|
a/AÇYK WE ÝAPYK BOGUN
307-nji gönükme. Sözleri bogunlara bölüp okaň. Mawy asmanda günüň şöhlesi kümüş çaýylýan ýaly bolup görünýär. Şemal giň meýdanda bişen bugdaýy ygşyldadýar. Tomus güni parahatlyk. Diňe adamlar parahat däl. Tokaýyň aňyrsynda pulemýotlar tatyrdaýar. (<<Hakyky dostlar»). Has gara ýazylan sözlerde nähili bogunlar bardygyny aýdyň. * * * *
308-nji gönükme. . Sözleri bogna bölüp, depderiňize göçüriň. Soňra haýsy bognuň açykdygyny, haýsy bognuň ýapykdygyny aýdyň. Okuw, galam, Myrat, bagçylyk, alma, nar, gurşun, demir, balyk, deri, ýelim, otluk, gül, okuwçy, jigim, doganym, okamak, ýazmak. NUSGA: o-kuw, ga-latn...
309-nji gönükme. Goşgyny labyzly okaň. Hasar, dag, zaman sözleriniň nähili seslere gutarýandygyny aýdyň. Bu sözlere -ymyz goşulmasyny goşup, bogna bölüň we depderiňize ýazyň. HASARLY ÇAGALARYŇ AÝDYMY
(A.Gurtgeldiýew). NUSGA: bagtbag-ty-myz..., * * * * Merdana türkmen diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.
310-nji gönükme. Bu sözlere ýaýyň içindäki goşulmalary goşup, depderiňize bogna bölüp göçüriň. Şoňda degişli bogunlarda ýüze çykýan üýtgeşikligi we onuň sebäbini aýdyp beriň. Halk (-ymyz, -yň, -da), deňlik (-de, -iň), kitap (-da, -yň), orak (-dan, -y), demir (-de, iň), ot (-luk, -alyň), üzüm (-çilik, -i), barlamak (-çy, -a), bugdaý (-lýk, -yň), dag(-a, -dan). NUSGA: hal-ky-myz, hal-kyň, halk-da... * * * *
311-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Ýaýyň içindäki goşulmalary onuň öň ýanyndaky söze goşuň we şol şözi bogna bölüp ýazyň. Hazir mekdebiň günbatar tarap (-yndaky) bäş gektar (-lyk) gowaça kartasy ýaşyl nagyşlar (-a) çalym edýär. Bu ýaşyl nagyş (-ly) kartanyň üstünde hem özboluşly şadyýan durmuş dowam edýär. Ine, bahar (-yň) getir (-en) sowgatlar (-ynyň) biri bolan garlawaçjyklar gowaçaly peller (-iň) sakçylar (-y) ýaly, ol ýer (-iň) üstünden aýrylman, enaýyja ses edip üç (-üp) ýörler. Käýarym bolsa gowaçaly peller (-e) deg (-ip), ýene ýokary galýar (-lar). Goşulmalary öň ýanyňdaky söze goşup, ony bogna böleniňizde, olaryň soňky bognunda ýüze çykan üýtgeşikligiň sebäbini aýdyp berin. * * * * 312-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözlere -y, -i, -da, -de goşulmalaryny goşup, olary bogna bölüp göçüriň. Pessaý şemal öwsüp ugrady. Ertirden bäri asmanyň ýüzüni gaplap duran bulutlar ilerligine, gum gerişleriniň aňyrsyna tarap süýşüp ugrady. Birsalymdan hammamdan çykan gözel ýaly bolup, öwüşgin atyp, gün göründi. Onuň arassa, göwün göteriji ýakymly nurlary burjy baglap duran agaç başlaryna düşüp, olara müň dürli görnüş, müň dürli bezeg berdi. Günüň nurlary soňra ýerdäki garlaryň üstüne ýaýyldy. Gözýetimiň hemme ýerine kümüş gyryndysy sepelenen ýaly bir görnüş peýda boldy. (B.Seýtäkow, << Doganlar») . NUSGA: şe-mal, şe-ma-ly, şe-mal-da... |