Yza gaydyng

5. DAR ÇEKIMLILERIŇ DÜŞMEK DÜZGÜN!

327-nji gönükme. Okaň. Soraglara jogap beriň, soňra depderi-ňize göçüriň.

Bagyr+yň=bagryň

egil+ip=eglip

görün+ip—görnüp

köwüş+iň=köwşüň

maňyz+yň=maňzyň

tomus+y=tomsy

1.Goşmak alamatynyň öň ýanyndaky düýp sözleriň soňy haýsy çekimsiz bilen gutarýar?

2.Bu düýp sözler näçe bogunly?

3.Bu düýp sözleriň birinji bogny açykmy ýa-da ýapykmy?

4.Bu düýp sözleriň bogunlarynyň çekimsizleri nähili aýdylýar:
açykmy ýa-da dymykmy?

5.Bu düýp sözlere goşulýan goşulmalar nähili sesler bilen başlanýar we olar goşulandan soň, ikinji bogundan haýsy çekimliler düşüp galýar?

L, n, r, s, ş, z seslerine gutaryp, birinji bogny açyk we çekimlileri gysga aýdylýan iki bogunly düýp sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulsa, Ikinji bogundaky dar çekimliler (y, i, u, ü) düşürilýär.

Meselem: çagyl-çaglyň, bagyr-bagry, göwün-göwne, towus-towsar, deňiz-deňziň, çebiş-çebşi we ş.m.

* * * *

328-nji gönükme. Bu sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşuň we nusgadaky ýaly ýazyp, depderiňize göçüriň.

Görün, ogul, tomus, bagyr, çöwür, sygyr, çagyl, kümüş, kömür, nagyş, baýyr, goýun, boýun, garyn, ýagyş, deňiz, semiz, nebis, oýun.

NUSGA: görün+ip=görnüp, ogul+yň=ogluň, ...

* * * *

329-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri düýp söz we goşulma görnüşine öwrüp, depderiňize ýazyň.

Göwnüme bolmasa, ol kitap hiç wagt maňa miýesser etmejek ýalydy. Meniň ähli şatlygym edil şemalyň ugruna gaýyp giden uçgun ýaly ýitip gitdi. Şatlyk ornuny gahar bilen gynanç eýeledi. Kitabyň görnüşine seredenimde, görejimiň öňünde peýda bolan ýaş düwmeleri äpet bir derýa öwrülip, kitabyň ýüzünde tolkun atdy. Men saklanyp bilmän, maňlaýymy parta goýup, horkuldap agladym. Şonda men bir ullakan eliň kellämi sypalaýandygyny aňşyrdym. Kellämi galdyryp-galdyrmankam, burnuma kitabyň täp-täzeje ysy urdy. Men gaňrylyp ýokaryma seretsem, bir eli bilen kellämi sypalap, beýleki eli bilen bolsa edil gözümiň ýanynda bir kitap tutup, eglip duran mugallymy gördüm.

(A. Gurbanow, <<Çigildem gali»)

NUSGA: göwnüme=gowün+ime, ...

Göçüren sözleriňiziň nähili çekimsizler bilen gutarýandygyny, çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, olaryň ikinji bognundan haýsy çekimliniň düşüp galýandygyny aýdyň.

* * * *

330-nji gönükme. Okaň we bu sözleriň ikinji bognunda haýsy dar çekimlileriň düşüp galandygyny aýdyň.

Sygryň, goýnuň, çoýnuň, düwnüni, garnyna, towsup, çagly, çebşimiz, bagry, deňziri, doňzuň, maňzy, bognuna, ýeňler,

aýryp, doýrup, tomsuna, nagşy, köwşi.

Bu sözleriň soňundaky goşulmalaryny taşlap, olary düýp söz görnüşine öwrüň we depderiňize ýazyň.

NUSGA: sygyr. goyun, ...

* * * *

331-nji gönükme. Soňunda köp nokat goýlan sözlere ýaýyň içindäki goşulmalaryň degişlisini goşup, sözlemleri göçüriň. Çekimli bilen başlanýan goşulma goşulandan soňra, ol sözleriň nähili ýazylmalydygyna üns beriň.

1. Süýtde agyz... (y, i) bişen suwy üfläp içer.

2. Türkmenistanyň pagtaçylary görül... (üp, ip)-eşidilmedik üstünlige eýe boldular, olar Watana "ak altynyň" bol hasylyny tabşyrdylar.

