýnki çapyşykda pellehana birinji, «Azatlyk» daýhan birleşiginiň aty Dordepel bolsa ikinji bolup geldi.

4. Durdynyň Gaplaň atly iti Çarynyň Ýolbars atly iti bilen uruşdy.

5. Men «Watan» we «Nesil» gazetlerine ýazyldym.

Atlar has we jyns atlar diýen iki topara bölünýärler.

Adamlara, obadyr-etraplara, şäherdir-ýurtlara, dag-derýalara, haýwanlara dakylýan atlar has atlardyr.

Has atlaryň ilkinji harpy baş harp bilen ýazylýar.

Meselem: Oraz, Mary, Etrek, Balkan, Akbaý, Dordepel.

412-nji gönükme. Aşakdaky at sözleri okaň we bularyň haýsynyň has atdygyny aýdyň.

Gulam, Saryýew, Köýtendag, Murgap derýasy, ördek, gaz, horaz, Meleguş, Garagöz, Peleň, gawun, garpyz, käşir, Köpetdag, Amyderýa, Syrderýa, ýorgan, keçe, ýassyk, el, Gazanjyk, Sakarçäge, Köşi, Gökje, pil, kätmen, teşe, palta, nar, hoz, injir, «Ýeňiş», «Parahat» daýhan birleşikleri.

Has atlaryň ilkinji harpy nähili harp bilen ýazylýar?

* * * *

413-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Has atlaryň aşagyny çyzyň.

«Ýagtylyk» we «Azatlyk» daýhan birleşikleri Garagum kanalynyň boýunda döredilen täze hojalyklardyr. Ol hojalyklar Gäwers bilen Kaka etraplarynyň aralygynda ýerleşýärler. Meniň dostum Anna «Azatlyk» daýhan birleşiginde ýaşaýar. «Azatlyk» daýhan birleşiginiň Ýyldyrym, Algyr, Garlawaç ýaly ýyndam atlary bar.

* * * *

414-nji gönükme. Teksti okaň we has atlary depderiňize göçüriň. Olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

Özbaşdak ýurdumyz Türkmenistanyň tebigy baýlyklary egsilmezdir. Dürli nygmatlar eçilýän topragynyň belli bahasy ýokdur. Köpetdag, Küren, Hasar, Sünt, Balkan daglary Watanymyzyň gelşigidir. Lebap, Dashowuz, Mary, Ahal welaýatlarynda altyna deňelýän ýokary hilli pagta öndürilip, Watan harmanyna tabşyrylýar. Balkan welaýatynyň Goturdepe, Barsa-gelmez, Gamyşlyja ýaly ençeme ýerlerinde nebit wyşkalary işläp dur. Hazar deňzi bolsa ençeme asyrlardan bäri balygyň dürli görnüşlerini eçilip gelýär.

Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

* * * *

415-nji gönükme. Özüňizden 7 sany sözlem düzüň. Olarda haýwanlaryň, daglaryň, derýalaryň, obalaryň, etraplaryň atlaryny ulanýň.

NUSGA: Köpetdag eziz Watanytnyzyň günorta tarapyny tutup ýatyr.

Çeper eserlere, teatrlara, kärhanalara we şuňa meňzeşlere dakylýan adam atlary goşa dyrnaga alynmaýar. Beýleki atlaryň yzyndan «adyndaky» diýen söz getirilmese, ýazuwda olar goşa dyrnaga alynýar, eger «adyndaky» diýen söz getirilse, onda goşa dyrnaga alynmaýar. Meselem: «Aýgytly ädim» romany, Magtymguly daýhan birleşigi, «Nesil» gazeti, «Diýar žurnaly we ş.m.

416-nji gönükme. Sözlemleri okaň we goşa dyrnaga alnyp ýazylmaly has atlary aýdyň.

1.Biziň obamyzyň daýhan birleşigi Watan diýlip atlandyrylýar. Seýdi adyndaky daýhan birleşigi biziň goňşy obamyz bolmaly.

2. Men düýn dostum Maksat bilen Watan kinoteatryna gitdim. Biz Aýgytly ädim filmine tomaşa etdik. Aşyr bilen Oraz bolsa Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna gidipdirler. Olar Çopan ogly spektaklyny görüpdirler.

3. Kakam geçen tomus Pöwrizäniň Gurbansoltan eje adyndaky dynç alyş öýünde dynç aldy. Jigim ikimiz Dostluk çagalar sagaldyş merkezinde dynç aldyk. Pöwrizede Körpe, Parahat, Serhetçi ýaly başga-da ençeme çagalar sagaldyş merkezleri bar.

