b/SÖZLERIN BOGNA BÖLÜNIŞI
313-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň soňky bognuny setirden-setire geçirer ýaly bölüp ýazyň. Bahar guýynyň üstüne germelip duran ýogun çarha ýaplanyp, Hoşgeldi tä garşydaky tut agaclarynyň arasyna girip, gözden ýitýänçä, onuň yzyndan garap durdy. Ol çagalyk wagtlaryny ýatlap, Hoşgeldi bilen bir mekdepde okanlaryny gözüniň öňüne getirdi. (A,Gowşudow, «Köpetdagyň eteginde»).
* * * * 314-nji gönükme. Aşakdaky sözleri okaň we depderiňize göçüriň. Olaryň hyrynda iki çekimsiziň ýanaşyk ýazylandygyna üns beriň. Bagt, nagt, wagt, howp, möwc, keýp, haýp, aýt, süýt, halk, gulp, çalt, elt, üns, gant, goşant, düşewünt, gazanç, begenç, süňk, karz, berk, görk, harp, ders, nyrh, burç, küşt.
315-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Soňunda iki çekimsiz ýanaşyk gelen sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşup, ýaýyň içinde bogna bölüň. 1. Harp sesiň ýazuw belgisidir. 2. Bagt saglykda we agzybirlikdedir. 3. Men onuň bilen dost boldum. 4. Maral haty örän çalt ýazýar. 5. Wagt garaşyp durmaýar. 6. Halk her bir zada örän dogry baha berýär. 7. Gapyda gulp asylgy dur. 8. Şu mata örän berk matadyr. 9. Onuň hemme aýdanlaryny üns berip diňledim. 10. Men küşt ýaryşyna gatnaşýaryn. 11. Gazanç etmek üçin zähmet çekmeli. NUSGA: Harp (har-py) sesiň ýazuw belgisidir. * * * *
316-nji gönükme. özüňizden ahyrynda iki çekimsiz ýanaşyk gelýän on sany söz tapyň we olaryň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyn. * * * * 317-nji gönükme. Göçüriň we ahyrynda iki çekimsiz ýanaşyp gelyän sözleri tapyp, olaryň aşagyny çyzyň. Goşulmaly gelýän sözleriň asyl bölegine üns beriň. 1. Howa örän sowukdy. Ozal diňe galpyldaýan bolsak, indi wagtal-wagtal bütin göwrämiz bilen sandyraýardyk. Myrat haýdap ýerinden turdy-da, bökjekläp başlady. Men öýe gaýdaýsam nähili bolarka? diýip, ol birhili ynamsyz äheňde aýtdy... Ol çadyra baryp ýetýänça, birnäçe wagt geçjek, onsoňam gije garaňky, ýagyş ýagyp dur. 2. Düýp bilen işigiň arasy ýaly ýer görnenok, sebäbi güýçli tozanly ýel öwsüp başlady. 3. Siz küşt ýaryşyna gatnaşýarsyňyzmy? GEÇILENLERI GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR: 1. Bogun diýip nämä aýdylýar? 2.Sözler näçe bogunly bolup biler? 3.Sözüň näçe bogunlydygy nämä bagly bolýar? 4.Bogunlar näçe hili bolýar? Nähili bogna açyk bogun diyilýär? Nähili bogna ýapyk bogun diýilýär? 5.Soňlary bir ýa-da iki çekimsiz bilen gutarýan bir bogunly sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşup, bogna bölüň. |