Yza gaydyng

5. SINONIMLER (MANYDAŞ SÖZLER)

388-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň aňladýan manysyny düşündiriň.

1. Oraz mekdepde gowy okaýar. Oraz mekdepde ýagşy okaýar. Oraz mekdepde oňat okaýar.

2. işçiniň güýçli gollaryndaky agyr çekiç ýokardan aşak tiz-tiz inip çykýardy. işçiniň kuwwatly gollarydaky agyr çekiç ýokardan aşak tiz-tiz inip çykýardy.

Aydylyşy we ýazylyşy aýry-aýry bolup, manysy meňzeş ýa-da biri-birine ýakyn bolan sözlere sinonim diýilýär.

Meselem: Ýagşy, gowy, oňat.

Bu ýerde üç sany söz bar. Olaryň her biri üýtgeşik seslerden düzülipdir, emma olaryň manysyna üns bersek, üçüsi-de oňatlygy aňladýar. Gurt, böri, möjek sözleri dürli-dürli seslerden düzülen üç sany söz bolsalar-da, bir manyny, ýagny möjegi aňladýarlar.

389-nji gönükme. Okaň. Sözlemlerdäki sinonimleri (manydaş sözleri) aýdyp beriň. Soňra olary nusgadaky ýaly edip göçüriň.

1. Biz siziň bolşuňyza garap durjak däl. Sen nämä seredip dursuň? Bulara bakyp durma-da, öz işiň bilen bol!

2. Gyş çykdy, indi bahar geldi, meýdan her hili güllere bezeler. Ýaz geldi, kömelek gözlemäge gideliň!

3. Seniň häsiýetiň ýaman, aýdylana gulak asaňok. Seniň erbet häsiýetiň üçin maňa gep gelýär.

4. Depderleriňi, kitaplaryňy arassa saklamak seniň borjuňdyr. Okuw esbaplaryny, üst-başyňy tämiz sakla, senden görelde alsynlar.

NUSGA: 1. Garap, seredip, bakyp. 2  ...

Sözlemlerdäki sinonimleriň biri-biri bilen ýerini çalşyryp, okap görüň we sözlemleriň manysynyň üýtgeýändigini ýa-da uýtgemeýändigini aýdyp beriň.

* * * *

390-nji gönükme. Has gara ýazylan sözleriň yzyndaky köp nokatlaryň ýerine şol sözleriň sinonimini ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1.Birden şemal (...) öwüsmäge başlady. Biz garaşmagymyzy dowam etdirdik. Biz saňa köp (...) garaşdyk, emma sen gelmediň. Seniň bu bolşuňy ýoldaşlaryň ýaman (...) gördi.

2.Olaryň münüp barýan maşynynyň motory öçdi, emma ony şofýor derrew (...) düzetdi (...). Hiç zady gaýgy etmäň, basym (...) ugrarys.

3.Biz parahatçylygy söýýäris. Ýok bolsun uruş! Biziň hemmämiz (...) urşy ýazgarýarys.

4.Okalga siziň öýüňizden uzakdamy (...)?

NUSGA: Birden şemal (ýel) öwüsmäge başlady.

* * * *

391-nji gönükme.Nakyllary okaň. Has gara ýazylan sözleriň sinonimini aýdyp beriň.

Altyn ýerde ýatmaz, ýagşylyk ýolda galmaz.

Arkaly köpek gurt alar.

Baş bolmasa, göwre läş.

Bir gülden bahar bolmaz.

Güýçliniň gül ysy bar.

Ýeke gezen heder eder.

Köp damjadan köl bolar.

Ýakaly don ýamamaga ýagşy.

Tapan sinonimdeş sözleriniziň ýerini çalşyryp okap görüň we nakyllaryň manysynyň üýtgeýändigini ýa-da üýtgemeýändigini aýdyň.

* * * *

392-nji gönükme. Aşakdaky sözleriň sinonimini tapyp, depderiňize ýazyň.

Güýçli, ...; görmek, ...; garaňky, ...; nan, ...; arryk, ...; syrkaw, ..., ömürlik, ...,

ýaman, ...; gowy, ...; gaýrat, ...;

NUSGA: Güýçli, kuwwatly;

* * * *

393-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň yzyndan aşakdaky ýaýyň içindäki sözlerden olaryň sinonimini tapyp ýazyň.

Ýakynda biz obalaryň birinde bolduk. Ol oba Aşgabatdan daş. Biz obada okuwçylaryň güyji bilen konsert berdik.

Biziň konsertimiz oba adamlarynyň göwnünden turdy.

Biziň Watanymyz her hili magdanlara, oba hojalyk öňümlerine baýdyr. Biz öz eziz Watanymyzy ýürekden söýýäris. Biz ýaz aýlary meýdanlara gezelenje çykýarys. Gaýraky oba tarap gidýän köça uşajyk daşlar dökülipdir.

(uzak, meýdanda, ýurt, mähriban, bahar, golaýda).

* * * *

394-nji gönükme.. Aşakdaky sözleri okaň. Manydaş sözleri tapyp, olaryň her bir toparyny özbaşdak setirlerde ýazyň.

Erbet görmek, çörek, derrew, oňat, ýagşy görmek, çalt, nan, dutar, hemmämiz, ýagşy, tamdyra, barymyz, tiz, gowy, ýek görmek.

NUSGA: l. Erbet görmek, ýaman görmek, ijek görmek.

* * * *

3952-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň sinonimini aýdyp beriň.

DORDEPEL

Ýaz aýlarynyň hoş howaly günleriniň biridi. Näme-de bolsa, ýadymda däl, bir iş bilen öýden çykyp, Aşgabadyň köp adamly köçeleriniň biri bilen barýarkam, at toýnagynyň sesleri meni çuňňur pikirden oýatdy. Ýaş ýigitleriň birnäçesi atlaryny öwüsdirip, giň köçäniň ortasy bilen sürýärdiler. Owadan tohum atlar boýunlaryny talawladyşyp, kellelerini dik tutuşyp, oýnaklaşyp barýardylar. Ýanýodadan barýan köpçülik, ýolagçylar ýörite aýak saklap, atlary synlaýardylar. Men hem synladym.

Ýolagçylardan kimdir biri synlap duran ýerinde:

—Gör, nähili gowy atlar!— diýip, özbaşyna gürläp, ýüregindäki şatlygyny ýüzüne çykardy.

(A. Gowşudow, «Dordepel»).

* * * *

396-nji gönükme. Göçüriň. Sözlemlerde ulanylan sinonim sözleriň aşagyny çyzyň

1. Gyş öýle ýerine baran ýaz gününiň şöhlesi giň äleme nur saçýardy. Mylaýym öwüsýän bahar şemaly sämeýärdi.

(A. Gowsudow), Eserler).

2.Watan — biziň söýgimiz, mähribanymyz, guwanjymyz.

3.Gyşyň aýazly günleri sowlup, howa biraz maýlapdy. Howanyň ýylap başlamagy bilen, meýdandaky gök otlar gün--günden ösýärdi.