3. Ol öz ogluny ýanyna çagyrdy, soň eli bilen onuň egin... (yna, ine) kakyp:

—Berekella, ogul... (um, ym), sen uly iş bitirdiň, indi göwün... (üň, iň) islänini edip bilersiň! — diýdi.

4. Gözeliň eli çeper, onuň ýaka salan nagyş... (yny, ini) görseň, haýran galarsyň.

5. Olar çagyl... (y, i) nirede düşürdiler?

* * * *

332-nji gönükme. Nakyllary göçüriň. Ikinji bognundan dar çekimliler düşüp galan sözleriň aşagyny çyzyň.

NAKYLLAR:

Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar.

Goýny ýel alsa, geçini asmanda gör.

Guduzlan itiň ömri kyrk gün.

Gyş öter, ýüzügaraçylyk kömre galar.

Düýe öz boýnunyň egriligini bilmän, ýylana egri diýermiş.

Leglegiň gideni görünmez, geleni görner.

El döwler — egri bitmek üçin.

Är ýeňlip, gola düşer, guş ýeňlip — tora.

* * * *

333-nji gönükme. Bu sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşuň we olary sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

Maňyz, bagyr, nogul, göwün, deňiz, söwüş, görün, böwüs.

Goşulma goşup ýazan sözleriňiziň haýsy bognunda nähili dar çekimliniň düşýändigini, sebäbini aýdyp beriň.

* * * *

334-nji gönükme. Okaň. Ikinji bognundan dar çekimliler düşüp galan sözleri göçürip alyň.

—Buşluk! Artygyň ogly boldy! — diýip, habar berip ýören çagalar oba arasynda ondan-oňa ylgaşýardylar. Şol wagtda Nurjahanyň öýünden iňňa-iňňa diýen çaga sesi çykýardy. Şol ses Nurjahanyň köpden bäri garaşýan guwanjydy... Ol ses Artygyň gulagyna-da ýakymly eşidildi.

Gonşularyndan gelen gartaň aýal çaganyň göbegini kesdi. Ol aýal Nurjahanyň agtygyna, Aýnanyň çagasyna, Artygyň ogluna göbek ene bolanyna çenden-çakdan begendi. Çaganyň sesi özüni biraz rastlan Aýna— Nurjahanyň gelnine has mähriban eşidildi. Ol indi enelik döwrüne geçdi.

Nurjahanyň gapysynda goşa gazan atarylyp, pişme bişirilýärdi. Ol toýa öňünden taýýarlyk görüpdi. Nurjahan dumly-duşdan ýagşyp gelýän adamlara erikden, igdeden, kişmişden, pişmeden penjesini dolduryp, toý paý berýärdi. Toý Artygyň göwnüni göterdi.

(B.Kerbabaýew, «Aýgytly ädim»)

Göçürip alan sözleriňiziň düýp sözlerini we olaryň ikinji bognundan haýsy dar çekimlileriň düşüp galandygyny aýdyp beriň.

Tekstiň temasyny anyklaň.

* * * *

335-nji gönükme. Aşakdaky sözlere gapdalyndaky goşulmalary goşup, depderiňize göçüriň. Soň soraglara jogap berin.

Ýagyr—y

demir—iň

goýun—a

doýur—up

göwün—üne   

toýun—y

ýagyş—yň

turuz—ar

baryl—ar

döwül—er

egil—ip

çagyl—yň

döwür—üň

Böwüs —üp

selin—iň

gelin—iň

çebiş—i

ümür—i

alyn—yp

boýun—una

bilin—er

höwür—i

çöwür—üp

göwüs—i

towus—up

sowur—ar

1.Bu sözleriň soňy nähili çekimsizler bilen gutarýar we olar näçe bogunly?

2.Bu sözlere goşulýan goşulmalar nähili ses bilen başlanýar we şol goşulmalar goşulandan soň, olaryň haýsy bognundaky çekimliler düşüp galýar?

3.Düşüp galýan çekimliler nähili çekimlilerdir?

* * * *

336-nji gönükme. Kitabyňyzyň ahyryndaky orfografik sözlükden ikinji bognundan dar çekimlileri düşüp galan sözleriň ýedi sanysyny tapyp, depderiňize ýazyň.

