Yza gaydyng

4. OMONIMLER (SESDEŞ SÖZLER)

379-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň aýdylyşyn-da, ýazylyşynda tapawudyň bardygyny ýa-da ýokdugyny aýdyp beriň. Bu sözleriň her sözlemde aňladýan manylaryny düşündiriň.

1. Biz ilerki baýyrlyga gezelenje gitdik, gül ýygdyk. Seniň suratyňy alýarlar, oňat otur, özüňem gül.

2. Biz at aldyk, ol ahalteke atlarynyň tohumyndan. Mergen boljak bolsaň, howlukman at, türgenleşige, sport ýaryşlaryna gatnaş.

Aýdylyşy we ýazylyşy birmeňzeş bolup, aýry-aýry many aňladýan sözlere omonimler diýilýär. Omonimleriň manysynda hiç hili umumylyk bolmaýar.

Meselem: ýüz diýen sözi alyp göreliň. Bu söz 100 diýen sany, adamyň ýüzüni, suwda ýüzmegi aňladýar. Ol söz aýry-aýry manyly üç zady aňladýan bolsa-da, olaryň aýdylyşy, ýazylyşy meňzeşdir. Ýazylyşy meňzeş, aýdylysy dürli bolan sözler omonim bolmaýar.

380-njy gönükme.Göçüriň. Omonimleriň (sesdeş sözleriň) aşagyny cyzyň we aňladýan manylaryny düşündiriň.

1. Ynha, giden düz meýdan, hemme ýer bugdaýçylyk. Şularyň hemmesini ýüpe düz.

2. Bişen sary gawunlardan oňat kak bolýar. Bu gazygy aňyrrakda kak, ýogsam, saňa zyýan berer. 3. Bu ýyl gaty sowuk boldy, gar ýagdy. Şulary samana gar we göläniň öňünde göý.

4. Medinstitutda iç keselini bejerýän wraclar hem taýýarlanýar. Sen bu dermany iç, onsoň kellaň agyrmaz.

* * * *

381-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň şol sözlemdäki aňladýan manysyny düşündiriň. Soňra şolaryň asyl sözüniň omonimini (sesdeş sözüni) tapyň we hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

MARAL

Maral ýalt edip, yzyna garady. Gapdalyndan asylgy ullakan sumkasy gazet-žurnaldan doly poçtalýon gaty-gaty ýöräp, ýetip gelýärdi.

—Gyzym, hatyňyzy alyp git!

Poçtalýon «Älemgoşar» žurnaly bilen bile bir gök bukjany Maralyň eline tutdurdy-da, ýoluny dowam etdi. Maral žurnaly goltugyna gysyp, derrew hatyň ýüzüne seretdi.

—Kakamdan! Kakam jandan gelipdir! Özüni hem meniň adyma ýazypdyr!

Maral keýik owlagy ýaly bökjekläp, howlynyň içine girip gitdi. Portfelini ýerde goýmaga mähetdel, duran ýerinden:

—Ene! Aý, ene! Niredesiň? Hat gelipdir, hat! — diýip gygyrdy.

(G. Gurbansähedow, «Maralyň adyna hat>>).

* * * *

382-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsylarynyň köp manyly sözlerdigini, haýsylarynyň omonimlerdigini (sesdeş sözlerdigini) aýdyp beriň. Olaryň manylaryny dilden düşündiriň.

Agam ýüz metr aralyga bolan ýaryşda birinjiligi alypdyr.Ýüz-gözüňi ýuw, arassa bol, arassa bolsaň, hemise sagat bolarsyň.

Sen bu howdanyň aňyrsyndan bärsine çenli ýüz, näçe minutda geçip bilýäniňi göreýin.

Häzir Myradyň aýagy agyrýar, ol biziň bilen oýna gidip bilmez. Ýabyň aýagy. Aýyň aýagy. Stoluň aýagy.

Omonirnleri köp manyly sözler bilen garyşdyrmaly däl, Sebäbi omonim bolup gelýän sözleriň her biri aýry-aýry many aňladýar.

