Yza gaydyng

2. SÖZÜŇ BIR WE KÖP MANYLYLYGY

365-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň aňladýan manylaryny düşindiriň.

1.Ussa magazinden çekiç aldy.

2.Saňa bu köwüş bolmaz, sebäbi seniň aýagyň uly. Biz aýyň aýagynda şähere gidýäris, şonda saňa köwüş alarys.
Sen öz stoluň aýagyny bejerdiňmi?

3.Meniň çep gözüm  çekýär. Bir zada begenjekmikäm?
Horjunyň iki gözüni hem toý üçin alnan matadan doldurdylar.

Sözler bir we köp manyly bolup biler.

Meselem: ysmanak diýsek, onuň bir manysy bar. Ysmanak baýyrlarda, meýdanlarda bitýän ýaprakly, iýilýän ot. Sözüň ilkinji we esasy aňladýan manysy onuň asyl manysy bolýar. Emma göz sözi öz asyl manysyndan, ýagny adamlaryň, haýwanlaryň, guşlaryň görüş organyndan başga-da örän

köp manyda ulanylýar.

Mysal üçin, agajyň gözi, iňňäniň gözi, horjunyň gözi we başgalar. Şunuň ýaly sözleriň öz asyl manysy bilen bagly başgada birnäçe manyda ulanylmagyna sözleriň köp manylylygy diýilýär.

366-nji gönükme. Okaň. Ýaka, burun, aýak sözleriniň nirede öz asyl manylarynda, nirede beýleki manylarda ulanylandygyny aýdyp beriň.

1.Mugallymyň ak köýneginiň ýakasyna dakylan galstuk oňa aýratyn görk berýärdi. Olaryň obasy demir ýoluň ýakasynda ýerleşýär.

2.Sowuklapdyryn, burnumyň suwy duranok. Men täze ädik aldym, sebäbi daga ekskursiýa gidenimizde, öňki adigimiň burny deşildi. Ýol gaýraky burnuň aňry ýanyndan geçýär. Onýança bulutlaryň arasyndan samolyotuň burny göründi.

3.Kakam poliklinika gitdi, onuň aýagy agyrýar. Ýabyň aýagyna cykyň, şol ýerde duşuşarys. Oraz stoluň aýagyny bejerdi. Biz şu aýyň aýagynda oba ugraýarys.

* * * *

367-nji gönükme.Okaň we depderiňize göçüriň. Köp manyly sözleri tapyp, aşagyny çyzyň, olaryň asyl hem-de beýleki manylaryny düşündiriň.

Nazarjyk köýneginiň etegini hozdan dolduryp, öýlerine ylgap gitdi. Olar öýlän gaýraky gumuň etegine oýnamaga gidýärler.

Garaja gözli, garaja saçly Aýlar öz gurjagyna meňzeşdi. Bu iňňäniň gözi kiçi, sapagy sapmak kyn. Agajyň gözi köp bolsa, oňa çüý kakmak kyn bolýar.

* * * *

368-nji gönükme.Göçüriň. Öz asyl manysyndaky has gara ýazylan sözleriň beýleki manylarda ulanylyşyny hem sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

1. Torgaý asmanda ganatyny ýaýyp jürläp başlady. 2. ... 3. ... 1.

Wraç Gözel Myradowna kiçijik Maýsadan onuň agzyny açmagyny haýyş etdi. 2. ... 3. ... 4. ...

* * * *

369-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan asyl manysyndaky sözleri beýleki manylaryňy sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

Ýene birnäçe ädim ätdiler-de, olar gözlerini petredişip durdular, aýaklaryna seretdiler.

NUSGA: Bu temeniň gözi döwlüpdir.

* * * *

370-nji gönükme.. Bu sözleriň öz asyl we beýleki manylarda ulanylyşyny sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

Ýaka, gulak, göz.

* * * *

371-nji gönükme. Göçüriň. Gulak, göz, ganat sözleriniň asyl manyda ulanylyşlarynyň aşagyna bir çyzyk, beýleki köp manyda gelişleriniň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1.Gazanyň gulagyndan tutup, ojaga atardylar. Ussa tamdyranyň gulagyny ýasap otyr. Meniň pilimiň gulagy döwlüpdir.Ony bejertmek gerek. Garly aganyň gulagy agyr, ol gowy eşidenok.

2.Durdynyň gözüni operasiýa etdiler. Onuň gözi gutuldy.
Bu iňňäniň gözi örän kiçijik, sapak ötürmek kyn. Äpişgäniň aňyrky gözüni ýapyň, ýel gelýär.

3.Dury asmanda akja kepderiler ganatyny ýaýyp, uçup gitdiler. Bu samolýotuň ganaty gaty uly.

* * * *

372-nji gönükme. Gol, gün sözlerini asyl we beýleki manylarda ulanyp, sözlemler düzüp, depderiňize ýazyň. Bu sözleriň manysy boýunça düşündirişli sözlükden peýdalanmagy unutmň.

* * * *

373-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy manylarda ulanylandygyny aýdyp beriň.

1. Düz giden meýdan, gum etekleri göm-gök ot bilen basyrylypdy.

2. Ol çagajyk köýneginiň etegine gum guýup, gapylaryna daşaýardy, peljegaz edýärdi, oýnaýardy.

3. Howanyň ýüzi arassady. Ilerde, örän uzakda ýek-tük bulut görünýärdi.

4. Gumuň üstüne çykyp, toweregiňe ser salsaň, asyl aşak düşesiň gelmeýär. Şol ýerde durkaň, ýüzüňi sypap geçýän şemaldan asyl doýup bolanok.

5. Birnäçe gezek agzyndaky tüwüleri çeýnäp, ýarysyny aňry geçirenden soň, sözüniň yzyny dowam etdi.

6. Gazanyň agzyny ýapyň, hapa düşmesin.

7. Baga girseň, her ädimde diýen ýaly ol şahadan bu şaha böküşip ýören şerçelere gözüň düşýär.

8. Bu kesilen agajyň gözi köp bolsa-da, ussa ondan dutar etmegi ýüregine düwdi.

Otag, göz sözlerini öz aňladýan manylary bilen düşündirişli sözlükden göçürip alyň.