NUSGA: baýyr—baýry, ...

Ýazan sözleriňizde haýsy dar çekimliniň düşýändigini we sebäbini aýdyp beriň.

* * * *

337-nji gönükme. Okaň. Hekaýajyga sözbaşy tapyň we mazmuny boýunça iki abzasa bölüp, depderiňize ýazyň. Dar çekimlisi düşüp galan sözleriň aşagyny çyzyň.

Giň meýdanyň göwsünde, topbak-topbak gök çaýyrlyklaryň arasynda başlaryny galdyrman ýaýraşyp otlap ýören sygyrlaryň çopany mendim. Gün ikindi boldy. Sygry oba sürmek wagty geldi. Ýabyň boýundan ylgap düşüp, onuň golaýyndaky baýra çykdym. Soň sygyrlara tarap ugradym. Sygyrlary toplap, olaryň ýüzüni oba tarap öwrüp, kowup başladym.

(A. Durdyýew, «Saýlanan eserler»).

* * * *

338-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleriň ikinji bognundan haýsy çekimliniň düşüp galandygyny we onuň sebäbini aýdyň.

ÝAŞA, PARAHATLYK, ÝAŞA!

Parahatlyk eýýämynda doguldyk,

Göwnümiz Watana söýgüden doly.

Biz bagtly eýýämyň ýaşlary bolduk,

Ösýäris durmuşyň ösüşi ýaly.


Ýaşa, parahatlyk, ýaşa!

Bagty üçin geljegimiziň!

Seniň ugruňda göreşe,

Hemmejämiz taýýar biziň!


Gelşimize belent mekdep jaýyna,

Äpişgeden Watanymyza garaýarys,

Baksak ülkämiziň her bir taýyna,

Täze-täze gurluşyklar görýäris.

 (K. Gurbannepesow).

339-nji gönükme. Sözleri okaň, soňra nusgada görkezilişi ýaly depderiňize ýazyň.

Bagryň, kendiriň, maňzy, ýyldyzy. Tomsuň, namysyň. Sygry, takyry. Çaglyň, ýazylyp, gawuny, goýny.

NUSGA:

Ikinji bognundan dar çekimlisi düşmedik sözler

Ikinji bognundan dar çekimlisi düşen sözler

kendir — kendiriň

bagyr — bagryň

ikinji bogundaky düşmeli y, i, u, ü dar çekimlileriniň öň ýanyndan z, d, ýa-da dymyk çekimsizlerden biri gelse, onda olar düşmeýärler: gyzyl—gyzyly, gadyr—gadyry, takyr—takyry, goşul—goşulyp we ş.m.

Asyl, pasyl, nesil, ylym sözlerine çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, olaryň ikinji bognundaky dar çekimliler kadadan çykma hökmünde düşürilýär: asyl— asly, nesil—nesli, pasyl—pasty, ylym—ylmy.

340-nji gönükme. Sözleri okaň. Bularyň ikinji bognundan y, i, u, ü dar çekimlileriniň düşüp galmazlygynyň sebäbini aýdyp beriň.

Gurşun—gurşunyň, tamdyr—tamdyry, gargyş—gargyşy. tolgan—tolgunyp,

üsgür—üsgürip, kendir—kendire, baldyr—baldyry, ýalňyş—ýalnyşyp.

Gawun—gawunyň, agyl—agyly,  namys—namysy, bölüp—bölünip, çaşyr—çaşyryp.

Ýazyl—ýazylyp, çyzyl—çyzylyp, gyzyl—gyzyla, çadyr-çadyryň, ezil—ezilip,

gidil—gidiler, gadyr—gadyry, tütün— tütüniň, ekin—ekini, dakyn—dakynyp,

akyl—akyla, gatyr—gatyry, ýatyr—ýatyryp, basyr—basyryp, dökün—döküni.

* * * *

341-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözlerden ilki ikinji bognundan dar çekimlisi düşüp galanlaryny, soňra düşmediklerini göçüriň.

1. Dünýaniň sada adamlary urşa garşy göreşýärler. Biz parahatçylykly durmuşyň adamlarydyrys.

2. Biz siziň uzynlygyna böküşiňize syn etdik. Sportuň gadyryny biliň! 0l adamyň sagatlygyna, keýpi hoşlugyna ýardam edýär.

