Yza gaydyng

VI. FONETIKA, GRAFIKA, ORFOGRAFIYA, ORFOEPIÝA

Sözler seslerden düzülýärler. Sesler ýazuwda harplar bilen bellenilýär.

Meselem: kelem diýip aýdanymyzda, bäş ses eşidýäris we bäş harp ýazýarys.

Harplaryň ýazuw şekili grafika bolup, ol ses bilen harpyň gatnaşygyny öwredýär. Fonetika bolsa dildäki ulanylýan sesleri öwredýär.

181-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we has gara ýazylan sözleriniň näçe sesden düzülendigini, hersinde haýsy sesleriniň bardygny aýdyň.

HALK, WATAN, TÜRKMENBAŞY!

Bitewi bir göwredir,

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Köp zatlary öwreder,

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Döwlet gelýär her öýe,

Baky bagtyna eýe,

Şat bolup barýar toýa,

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Hemmeleriň daýanjy,

Hemmeleriniň guwanjy,

Hemmeleriň begenji,

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Ähli göwünleň hoşy

Ähli ýürekleň joşy,

Baky bagtyň gözbaşy,

 Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Iliň köňül şadydyr,

Şan-şöhraty adydyr,

Buýsanjydyr, badydyr,

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

(Allaberdi Mollaýew).

Şygryň temasyny anyklaň we aýdyň.

1.Daýanc sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

2.Has gara ýazylan sözleriniň birinji sesini üýtgedip, täze manyly sözler emele getiriň we olary depderiňize ýazyň.

NUSGA: bagt-nagt, wagt, ...

* * * *

182-nji gönükme.Okaň. Bu sözleriniň ikinji sesini başga sesler bilen çalşyryp, täze manyly söz emele getiriň we olary aýdyň.

Bal, gap, bar, oka, keçe, açyk.

NUSGA: bal-bol, bil, böl.

* * * *

183-nji gönükme.Sözlemi göçüriň we munuň her sözüni 3—4 gezek gaýtalap, sesli okaň. Şonda haýsy sesleň eşidýändigiňizi we olara derek haýsy harplaryň ýazylandygyny aýdyň.

Çagalygyny owlak guzy bilen oýnap, ýaşlykdan giň ýaýlalarda ýaýnap, zähmetde taplanan çarwa ýigidine bu üstünlikler abraý getirdi.

Ýaýla, ýaýnamak sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

184-nji gönükme. Teksti okaň we has gara ýazylan sözleri aýdanyňyzda haýsy sesleri eşidýändigiňizi we olara derek haýsy harplaryň ýazylandygyny aýdyň.

iki käkilik bile ýaşaýan eken. Olaryň biriniň ganatlary gyryk, beýlekisiniň gözleri kör eken. Ganatlary gyryk käkilik kör käkilige: «Men uçup bilyän bolsam, bugdaýly meýdana baryp, göwnümi hoşlardym» diýipdir.

Kör käkilik bolsa: «Men seni arkama mündüreýin, sen nirä uçmalydygyny aýt. Şeýdip, bugdaýly meýdana bararys» diýipdir. Olar şeýle hem edipdirler. Bugdaýly meýdana uçup barypdyrlar-da, garynlaryny doýrupdyrlar.

1.Tekstili mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

2.Bu tekstiň haýsy  sözleýiş stiline degişlidigini aýdyň.

Sesleriniň ýazuw belgisine harp diýilýär.

Türkmen elipbiýinde 30 sány harp bolup, olaryň hersiniň öz ady we aýdylyşy bar. Harplaryň biri-biriniň yzyn-dan getirilmegi boýunça kabul edilen tertibine elipbiý diýilýär.

* * * *

185-nji gönükme. Harplaryň elipbiý tertibini okaň we owreniň.

TÜRKMEN ELIPBIÝI

186-nji gönükme. Elipbiý tertibi boýunça her harp bilen başlanýan bir söz tapyp, depderiňize ýazyň.

NUSGA: Aman, bagt, çaga, duşak...

* * * *

187-nji gönükme.Teksti okaň. Her sözüň haýsy harp bilen başlanýandygyny we şol harpyň adyny aýdyň.

Soltansöýün günlerde bir gün Myralydan:

—Heý, siňegiň ýök ýeri barmyka? — diýip sorapdyr.

Myraly bolsa:

—Adamyň ýök ýerinde siňek bolmaz— diýip jogap beripdir. Şondan soň bular atlanyp,

çöl-beýewana baryp düşüpdirler. Şol wagt hem bir siňek gelip, Soltansöýüniň ýüzüne gonupyr. Soltansöýüň Myrala garap:

—Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň? — diýipdir.

