Yza gaydyng

4. BASYM

318-nji gönükme. Bu sözleri birnäçe gezek aýdyp görüň we olaryň iň soňky bognunyň oňdäki bogunlardan batlyrak aýdylýandygyna üns beriň.

Oglan, oglanlar, ädik, adikçi, üzüm, üzümli, üzümçilik, käki-lik, käkilikler, adam, adamlar, adamlardan, Meret, Gurban, otluk, otçular.

Sözleriň belli bir bognunyň batlyrak aýdylmagyna basym diýilýär.

Türkmen dilinde basym, köplenç, sözleriň soňky bognuna düşýär.

Sözlere goşulmalar goşulanda, basym yza süýşüp, soňky bogna geçýär.

Meselem: balyk, balykçy, balykçylar, balykçylardan. Okuw, okuwçylar.

 Kitap, kitaply, kitapda. Setir, otur, oturymly.

319-nji gönükme. Sözleri göçüriň we basymly bognuň aşagyny çyzyň.

Şöhrat, kömekleş, birinji, doganymyz, günlerimiz, taýýar, beýik, adamlar, parahatlyk, Aşgabat.

NUSGA: şöhrat.

* * * *

320-nji gönükme. Göçüriň we has gara ýazylan sözleriň basymyny bellaň.

Düýeleri ýygnap, çuwallaryň köşelerini ilteşdirdik. Ýolagçylar adaty boýunça içmeklerimize çolanyp gyşaryşdyk. Gije ýarymdan agandan soň, günbatar tarapdan şemal öwüsmäge başlady. Gum depeleriniň üstünde gögeren gandymlar, ýaş sazaklar suwlaşyp seslenýär. Şemal biziň üstümize baka gum sowurýar. Düýeler yga bakyp çökdi. Şemalyň ýiti sowuklygy gara gyşy ýadyňa salýar.

(A.Gowsudow, «Dordepel»).

NUSGA: Düýeleri ýygnap, çuwallaryň köşelerini ilteşdirdik.

l.Tekstiň temasyny anyklaň we oňa özüňizden sözbaşy tapyň.

2. Teksti mazmuny boýunça iki abzasa bölüň.

* * * *

321-nji gönükme. Göçüriň. Her sözlemiň iň soňky sözüniň aşa-gyny çyzyň we onuň basymysy belläň.

1. Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz

2. Biz ýaş küştçüleriň ýaryşyna gatnaşdyk.

3.Awçylaryň magazinden alan zatlary seçme.

4. Sen bu zatlary toweregiňe seçme.

5. Çopanlaryň bu günki taýýarlan naharynyň ady ýarma.

6. Sen bu garpyzy ýarma.

Birinji sözlemiň — nakylyň manysyny düşündirip beriň.

Birnäçe sözlerde basymyň ýeriniň üýtgemegi bilen şol sözleriň manysy hem üýtgeýär.

Meselem: alma, dolama, çatma ýaly sözleriň -ma, -me bölegine basym düşse, olar at sözleri bolýarlar. Eger basym -ma, -me bölegine düşmese (alma, dolama, çatma), onda olar gymyldyny, hereketi aňladyp, işlik bolýarlar.

322-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözlerde basym goýup çykyň hem-de basymyň üýtgemeginiň söze edýän täsirini aýdyp beriň.

1. Sözlemi ýalňyş düzme, çeper eserden görelde al. Bu gün okuwçylar düzme ýazdylar.

2. Bu zatlary töwerege seçme, belli bir ýerde goý, gerek bolmagy mümkin. Awçy magazinden seçme aldy.

3. Jorabyňy çöwürme, düzedip goý. Aşyr aga çöwürme telpegini geýip, içmek tikmäge oturdy.

4. Zatlaryňy dolama, garaşalyň. Myhmanlara dolama bişirip berdiler.

5. Donuňy alma, onuň geregi ýok, howa maýyl Enem bazardan alma aldy.

* * * *

323-nji gönükme. Bu sözleriň basymyny üýtgedip aýdyň we aňladýan manysyny düşündiriň. Her sözüň masynyna degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

Çatma, süzme, gaýtalama, garma, ýarma.