Meselem: gar diýsek, ol birinjiden, gyş-da ýagýan ak gary, ikinjiden, bir zady başga bir zat bilen garmagy, gatyşdyrmagy aňladýar. Köp manyly sözler beýle däl. Köp manyly sözleriň manysy biri-birleri bilen örän baglanyşykly bolup, olaryň hemmesiniň aňladýan manysy şol sözüň asyl—esasy manysyndan ugur alýar, beýleki manylaryň hemmesi şol asyl — esasy many bilen baglanyşykly bolýar.

Meselem: aýak diýsek, onuň asyl — esasy manysy adamlarda, haýwanlarda ýöremek üçin hyzmat edýän organyň adyny aňladýar. Aýak sözüniň beýleki manylary hem onuň şu esasy manysyndan ugur alyp, bir zadyň gutarýan ýerini aňladýar (ýabyň aýagy, aýyň aýagy).

383-njy gönükme.Okaň we göçüriň. Omonimleriň aşagyna bir çyzyk, köp manyly sözleriň aşagyna iki çyzyk çyzyň we olaryň manylaryny düşündirip beriň.

1.Bu it hakyky goýun itidir. Onuň ady Ýolbars. Ýaşşigi aňyrrak it, geçer ýaly ýol goý.

2.Bu örän uly guşuň ganaty bolmaly. Öýüň aňyrky ganaty häzir remont edilenok. Käbir samolýotlaryň ganaty kiçi bolýar, ýöňe olar örän çalt uçýar.

3.Çagajyk gözüni şol oýunjaklardan aýyrmady. Bu çeşmäniň gözi niredekä?

4.Ol özüniň gyzyl sagadyny elinden aýryp, stoluň üstünde goýdy. Bu matanyň reňki gyzyl.

* * * *

384-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň omonim-digini ýa-da köp manyly sözlerdigini aýdyp beriň.

1. Ol adam gür gara gaşyny sypady. Ejegyz ýüzüginiň
gaşyny bejertdi. Ol öz gülýakasynyň gaşyny täzeden goýdurdy.

2. Bu bagananyň reňki gara.  Sen nähili reňki gowy görýärsiň? Ilerki deräniň üstüne çykyp, töweregine gara, mal-gara görünýärmi?

3. Agam gelnejeme gyzyl sagat alyp berdi. Oba magazinine gyzyl, gök, ýaşyl reňkli matalar geldi.

4. Jerenjik kiçijik barmagy bilen galam aldy-da, alboma bir zatlar çyzyşdyryp başlady. Amanyň ötünç sorap, Gözeliň ýanyna barmagy gowy bolupdyr. Ol öz ýalňyşyna düşünendir.

* * * *

385-njy gönükme. Okaň we köp manyly sözleri tapyp, göçürip alyň. Olaryň şu sözlemdäki manylaryny düşündiriň. Beýleki manylaryna degişli mysallary dilden aýdyň.

1. Uzakdan geçip barýan göç göründi.

2. Türkmen ertekilerinde döw bilen bagly ertekiler köp duşýar.

3. Sen şu bolýan zatlara gara, nähili oňat!

* * * *

386-njy gönükme. Kitabyňyzyň ahyryndaky düşündirişli sözlükden, boz, bol, gyzyl sözlerini düşündirişi bilen göçürip alyň. Olaryň her biriniň degişli omonimini — beýleki aňladýan manysyny sözlem içinde getirip, dilden düşündiriň.

* * * *

387-njy gönükme. Şygry labyzly okaň we has gara ýazylan sözleriň manylaryňy düşündiriň.

GÜLLE TÜRKMENISTANYM!

Bagt guşy egninde,

Gülle, Türkmenistanym!

Pak niýetler göwnüňde,

Gülle, Türkmenistanym!

Nazar salyp hudaýym,

Röwsen tapdy Gün-Aýym,

Rowaçlanyp günsaýyn,

Gülle, Türkmenistanym!

Akyldar Türkmenbaşy,

Il-günuň köňul hoşy

Abat türkmeniň goşy,

Gülle, Türkmenistanyml


Dutar goldan düşmeýar,

Geçmişiňi çöşleýär,

Bedew atlar kişneýär,

Gülle, Türkmenistanym!

Geljegi wagt getirer,

Ilime bagt getirer,

Maksadyňa ýetirer,

Gülle, Türkmenistanyň!

Ý. Sapar