Myraly bolsa oňa:

—Biz näme adam dälmi?— diýip, jogap beripdir.

1.Bu tekstiň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň.

2.Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

* * * *

188-nji gönükme. Teksti okaň we has gara ýazylan sözlerdäki harplary elipbiý tertibi boýunça depderiňize göçüriň. Bir harpy iki gezek ýazmaň.

Ýabany towuk bilen öý towugy kimiň adama haýrynyň köpdügi barada jedel edipdirler. Öý  towugy:

—Ýabany towuk, sen nirede ýumurtgalaýarsyň?

—Tokaý, gyrymsy agaçlarda.

—Men bolsam öýüň ýanynda. Adam öýde ýaşaýar. Tokaýdaky müň ýumurtgadan öýdäki ýekeje ýumurtganyň peýdalydygyny unutma!

NUSGA: a, b, ç, ...

1.Bu tekstiň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň

2.Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

* * * *

189-nji gönükme. Hekaýany okaň we mazmunyny ýatdan gürrüň edip beriň.

Galla bişen günleri syçanlar mazaly doýupdyrlar-da, bir ýere üýsup, ala-galmagal edipdirler. Bu gopgunyň üstüne «jenap» pişik gelipdir. Ol duýdurman barypdyr-da, sycanlaryň birini-de sypdyrman, baryny iýipdir. Gaýtjak bolanda-da doýmadyk ýaly ýalmanyp: «Doklugy göterjek bolmaly, ýögsa özüňiň başga birine şam bolaýmagyň gaty ähtimaldyr» diýipdir.

Bu hili ýagdaýyň durmuşda bolmagy-da, bolmazlygy-da mümkin. Halk şunuň üsti bilen doklugy götermezligiň, onuň gadyryny bilmezligiň ýaman zadyň üstünden eltýändigini nygtaýar.

1.Ertekiniň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

2.Bu teksti mazmunyna laýyk iki abzasa bölüň we olaryň haýsylardygyny ýazyň.

3.Şam bolmak diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

Sesler belli bir tertipde gelmek arkaly birleşip, söz emele getirýärler. Şol sözleriniň hem aýdylyşynýň we ýazylyşynyň belli bir kadasy, düzgüni bar. Sözleriniň dogry aýdylyş düzgünini orfoepiýa, ýazylyş düzgünini orfografiýa öwredýär.

190-nji gönükme. Sözleri okaň. Olaryň dogry aýdylyşyny we ýazylyşyny ýatda saklaň.

Aýdylyşy

Ýazylyşy

Çörök

çörek

Çorwo çorba
Börök börek

Oglon

oglan

Arawa araba

Orok

orak

Owo

oba

Torwo

torba

Dolok

dolak

Aklyň

Akylyiň

Çigdiň çigidiň

Geýıni

geýirni

191-nji gönükme. Teksti okaň we göçüriň Köp nokatlaryň ýerine haýsy sesi eşidýän bolsaňyz, şonuň ýazuw belgisi bolan degişli harpy ýazyň.

Aşgabad...ň köçele...iniň birinde howlynyň içind...ki pessej...k bagjagaz ýaşyl d...na bürenip, tebigy bir reňk bilen öwş...n atýardy. Ýaşyl ýa...raklaryň süýj...mtik, ýeňiljek, ýaky...ly ysy b...ma dolýardy. Adam boýy ösen gür bäg...l agajynyň ýanyn-da goýlan oturgyçda bir gyz otyrdy. Bägüli... gülleri heniz açylman, pökgüje gu...çalaryň agzy çala ýyrşary...rdy.

(B.Kerbabaýew, «Baýram»).

1.Tekste degişli sözbaşy tapyň.

2.Bu tekstiň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň.

GAYTALAMAK ÜÇ/N SOKAGLAR:

1. Fonetika nämäni öwredýär? Sözler nämelerden duzülýär?

2.Grafika diýmek nämäni aňladýar?

3.Sesleriniň ýazuw belgisine näme diýilýär?

4.Türkmen elipbiýinde näçe harp bar?
5.Elipbiý diýip nämä aýdylýar?

6.Orfografiýa we orfoepiýa nämäni öwredýär?

7.Okuw kitabynyň soňunda berlen orfografik sözlükden aýdylyşy bilen ýazylyşy tapawutlanýan sözleri tapyň.