3. Sygra serediň, ekine baraýmasyn.

4. Sülgüniň dogany Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Onuň ady Hormat tagtasyna

ýazylypdyr.

5. Kümşüň göwni açyk, ol özünden edilýän haýyşdan hiç wagt boýun towlamaýar.

6. Okuwçylar, siz hem ýaryşa goşulyň.

7. Ýagşa ezilip durmaň, öýe giriň!

8. Ümrüň içinde hiç zat görünmeýärdi.

Göçürip alan sözleriňiziň ikinji bognundan dar çekimlileriň düşürilmegiiň we düşürilmezliginiň sebäbini aýdyp beriň.

* * * *

342-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Ikinji bognundan dar çekimlileri düşüp galan sözleriň aşagyna bir çyzyk, dar çekimlileri düşmedikleriniň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1. Howzuň ortasyndaky fontandan atylýan suw şarlap seslenýärdi.

2.Maraljygy çagyryň! Biz baýra oýnamaga gitjek. Ekiniň içi bilen gitmäliň. Ekin meýdany oňat edilip sürlüpdir.

3. Siz ýylgynyň köp ýerini bilýärsiňizmi? Belki, şol ýere oduna gideris? Atyzyň içi bilen gitmäliň, gaýraky takyryň üsti bilen gideliň.

4. Seniň gopuzyň barmy?

5. Aýna nahar taýýarlap, çäýnek-käseleri hem süpürip goýdy. Onuň ogly 4-nji klasda okaýardy. Bu gün onuň doglan güni. Ol öz dostlaryny öýe çagyrypdy.

Atyz sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

343-nji gönükme. Okaň. ikinji bognundan dar u, ü, y, i çekimlileri düşüp galan sözleri tapyp, nusgadaky ýaly edip, depderiňize göçüriň we dar çekimlileriň düşüp galmagynyň sebäplerini aýdyp beriň.

1.Çagajyklar güjüjegiň boýnundan ýüp salyp oýnaýardylar.Göwnüme bolmasa, Durdujygyň bu gün ugry ýokdy.

2.Tekiz diwara ýelmeşip goýlan höwürtgäniň içinde daşy çyparja iki sany ýumurtga peýda boldy. Şondan soňra öň ikisi-de awa gidýän guşlaryň biri ýumurtgany bagry bilen ýylatmaga galýardy. Olar tutan awlaryny özleri iýmän, çaga guşlaryň agzyna salýardylar.

Mergen aga: «Asty goýun, üsti geçi, burny polat, guýrugy gaýçy, bil!» diýip, gözlerini güldürdi.

3. Agzynda diri gumryny saklap duran barsyň gözleri ýiteldi. Ol çagasyna oýnatmak üçin gamşyň içinden tutan guşuny ýere taşlap, gaharly arlady.

NUSGA: boýnundan—boýun+yndan,

oýnaýardylar—oýun+aýardylar...

* * * *

344-nji gönükme. Bu sözleriň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşup, depderiňize göçüriň, ikinji bogundaky dar çekimlileriň düşüp-düşmezligine üns beriň.

Ýyldyz, ogul, agyz, käriz, gürsün, görül, baryl, agyl, gawun, gotur, tütün, ümür, üsgür, deňiz, nebis, namys, gurul, semiz, takyr, gadyr, ezil, goýun, doýur, gemir, örüz, egin, beril, kendir.

NUSGA: ýyldyzy, ogluna, ...

* * * *

345-nji gönükme. Göçüreniňizde, ýaýyň içindäki goşulmalary öň ýanyňdaky sözlere goşup ýazyň. Şol sözleriň ýazylyş düzgünini ýatdan çykarmaň.

1. Odun (-y) ýygan biler, maly bakan. Akyl (-y) ýogyň ýakyn (-y) ýok. Göwün (-i) açygyn ýoly açyk.

2.Tamdyr (-a) ot göýberiň we çörek bişir (-iň). Ertir obamyz görül (-ip) -eşidilmedik zähmet ýeňis (-iňiň) toýuny toýlaýar. Goňşy obalaryň hem adamlaryny toýa çagyr (-yň).

3.Ýeňil (-işe) sezewar bolanlar soňky ýaryşlara göýberil-mez.

4.Aýsyz garaňky gijeler ýyldyz (-a) seredip, ilerini, gaýrany bilip bolarmy?

