Yza gaydyng

3. SÖZÜŇ ASYL WE GÖÇME MANYSY

Köp manyly sözler asyl we göçme manyda ulanylýar. Meselem: düz sözüniň asyl manysy nahara atylýan ýiti tagamly zady—jisimi aňladýar.

Eger «Seniň sözüň duzy ýok» diýsek, onda düz sözi göçme manyda gelýär. Nahara duz atylmasa, onuň duzy bolmasa, bu naharyň tagamynyň bolmaýşy ýaly, duzsuz sözüň hem manysy, ugur-utgasy bolmaýar.

Göçme manyly sözde aňladylýan pikiri birbada aňlap bolmaýar, ony oýlanyp aňlamaly bolýar.

374-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň asyl manysynyň aşagyna bir çyzyk, göçme rnanysynyň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1.Biz naharhana bardyk, nahar edindik, ýöňe onuň duzy köpräk düşüpdir. Oraz Meredi şeýle bir duzlady, gaýdyp geplemez ýaly etdi.

2.Düýe gelýär, köşegini daňyň! Ejesi Myrat jany naharlady, geýindirdi, soňra:

—Bar, köşegim, daşarda ýoldaşlaryň bilen bir salym oýna— diýdi.

3. Enem magazinden ýiti pyçak aldy. Sähet örän ýiti oglan.

* * * *

375-nji gönükme. Aşakdaky sözleriň asyl manysyny düşündirip beriň. Soňra olary asyl we göçme manylarda sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

Guzy, kütek, duz.

* * * *

376-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň yz ýanyndan ýaýyň içinde olaryň asyl manysyndadygyny (asyl) ýa-da göçme manydadygyny (göçme) görkeziň.

1.Magtymguly beýik şahyrdyr. Sen Magtymgulyny okadyňmy?

2.Bu barýan masynyň ýüki agyr. Hydyryň yüzi bu gün örän agyr görünýär.

3.Baharda meýdanlar gögerýär, gül köp bolýar. Ejesi gyzjagazyny:

— Jeren jan, gülüm, bäri gel! — diýip çagyrdy.

* * * *

377-nji gönükme.Okaň we has gara ýazylan sözleriň haýsy ýerde öz asyl manysyndadygyny, haýsy ýerde göçme manydadygyny aýdyp beriň.

1.Nahara duz atyň, ýuwan bolmasyn. Duzly nahar iýmek hem peýdaly däl. Bu oglanyň dili gaty duzly, habar gatar ýaly däl. Emma garagol Sapbynyň sözüniň duzy ýok, ýuwan, çünki
ol kitaplary, çeper eserleri okamaýar, goşgulary, nakyllary ýat tutmagy islemeýär.

2.Bu pyçak örän ýiti, häzir bol. Saparyň zehini ýiti, ol köp okaýar, krosswordlary tiz çözýär. Magtymgulynyň goşgulary ýiti setirli goşgulardyr.

* * * *

378-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Degişli sözleriň haýsy sözlemde öz asyl manysynda, haýsy sözlemde göçme manyda ulanylandygyny aýdyp beriň.

Pagtaçylar üçin tagamly nahar taýýarladylar. Onuň özüni alyp barşynyň ugry ýok. Adamyň dili örän möhüm gep organydyr. Eger seniň sagadyň dili döwlen bolsa, ony bejertmek gerek. Orazjemalyň hünji ýaly ak dişi bar. Meniň daragymyň dişi döwlüpdir.