* * * *

324-nji gönükme.Okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy bognuna basym düşýändigini aýdyp beriň.

Ýekegapan dagda, çölde gezýär. Ol howply haýwanlaryň biri. Ýekegapanyň daş görnüşi öý doňuzlaryna meňzeýär. Ol biziň ýurdumyzda Amyderýanyň boýundaky jeňňelliklerde, gamyşlyklarda, Köpetdagda, Etrek we Garrygala töwereklerinde köp duşýar.

Ýekegapanlar köplenç gijesine iýmitlenýärler. lýmit tapmadyk wagtlary oba hojalyk ekinlerine çozup, olara zyýan yetirýärler. Aýaklarynyň gysgadygyna, göwresiniň agyrdygyna garamazdan, olar çalt ylgaýar. Ene doňuz — mekejin bir ýylda iki gezek hem jojuklaýar.

(A. Gylyjow, «Güneşli ülkäniň görki»).

Tekstiň temasy näme hakynda? Ony anyklaň we oňa sözbaşy tapyň.

* * * *

325-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň aşagyny çyzyp, onuň basymyny goýuň. Soňra şol sözüň basymyny üýtgedip, özüňizden düzen sözlemleriňiziň içinde getirip, depderiňize ýazyň.

1. Mugallym okuwçylara asyl sözler bilen goşulma hakynda gürrüň berdi.

2. Sen häzir bu paçaklary dograma, sygyrlar örüden ikinden geler.

3. Şol görünýän çatma çopanlaryň çatmasy.

4. Gowurga goşuljak künjini gaty gowurma.

NUSGA: Sen ulularyň gürrüniňe goşulma.

* * * *

326-nji gönükme. Okaň. Ikinji, üçünji abzaslardaky iki we ondan artyk bogunly sözlerde basymyň haýsy bogna düşýändigini aýdyp beriň.

GAJAR AGANYŇ HEKAÝALARY

Obanyň ähli çagalary Gajar agany söýýärdiler, ony hormatlaýardylar. Gyşyn-ýazyn Gajar aganyň höwri hem şol çagalar bolýardylar.

Obanyň ähli çagalary onuň töweregine üýşýärdiler we meýlis guraýardylar.

Eger-de Gajar aganyň agzyndan çykan hemme hekaýalar ýazylan bolsady, onda ol içi janly durmuşdan doly, özi hem ýönekeý çeper dil bilen suratlandyrylan ullakan küti bir kitap bolardy. Gajar aganyň garyplar, baýlar hakyndaky, ak ýüreklilik we gara ýüreklilik hakyndaky hekaýalary halkyň deňiz ýaly giň, çylşyrymly durmuşyndan bölekleri şekillendirip, gözüň öňüne getirýärdi.

(A.Gowsadow, «Gajar aga»).

Hormatlamak sözüniň manysyny aýdyp beriň we depderiňize ýazyň.

I. Basym diýip näma aýdylýar?

Haýsy nomerdäki jogabyň dogrudygyny aýdyň.

1. Sözdäki çekimlileriň biriniň batlyrak aýdylmagyna basym diýilýär.

2. Sözleriň belli bir bognunyň batlyrak aýdylmagyna basym diýilýär.

II. Türkmen dilinde basym sözleriň, köplenç, haýsy bognuna düşýär?

1.Sözleriň başky bognuna.

2.Sözleriň ikinji bognuna.

3.Sözleriň soňky bognuna.

4.Sözleriň üçünji bognuna.

III. Sözlerde basymyň ornunyň üýtgemegi olaryň manysyny täsir edýärmi?

l.Hawa.

2.Ýok.

Jogabyňyzy mysallar arkaly subut ediň.