Yza gaydyng

VII. LEKSIKA

1. TÜRKMEN DILİNIŇ LEKSIKASY

Haýsy-da bolsa bir dilde ulanylýan sözleriň hemmesine şol diliň leksikasy ýa-da sözlük sostawy diýilýär. Mysal üçin, türkmen dilinde ulanylýan sözleriň hemmesi dilimiziň leksikasy ýa-da sözlük sostawy bolýar.

Şol sözleriň her biri näme-de bolsa bir zady aňladýar.

Meselem: suw diýen söz içilýän, ekin meýdanlaryňa tutulýan suwuklygyň adyny aňladýar.

Eger ýüzmek diýsek, belli bir hereketi, adamlaryň, gämileriň, guşlaryň suwda ýüzmegini aňladýar. Uçmak diýlende hem belli bir hereketi, guşlaryň, samolýotlaryň, kosmos korabllarynyň uçmagyny aňladýar.

* * * *

356-njy gönükme. Kitabyňyzdaky düşündirişli sözlükden arryk, boz, sübse sözlerini tapyp, olary aňladýan manylary bilen depderiňize göçürip alyň. Şular ýaly sözler türkmen diliniň nämesi bolýar?

* * * *

357-njy gönükme. Aşakdaky nakyllary okaň. Has gara ýazylan sözleriň manysyny düşündiriň.

Öl agajy egmegin, degmedige degmegin.

Ýelli gün ýort, ýagyşly gün ýat.

Ýola çyksaň, ýoldaşyňy düzet.

Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz.

Namarda ýalbarandan, ýat-da, ýanyňy garbala.

* * * *

358-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň manylaryny düşündiriň.

1.Okuwçylar maslahatynyň başlygynyň ýanynda mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Agajanow otyrdy.

Okuwçylaryň birnäçesi etrap çagalar lagerlerine dynç almaga gidipdir.

2.Kosmosa uçmak üçin köp türgenleşik işlerini geçirmeli, köp zady öwrenmeli. Geljekki kosmonawtlar täzeden ellerine okuw kitaplaryny aldylar. Priborlaryň işleýşini öwrenmelidi. Raketany dolandyrmagy bilmelidi.

* * * *

359-njy gönükme. Kitabyňyzdaky düşündirişli sözlükden türkmen diliniň öz sözleri bolan awçy, ýeňiş sözlerini tapyp, olary aňladýan manysy bilen depderiňize göçüriň.

Türkmen diliniň leksikasy (sözlük sostawy) diňe türkmen sözlerinden ybarat däldır. Dilimizde başga dillerden geçen sözler hem ulanylýar. Mysal üçin, žurnal, klas, ruçka, direktor, raketa, awtobus, gazet, galstuk, parta, brigadir ýaly sözler türkmen diline rus dilinden ýa-da rus diliniň üsti bilen başga dillerden geçen sözlerdir.

Bulardan başga-da dilimizde mekdep, mugallym,.kitap, medeniýet, döwlet, maglumat, halk, ýekşenbe, düşman, dost ýaly birnäçe sözler ulanylýar. Bu sözler türkmen diliniň leksikasyna (sözlük sostawyna) arap we pars dillerinden geçipdir. Bular ýaly sözlere bolsa arap we pars sözleri diýilýär.

Türkmen dilindäki başga dillerden geçen sözler alynma sözlerdir. Olar dilimiziň baýlygydyr.

360-njy gönükme. Okaň. 1-nji abzasdaky has gara ýazylan sözleriň rusçadan geçen sözlerdigini, 2-nji abzasdakylaryň arap, pars sözleridigini ýatda saklaň. Şol sözleri nusgada görkezilişi ýaly ýazyp göçüriň.

1.Biziň ýurdumyzda sowatsyzlyk ýok edildi. Şäherde, obada ýaşaýan adamlaryň gazetleri, žurnallary okap bilmeýäni ýok diýen ýalydyr. Ýurdumyzyň Prezidenti S.A. Nyýazowýň bilim syýasaty ýaşlaryň has-da çuňňur bilim almaklaryna
göňükdirilendir.

2.Biziň mekdebimiziň okalgasyna täze kitaplar geldi. Men goşguly kitaby gowy görýärin. Sen okaýan goşgularyň mazmunyny aýdyp bilýärmiň? Magtynıguly öz goşgularynda namartlary, namyssyz ýigitleri ýazgarýar, duşmanlary ýigrenmegi, dostuňa wepaly bolmagy wesýet edýär. Magtymguly ýokary medeniýetti, edebiýaty söýýän adam bolupdyr.

NUSGA:

Rusçadan geçen sözler

Arap we pars sözleri

gazet...

mekdep, kitap, ...

361-njy gönükme. Okaň we rus dilinden ýa-da onuň üsti bilen geçen sözleri aýdyp beriň.

Biz goňşy etrabyň 1-nji mekdebinde bolduk. Okuwçylar otagyny gördük. Olar oňat fotomontaž taýýarlapdyrlar. Mekdepde okuwçylar bilen basketbol, woleýbol, ýeňil atletika, şaşka boýunça sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Bular hakynda bize klas ýolbaşçymyz doly gürrüň berdi.

* * * *

362-njy gönükme. Okaň, soňra göçüriň. Arap we pars dillerinden geçen sözleri aýdyp beriň, olaryň aşagyny çyzyň.

1. Mugallym bize türkmen atlary hakynda gürrüň berdi. Atlar hakynda ýörite hekaýalar, kitaplar hem ýazylypdyr.

Biziň döwletimiz atçylygy ösdürmäge uly üns berýär.

2. Türkmen halkynyň medeniýeti gün-günden ösýär. Biz mekdeplerde okaýarys, şatlykly durmuşda ýaşaýarys.

* * * *

363-njy gönükme. Hekaýajygy okaň. Rus dilinden we rus diliniň üsti bilen geçen sözleri depderiňize göçüriň.

Serhetde

Serhetde adaty durmuş dowam edýärdi. Wagt ikindi bolupdy. Bu mahal serhediň naçalnigi Níkolaý Iwanowiç kabinetinde oturyp, serhetçileriň ýaş dostlary bilen ertirki geçiriljek işleriň planyny çekýärdi.

Telefon jaňy Nikolaý Iwanowiçiň ünsüni böldi. Ol trubkany göterip, gulagyna ýetirdi.

—Maýor Litwinow diňleýär.

Telefon arkaly berlen habaryň gowy däldigini naçalnigiň gaşlarynyň çytylanlygyndan aňmak bolýardy. Serhediň golaýynda serhedi bozujynyň peýda bolandygy anyklandy. Trewoga yglan edildi. Sähel salymyň içinde soweşjeň ýagdaýa geçildi. Serhet ýakasyna gözegçilik etmek üçin oba ilatyna, ýaş şerhetçilere gyssagly suratda habar edildi.

Hekaýajygyň näçe abzasdan ybaratdygyny aýdyp beriň.

* * * *

364-njy gönükme. Aşakdaky türkrnen, rusçadan geçen we arap-pars sözleriniň her birine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

1.Çörek, suw, ellik.

2.Artist, direktor, kino.

3.Kitap, meýdan, döwlet.

GEÇILENLERI GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR:

1. Türkmen diliniň leksikasy ýa-da sözlük sostawy diýip nämä aýdylýar?

2. Dilimiziň   leksikasynda  başga   dillerden   geçen   sözler  ulanylýarmy? Mysallar getiriň  we  olara nähili  sözler  diýilýändigini aýdyp beriň.