5.Tanyş (-yň), bu meniň klasdaş ýoldaşym.

* * * *

346-nji gönükme. Bu sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşup, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň. Sözleriň ikinji bognunda dar çekimlileriň düşüp-düşmezliginiň sebäbini aýdyp beriň.

Akyl, çagyl, gürsün, oýun, käriz, dökün, deňiz, gadyr.

* * * *

347-nji gönükme. Okaň we mazmunyny öz düşünişiňiz ýaly gürrüň edip beriň.

S.A. NYÝAZOW

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy 1940-njy ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Zähmet ýoluna 1959-njy ýylda başlady.

S.A. Nyýazow 1990-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda ählihalk saýlawlary netijesinde döwletimiziň Prezidenti wezipesine saýlanyldy. Bu onuň adamlar bilen bolan duşuşyklarda, mejlislerde özüniň alyp barýan syýasaty bilen, halka aýdýan gep-sözüniň dogrulygy bilen, halallygy bilen amala aşdy.

S.A. Nyýazow 1991-nji ýylyň maýynda Dünýä turkmenleriniň gumanitar birleşiginiň prezidentligine saýlanyldy. Ol öz ýurdumyzda-da, daşary ýurtlarda-da synaglardan geçip, uly hormat-sylaga eýe bolmagy başaran döwlet ýolbaşçysy hökmünde ykrar edildi.

Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan özygtyýarly döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna göterildi. Dünýäniň ençeme ýurdy Garaşsyz Türkmenistan döwletini ykrar etdi. Watanymyz 1995-njy ýylda Bitarap döwlet boldy.

S.A. Nyýazowyň aladalary netijesinde türkmen topragynyň baýlyklary öz halkymyza nesip edip başlady. Köp ýyllaryň dowamynda unudylan milli däp-dessurlarymyz täzeden dikeldildi.

Aňry, bäri, ýokary, ileri ýaly tarap görkezýän sözlere d, k, l, r, s çekimsizleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky y, i dar çekimlileri düşüp galýar.

Meselem: aňry-aňyrda, ileri-ilerki , bäri-bärsi, ýokary ýokarrak, ileri-ilerde.

348-nji gönükme.. Göçüreniňizde, ýaýyň içindäki goşulmalary öň ýanyndaky sözlere goşup ýazyň we ol sözlerde deglşli dar çekimlileriň ýazuwyna üns beriň.

1. Daýymlar ileri (-ki) obada ýaşaýar. Men onuň ogul (.-y) bilen ýaşytdaş.

2. Biz ýokary (-da) paraşýut bilen düşüp gelýän oglan we gyzlary gördük. Olar türgenleşik işini geçirýärdiler. Ýaş sportsmenler beýikden-pesden ýeňillik bilen towus (-arlar).

3. Sen bäri (-de) dur we hatardaky ýoldaşlaryň bilen deňleş. Ýaryşda ýeniş (-e) eýe bolmalydyrys!

4. Aňry (-ky) oglan kim? Ol haýsy mekdepden?

* * * *

349-nji gönükme. Aşakdaky sözlere d, k, l, r, s çekimsizleriniň her biri bilen başlanýan bir goşulma goşup, olary depderiňize göçüriň.

Aňry, bäri, ileri, ýokary.

NUSGA: aňry—aňyrda, aňyrky, aňyrrak, aňyrsy, aňyrlary.

* * * *

350-nji gönükme. Aňry, bari, ileri sözleriniň her birine d, k, l , r, s çekimsizleri bilen başlanýan goşulmalaryň haýsyda bolsa birini goşup, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

NUSGA: Aňyrsy gaýa, bärsi gaýa, ortarasy sary maýa (matal).

* * * *

351-nji gönükme. Göcüreniňizde, köp nokatlaryň ýerine ýaýyň içindäki goşulmalary ýazyň. Şol sözleriň dogry aýdylyşyna üns beriň.

1.Maňa buýur... (an) ýumşuny doly ýerine ýetirdim.

2. Oduň örän güýçli howur... (y) bar.

3. Siz ileri... (ki) oba gitjekmi?

4. Aňry... (rak) duruň, geçmäge ýol beriň.

5. Merediň gelin... (i) mugallyma bolup işleýär. Biz onuň bilen baryp görüş... (eriş).

6. Biz baýyr...(yň) ýokary. ..(syna) çykdyk. Ol ýerden posýologyň görnüşi örän owadan.

* * * *

352-nji gönükme. Sözlere çekimli bilen başlanýan goşulmalar goşup, depderiňize göçüriň.