Sözlemlerdäki has atlary depderiňize göçürip alyň.

Aý, Gün, Mars, Wenera, Ýedigen, Ýer, Zöhre Ömrüzaýa ýaly asman jisimleriniň atlary has at bolup ulanylanlarynda, olaryň ilkinji harpy baş harp bilen ýazylýarlar.

Meselem: Şu gün aýyň on dördi. Men agşam Aýa seretjek. Şu gün agşam Aý dolan bolmaly. Düýn men gyzaryp dogan Güne seretdim, emma bu gün seredip bilmedim.

417-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Asman jisimleriniň atlarynyň aşagyny çyzyň.

1.Dört gün mundan ozal Günüň öňi tutuldy.

2.Kosmonawtlar birnäçe ýyl mundan öň Aýa uçdular.

3.Öten agşam atam maňa Ýedigen ýyldyzyny görkezdi. Bu gün Ömrüzaýa ýyldyzyny görkezer. Meniň eşidişime görä, ol ilkagşam dogup, tiz ýaşýarmyş. Şonuň üçin hem oňa Ömrüzaýa ady berlenmiş.

Aý, gün sözleriniň ilkinji harpynyň bir ýerde baş, bir ýerde setir harpy bilen ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň.

* * * *

418-nji gönükme. Özüňizden ýedi sany sözlem düzüň. Olaryň hersinde asman jisimleriniň atlaryňy ulanyň.

NUSGA: Biziň halkymyz Wenera ýyldyzyny Zöhre ýyldyzy diýip atlandyrýar.

Bir jynsdan bolan umumy predmetleri, düşünjeleri aňladýan atlar jyns atlardyr. Jyns atlaryň ilkinji harpy setir harpy bilen ýazylýar.

Meselem: oba, şäher, pagta, çaga, aýak, mata we ş.m.

419-nji gönükme. Ertekini okaň we ondaky jyns atlary aýdyň.

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir kyrkaýak bar eken. Günlerde bir gün ol köp aýak ýasap, olary satmaga alyp gidipdir. Gidip barşyna onuň öňünden bir adam çykypdyr. Kyrkaýak oňa harydyny hödürläpdir. Ol adam: «Maňa aýak gerek däl» diýip, onuň duşundan geçip gidipdir. Kyrkaýaga duşan soňky adamlar hem onuň aýaklaryny satyn almandyrlar. Kyrkaýagyň muňa gahary gelipdir. Ol aýaklary ýaşamak üçin çeken zähmeti barada oýlanypdyr. Olary zyňyp göýbermäge dözmändir. iň soňunda aýaklary özüm alaýyn diýen netijä gelipdir. Şondan bäri hem kyrkaýak şol alan aýaklary bilen kyrkaýakly bolup ylgap ýör.

Bu ertekiniň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

* * * *

420-nji gönükme. Sözleri okaň we bulary nusgada görkezilişi ýaly depderiňize ýazyň. Has atlaryň ilkinji harpyny baş harp bilen ýazmagy unutmaň.

Göle, owlak, nebitdag, el, aşgabat, meret, ýedigen, çärjew, mary, goýun, pil, tilki, şagal, amyderýa, köpetdag, esenguly, gözel, wenera, lebap, ahal, tagtabazar, magtymguly, palta, çekiç, atagzy, üzüm, gawun, garpyz, kädi, käşir, möjek, kadyr, seýdi, gaplaň, ýewropa, gapy.

NUSGA:

Has atlar

Jyns atlar

Nebitdag

göle

Aşgabat

owlak

421-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we ondaky jyns atlary depderiňize göçüriň.

Watanym, Türkmenistan!

Gül-pudak seçegimsiň,

Açylan gujagymsyň",        

Döwletli ojagymsyň,

Watanym, Türkmenistan!

Galasyň daşlaryma,

Ömürsiň ýaşlaryma,

Hem ýaýsyň gaşlaryma,

Watanym, Türkmenistan!


Owazyň goşa tarmy,

Daglaryň başy garmy?

Bagynda alma-narmy,

Watanym, Türkmenistan!


Saýlanyň oňýn ugur,

Mähriňde, meňziňde nur.

Başynda gerçek är dur,

Watanym, Türkmenistan!

 (Gözet Sagulyýewa).

422-nji gönükme. özüňizden ýedi sany sözlem düzüň. Olarýň her birinde üç-dört jyns atlaryňy ulanyň.   

NUSGA: Myrat dynç güni dosty bilen oba gezelenje gidipdir.