Yza gaydyng

6. ANTONIMLER

(GARŞYDAŞ MANYLY SÖZLER)

397-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň manysyny aýdyp beriň.

1. Ol barýan iki adamyň biriniň boýy uzyn, beýlekisiniň boýy gysga.

2. Agam gije köp işledi, gündiz dynç aldy.

3. Bu süriniň goýunlary semiz, emma gaýraky süriniňki arryk.

4. Siziň agdarýan ýeriňiz gaty, biziň ýerimiz ýumşak.

NUSGA: uzyn-gysga, ...

Aňladýan manylary boýunça biri-birine garşydaş bolan sözlere antonimler diýilýär.

Meselem: ajy-süýji, ak-gara, garry-ýaş, beýik-pes, agyr-yeňil we ş.m.

398-nji gönükme.Okaň we göçüriň. Antonimleriň aşagyny çyzyň we aýdyp beriň.

1. Uly-kiçi hemmeler mekdebiň klubuna ýygnandylar. ökuwçylaryň ata-eneleriniň ýygnagy boldy. Ýygnakda ökde, diňe bäşlik alýan okuwçylary öwdüler, ýaltalary tankytladylar.

2. Toýa gelen ýigitleriň köpüsi ak köýnek, gara balak geýipdirler.

3. Käbir gawunlaryň paçagy galyň, käbirleriniňki ýuka.

4. Edepli ýaş oglanlar we gyzlar garry adamlary hemişe sylaýarlar, hormatlaýarlar.

* * * *

399-nji gönükme. Okaň, soňra antonimleri tapyp, nusgadaky ýaly depderiňize göçüriň.

Adam, ýer, uky, erkek, aýal, uly, ýaş, gurşun, kiçi, garry, uzyn, inçe, ýagşy, gysga, ýaman, barmak, sözlemek, ýogyn, depe, gije, diş, gündiz, darak, beýik, depder, pes, ak, goýun, gara.

NUSGA: aýal-erkek, ...

* * * *

400-nji gönükme. Okaň, soňra has gara ýazylan sözleriň manysyny düşündiriň we olary öz antonimi bilen depderiňize göçürip alyň.

Güýz aýlarynyň açyk howaly günleriniň biridi. Mylaýym şemal ýuwaşja ösýärdi. Bu Ikisiniň üstüne abanyp duran beýik çynar hem beýleki agaçlar bilen birlikde, bularyň gürrüňine ten berip tassyklaýan ýaly, ýuwaşja başyny atýardylar... Garşydaky beýik daglaryň kemerlerinden bulduraşyp çykýan çeşmeler seslenip, aşak inýärler, saýa bolup birleşip, ýyndam akyp gidýärler, ekerançylyk meýdanyna tiz ýetişmek üçin çapýarlar. Alys bir ýerden dynman hereket edýän zawodyň güýçli motorynyň sesi gulagyňa gelýär.

(A. Gowsudow, <<Watan ogly»).

NUSGA: açyk-ýapyk, ...

Teksti mazmuny boýunça dilden üç abzasa bölüň.

* * * *

401-nji gönükme.Hekaýajygy okaň, soňra antonime degişli sözleri tapyp, olary öz garşydaş manyly sözleri bilen depderiňize göçüriň.

AWÇYLAR

Ýodanyň iki tarapyny belent dag gaýalary tutup otyrlar. Olar şeýle bir belent welin, ýokaryňa seretseň, arassa asmanyň azajyk ýeri çüýşe döwügi ýaly bolup, ýaldyrap görünýär.

Iki ýigit şol inçejik ýoda bilen ýöräp gelýärdi.

Ikisiniň-de elinde goşa nilli tupeňi bardy.

Öňden gelýän ýigrimi ýaşlaryndaky güler ýüzli, gara gaşly, garagözelek, uzyn boýly ýigidiň çep elinde oturan elguşy her demde äpet ganatlaryny howalandyrýardy. Ol tüýlek boýnuny kä içine ýygryp, käte uzaldyp, daglaryň garly depelerine, gaýalardaky al-ýaşyl öwüşýän arça agaçlarynyň başlaryna seredýärdi.

Bu ýigidiň ady Gurbandy. Gurbanyň aýagynda suw geçirmeýän gara ädigi, egninde içi pamykly keltekçesi bardy...

Yzdan gelýän ýigidiň ýaşy ýigrimi bilen ýigrimi üçüň arasyndady. iri süňkli, goýun gözli bu ýigide Jepbar diýýärdiler.

NUSGA: belent-pes, ýokary-aşak...

Hekaýajygyň temasyny anyklaň.

GEÇILENLERI GAÝTALAMAK ÜÇIN SOR AGLAR:

1.Türkmen  diliniň  sözlük   sostawy  diňe  türkmen  sözlerinden ybaratmy ýa-da başga dillerden geçen sözler hem ulanylýarmy?

Eger ulanylýan bolsa, olara degişli mysallar getiriň.

2.Sözler öz asyl manysyndan başga-da many aňladyp bilermi? Olara nähili sözler díýilýär?

3.Öz asyl we göçme manysynda ulanylýan köpmanyly sözlere mysallar getirip düşündiriň.

4.Omonimler diýip, nähili sözlere aýdylýar? Olaryň köp manyly sözlerden tapawudyny aýdyp beriň.

5.Sinonimler diýlip, nähili sözlere aýdylýar? Mysallar getiriň.

6.Antonimler diýlip, nähili sözlere aýdylýar? Mysallar getiriň.