|
1. ATLAR 405-nji gönükme. Sözlemleri okaň we bulardaky kim? näme? nire? diýen soraglara jogap bolýan sözleri aýdyň. 1. Mergen meniň bilen bir klasda okaýar. 2. Aşgabat gün-günden gözelleşýär. 3. Meniň doganym Arçmanda dynç alyp geldi. 4. Şu günler oba örän hezil. Gawun, garpyz, üzüm we beýleki gök önümler mazaly ýetişipdir. 5. Ojaryň atasy daýhan birleşiginiň goýun çopany. Ol goýunlary gumda bakýar. Gara-gum çöli mal bakmak üçin örän amatly.
406-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy söz toparyna degişlidigini we nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň. 1. Biz Garaşsyz Türkmenistanyň bagtly perzentleri. Biz Watanymyza guwanýarys. Oňa mynasyp adamlar bolup ýetişmäge çalyşýarys. 2. Mollagara Jebelden günorta tarapda ýerlesýär. Ol ýerde guragyry keselini bejerýän sanatoriý bar. 3. Şu ýyl meniň atam üzümden bol hasyl aldy. Özümizden artan üzümi zawoda tabşyrdyk. 4. Merdan Amanow Aşgabada gidipdir. Ol ýaşlaryň arasynda geçirilýän küşt ýaryşyna gatnaşýar.
407-nji gönükme. Teksti okaň we ondaky atlar söz toparyna degişli sözleri depderiňize göçüriň. MÜZEÝE GEZELENÇ Dynç güni meniň ýanyma Oraz geldi. Soňra Ata bilen Aşyr geldi. Biz dört bolup, şekillendiriş sungaty muzeýine gitdik. Muzeýde biz gelin-gyzlaryň dokan halylaryny synladyk. Ýurdumyzyň görnükli suratçylarynyň çeken gözel suratlaryny gördük. Türkmen zergärleriň iň ýaşan şaý-sepleriňi görüp guwandyk. Muzeýe bizden başga-da köp adam baran eken. Olar hem muzeýdäki zatlary höwes bilen synlaýarlar. Biz muzeýde bir sagatdan gowrak bolduk. Soňra öýümize gaýdyp geldik. Men muzeýde gören zatlarym barada eneme gürrüň berdim. Enem meniň beren gürrüňimden hoşal boldy. Göçürip alan sözleriňiziň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.
* * * * 408-nji gönükme.özüňizden 8 sany sözlem düzüň. Olarda kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözleri ulanyň we olaryň aşagyny çyzyň.
NUSGA: Merdan biziň obamyzda şofýor bolup işleýär. Men depder, galam ýaly okuw esbaplaryny aldym. Aşagyny çyzan sözleriňiziň haýsy söz toparyna degişlidigini aýdyň we olary aşakdaky ýaly edip, depderiňize ýazyň. Kim? Merdan, şofýor. Näme? depder, galam, okuw, esbap. Nirede? obamyzda.
409-nji gönükme. Teksti okaň. Mundaky atlary anyklaň we olaryň sözlemiň haýsy agzasy bolup gelendigini aýdyň. Gurtgeldi aga ömrüniň köpüsini çopançylykda geçiripdi. Onuň obasy Garagumuň alkymynda ýerleşýärdi. Çopanyň döşüni tutup duran uzyn ak sakgaly bardy. Häzir Gurtgeldi aga elli ýaşyny doldurypdy, emma göwni çaganyň göwni ýalydy. Ol sähel zada begenýär, sähel zada hem gynanýar. Gurtgeldi aga gürrüňçil adam. Ol käte oba gelende, oba adamlary onuň bilen görüşmäge barýarlar. Ýanyna gelenlere çopan gyzykly gürrüňler berýar. Adamlar onuň söhbetini hezil edip diňleýärler. (B.Seýtäkow, <<Ogul sowgady»). Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň. * * * *
410-nji gönükme. Teksti okaň we göçüriň. Atlaryň aşagyny cyzyň. Olaryň jogap bolýan soragyny we sozlemiň haýsy agzasydygyny aýdyň. Älem ýagtyldy. Gaýanyň bilinde bir gowak garalyp göründi. Ondan uzynak, deşli bir adam çykdy. Bu adamy küren obanyň hemmesi tanaýardy. Oba bilen dagyň arasy bir salkynlyk ýol. Oba içinde ol adamyň ýörgünli ady Peleň awçydy. Goja awçy bu dagyň köp ýerini eli tüpeňli keşläp çykypdy. Şol garalyp görnen gowak hem Peleň awçynyň dagdaky öyi. Keşläp çykmak aňlatmasynyň manysyny biliň we depderiňize ýazyň.
GAÝTALAMAK ÜÇIN SOR AGLAR WE ÝUMUŞLAR: 1. Dilimizde ulanylýan sözleriň hemmesi özbaşdak many aňladyp bilýärlermi? Sözler özbaşdak many aňladyp-aňlatmazlyklary taýyndan nähili toparlara bölünýärler? 2.Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryny we özbaşdak many aňlatmaýan söz toparlaryny aýdyň we olara degişli mysallar getiriň. 3.Atlar nämäni aňladýarlar, olaryň leksiki manysy we olar nähili soraglara jogap bolýarlar? 4.Kim?, näme?, nire? diýen soraglaryň her birine nähili atlaryň jogap bolýandygyny mysallar arkaly düşündiriň. 5.Atlar sözlemiň haýsy agzalary bolup bilýärler, olaryň sintaktik hyzmaty, olara degişli mysallar getiriň. 6.Atlar nämeler bilen üýtgäp bilýärler, olaryň morfologik alamatlaryňy aýdyň. |