Boýun

Bagyr

Ileri

Galyş

Ýeňil

kömür

Turuz

Goňur

Bäri

Göwuş

Baýyr

baryl

Oýun

Çagyl

Ýokary

Uruş

Maňyz

çebiş

Beryl

Aňry

Nagyş

Görun

Goýun

tomus

NUSGA: boýun—boýuy, ...

Ahyrlary -ýyş, -ýiş goşulmalary bilen gutarýan sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, -ýyş, -ýiş goşulmasyndaky y, i dar çekimlileri düşürilýär.

Meselem: garaýyş—garaýşy, ýaşaýyş—ýaşaýşymyz, sözleýiş—sözleýşi, gepleýiş—gepleýşiň we ş.m.

353-nji gönükme. Köp nokatlaryň ýerine degişli goşulmalary ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1. Biziň okalgamyzda halkymyzyň ýaşaýyş..., durmuşy hakynda oňat kitaplar bar.

2. Biz ikinji brigada kömege geldik. Okuwçylaryň işleýiş... mugallyma ýarady.

3. Siziň şolara bolan garaýyş... nähili?

4. Bagşy aýdyma başlady. Ol barha gyzýardy. Bagşy tamdyrasynyň kiriş... çekdi.

5. Myradyň käbir ýoldaşlary tankytlaýyş... haladym. Maslahatyň işine aktiw gatnaşmak gerek. Ol meniň goşgy okaýyş... diňledi. Meniň çeper okaýyş... oňa ýarady.

* * * *

354-nji gönükme. Aşakdaky sözleriň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşup, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

Sözleýiş, başlaýyş, nagyşlaýyş, igeleýiş, dokma dokaýyş, çüýleýiş.

* * * *

355-nji gönükme.. Göçüreniňizde, ýaýyň içindäki goşulmalary öň ýanyndaky sözlere goşup ýazyň we ol sözlerde degişli dar çekimlileriň ýazuwyna üns beriň.

1. Abdyl agam arrykdyr, agyz (y) burun (y) mürrükdir, hemme zada gerekdir (matal).

2. Biz dokma fabriginde bolduk we stanoklaryň işleýiş (ine) syn etdik. Fabrigiň işçileriniň dynç alyş (yny), ýaşaýyş (yny) haladyk.

3. Biz ileri (ki) ýoldan gitdik. Ol öýleriniň duşuna gelende, yoldan sowul (yp) galdy.

4. Kiçijik Maraljygyň köýnegiň ýakasyny nagyşlaýyş (yna) haýran galdyk.

5. Durdy aladaly görün (üşde) ýoldaşyna garady we öz joşgunly pikirini aýan etdi:

—Dostlar, men maşynyň pagta arassalaýyş (yna) örän geň galýaryn!

6. Başlygyň bizi garşylaýyş (y) göwün (umden) turdy.

GEÇILENLERI GAÝTALAMAK ÜÇIN SOR AGLAR:

1. Çekimlilerden dar çekimliler haýsylardyr? Aýdyp beriň.

2. Sözleriň   ikinji  bognundaky dar  çekimliler ýazuwda  nähili şertlerde düşürilýär we nähili şertlerde düşürilmeýär? 

Ýatlamak üçin sözler:

a) çagyl+y=çagly,  sygyr+y = sygry,  görün+er=görner,

ýagyş+y=ýagşy, maňyz+yň=maňzyň, göwüs+i=göwsi.

b) takyr+y=takyry, öküz+i=öküzi, dökün+i=döküni we ş.m.

3. Aňry, bäri, ýokary, ileri ýaly sözlere nähili çekimsizler bilen başlanýan goşulma goşulanda, olaryň soňundaky dar, i çekimlileri düşürilýär? Mysallar getiriň.

Soňlary  -ýyş, -ýiş  goşulmalary bilen  gutaran  sözleriň  şol dar çekimlileri  ýazuwda nähili  şertlerde  düşürilýärler?  Mysallar getiriň.

Orfografik  we düşündirişli sözlükden dar çekimlisi düşýän sözleri tapyň, sözlük depderiňize ýazyň.