Yza gaydyng

3. BOGUN

298-nji gönükme. Okaň we her sözüň näçe bölekden düzülendigini aýdyň.

El, jam, nar, gül. Mek-dep, mek-de-bi-miz.

O-kuw, o-kuw-çy, o-kuw-çy-lar.

Men, me-niň. Guş, guş-lar, guş-la-ryň.

Da-rak, da-rak-lyk. Dok-ma, dok-ma-çy-lyk.

Ýap-rak, ýap-rak-ly, zarp-ly.

Sözüň birbada aýdylýan bölegine bogun diýilýär. Sözler bir, iki, üç we ondan-da köp bogunly bolup biler. Sözde näçe çekimli bolsa, şonça-da bogun bolýar.

Türkmen dilindäki sözleriň her bogny bir, iki, üç we dört sesli bolup bilýär.

Meselem: mu-gal-lym, ba-lyk-çy, be-lent, a-gaç, ot,

og-lan-la-ryň we ş.m.

299-nji gönükme. Düzüminde bir, iki, üç, dört sany bogny bolan sözlerden sekiz söz tapyp, depderiňize ýazyň.

NUSGA: e-lin-de,...

* * * *

300-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly bogunlara bölüp, depderiňize ýazyň. Olaryň her birinde näçe çekimliniň we näçe bognuň bardygyny aýdyp beriň.

Mekdebiň öň ýany eliň aýasy ýaly takyrdy. Bu takyry okuwçylar bedenterbiýe okuwyny geçmek üçin düzläpdiler. Mugallym okuwçylary hatara durzup, nyzam bilen alyp geldi. Nazar hemmesinden öňde şu bölegiň komandiri ýaly özüni ykjam tutup, döşüni gaýşardýardy. Akmyrat bolsa iki-ýana ýaýkanyp, lep-lep edip barýar.

(A.Durdyýew, «Signal»).

NUSGA: mek—de—biň, ...

* * * *

301-nji gönükme. Nakyllary labyzly okaň we depderiňize göçüriň. Her sözde näçe çekimli we bogun bardygyny aýdyň.

NAKYLLAR:

Altyn ýerde ýatmaz, ýagşylýk ýolda galmaz.

Geňeşli toý dargamaz.

Zähmet soňy rähnet.

Ýagşy söz baldan süýji.

Okasaň, ylym alarsyň, hemme zady bilersiň.

* * * *

302-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Soňra her sözde näçe bognuň we şol bogunda näçe sesiň bardygyny aýdyň.

GAÝYKÇYNYŇ ÝÜREGI

Urýar derýa çaýkanjyrap,

Kenaryna tirsegini.

Gelýär gaýyk aýkanjyrap,

Suwa berip gursagyny.

Bir gaýykçy yzyn  kesmän,

Küregini çalyp barýar.

Depesinde mawy asman,

Töwerekde tupan turýar.


Tolkun bary at çapyşyp,

Gyrgy ýaly düwlüp gelýär.

Gaýyk käte ýakalaşyp,

Kä birinden sowlup gelýär.

Berekella hünärine,

Ýüzüp gelýär pälwan adam.

Çykyp derýaň kenaryna,

Bolmadyk dek hiç bir zadam.


Ölüm bilen daş däl ara,

Diňe sekunt kesip geçýär,

Däli tolkun çekip nagra.

Kä tirsekläp, süsüp geçýär.

Ýyljyraklap bakdy suwa,

Gaýygyna, küregine.

Ýürek diýseň, diýgin, dostum

 Şol gaýykcyň ýüregine.

(M. Seýidow, «Meniň hazynam»).

303-nji gönükme. Sözleri bogna bölüp, teksti depderiňize göçüriň. Her sözde näçe çekimliniň we bognuň, soňra her bogunda näçe sesiň bardygyny aýdyň.

Soň men Lebap topragynda ýaşadym. Geçen ursuň agyr ýyllarynda şol ýerde okuwy dowam etdirdim hem-de kolhozda tabelçi bolup işledimr Mähriban topragyň adam üçin bir owadan görnüş däl-de, eýsem, adamy iýdirýän, geýdirýän gözli çeşmedigine men Lebapda göz ýetirdim. Bu toprakdan nämeler önmeýär? Biziň saçagymyza mele-myssyk nan bolup gelşik berýän dokdäne bugdaý hem, egnimize eşik bolýan pagta hem, şirin gawun-garpyz hem toprakdan önýär.

(B.Hudaýnazarow, « Meniň ene topragym»).

Teksti mazmuny boýunça iki abzasa bölüň we olaryň her birinde näme hakynda gürrüň gidýändigini aýdyp beriň.

* * * *

304-nji gönükme. Sözleri okaň, soňra olary nusgadaky ýaly edip, bogna bölüp, depderiňize göçüriň. Her bogunda näçe ses bardygyny aýdyp beriň.

Mekdep, okuwçylaryň, mugallym, halk, zähmet, gül, ýeňiş, bagt, dostluk, doganlyk, deňlik, parahatçylyk, ogullarymyz, kyrk, obadaşlarymyz, klasdaşlarymyzdanam.

NUSGA:

Sözler

Bogunlar

1

2

3

4

5

6

Mekdep

okuwçylaryň

mek

o

dep.

kuw

çy

la

ryň

305-nji gönükme. Özüňizden bäş sany sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Ýazan sozlemleriňiziň her sözüni dilden bogna bölüň we bognuň näçe hem haýsy seslerden düzülendigini aýdyp beriň.

* * * *

306-nji gönükme. Okaň. Soňra sözlemleriň her sözüni nusgadaky ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Güýz günleridi. Obamyzyň klubuna ýygnanan adamlar öz ogullarynyň we gyzlarynyň çykyşyna garaşýardylar. Biz Myrat bilen ikinji hatarda oturdyk. Siz jigiňiz bilen gelipmidiňiz?

NUSGA:

Sözler

Bir bogunly

güýz

iki bogunly

Myrat

üç bogunly

klubuna

dört bogunly

günleridi

Baş bogunly

garaşýardylar