Yza gaydyng

b/DYMYK ÇEKIMSIZLERIŇ AÇYGA ÖWRÜLIŞI

282-nji gönükme. Aşakdaky k, p, t, ç çekimsizleri bilen gutaran sözlere çekimlä başlanýan goşulma goşulanda, olaryň nähili çekimsizlere öwrülendigini aýdyn.

Gazyk—gazygy,

kürek—küregiň,

kitap—kitaba,

Sadap—Sadabyň,

halat—halady,

çigit—çigidiň,

göreç—göreji,

öweç—öweji.

Soňlarynda dymyk k, p, t, ç çekimsizleri bolan köp bogunly we çekimlisi uzyn aýdylýan bir bogunly sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak, -räk, -ýar, -ýar goşulanda, şol dymyk çekimsizler degişli açyk g, b, d, j çekimsizlerine öwrülýärler.

Meselem: gurçuk—gurçugyň, ak—agrak, jogap— jogaby, gap—gabyň, polat—poladyň, ot—oduň, kekeç— kekeji, täç—täji, oňat—oňadrak, seret—serediýär we ş.m.

283-nji gönükme. Aşakdaky sözleriniň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşup göçüriň we olaryň soňundaky dymyk çekimsiziň haýsy açyk çekimsize öwrülýändigini aýdyp beriň.

Gatyk, towuk, ädik, mekdep, ýap, tut, ot, söwüt, bat, agaç, oturgyç, dürtgüç, kelep, Sadap, gulak, Kömek, Rejep, çekiç, Gylyç.

Gatyk sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

284-nji gönükme. Aşakdaky sözleriniň sonuňa -rak, -räk, -ýar, -ýär goşulmalarynyň degişlisini goşup göçüriň we olaryň soňundaky dymyk çekimsiziň haýsy açyk çekimsize öwrülýändigini aýdyp beriň.

Seret, işlet, okat, ajyk, howluk, giç, öjük, ak, sap, öýnat, gök, artyk, gytyk, ýaryk.

NUSGA: seret—serediýär, giç—gijräk...

* * * *

285-nji gönükme. Teksti okaň. Has gara ýazylan sözleriň soňundaky dymyk çekimsiziň açyk çekimsize öwrülmeginiň sebäbini aýdyň.

Ahal welaýaty

Ahal welaýaty döwletimiziň merkezinde ýerleşýär. Onuň uly bölegi düzlüklerdir. Iň beýik dag nokady Şahşah depesidir. Iň iri dag ulgamy bolan Kopetdagyň düýbi hekli çökündiler-den we çägesöw toýunlardan ybaratdyr. 1925—1927-nji ýyllar bu ýerleriniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmegiň başlangyjy boldy.

Aşgabat etrabynyň ýerasty süýji suwlary Aşgabady, Büzmeýini agyz suwy bilen üpjün edýär. Ahal welaýatynyň dag etek zolagy gür ilatlydyr.

Mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri Ahal welaýatynyň çägindedir.

* * * *

286-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly ýazyp, depderiňize göçüriň

BUGDAÝ

(Gysgaldylyp alyndy)

Reň açar hoş saýaly,

Seniň ysyň hoşdan, bugdaý,

Ekip emele getiren,

Kimdir seni başdan, bugdaý?


Daş ýanyndan malyn güýdüp,

Gatnawyň kan gelip-gidip,

Mydama enjamyň edip,

Suw berer men keşden, bugdaý.


Ýatma sowuk, aýaz görüp,

Çüýremez düýbüň suw urup,

Ne ýatyp sen penjäň gerip,

Düýp almagyň gyşdan, bugdaý.


Mätäji diýr, dünya genji,

Ýedi aý daýhan guwanjy,

Ýagşy diýrler maş, bürünji,

Kem dälsiň hiç aşdan, bugdaý.

(Mätäji).

NUSGA: güýt+üp=güýdüpt...

Bugdaý we onuň ähmiýeti hakynda hekaýajyk ýazyň.

* * * *

287-nji gönükme. Okaň we dymyk k, p, t, ç çekimsizleri açyk g, b, d, j çekimsizlerine öwrülen sözleri aýdýň.

1. Günebakar we pagta çigidi örän peýdalydyr.

2. Siz toşabyň nämeden edilýändigini bilýärsiňizmi?

3. Siz Borjagyň we Kömegiň mekdebe hemişe bile gidýändiklerini, bile oýnaýandyklaryny bilýärsiňiz, sebäbi bular dost.

4. Sizi kim okadýar?

5. Ýol azygyňyzy artygrak alyň, biz bir hepdeden bäri gelmeris.

6. Çagalar ýabyň boýunda oýnap ýörler.

7. Üzümiň ýapragy saralypdyr.

8. Gury agaja ýaprak bitmez.

* * * *

288-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli açyk çekimsizleri ýazyň we olaryň haýsy dymyk çekimsizden öwrülendigini aýdyp beriň.

1. Men çebşeji...i elime aldym. Ony ýöluň beýlerä...ine eltip göýberdim.

Özüne-de: —Yoldan uza...rakda gez! — diýip tabşyrdym.

2. Olaryň şatly...ynyň, begen...iniň çeni-çaky ýökdy. Biz olary oňa...rak ýerde oturtdyk. indi biz öz arzuwly oýnumyza sere...eriş.

3. Ol sapa...yň u...uny ýitirdi.

4. Çopan howlukmady. Ol çary...yny çykardy, soň aýa...yny, el-ýüzüni ýuwup, düşe...e geçip oturdy we gürrüňini köneleriň öwü...inden başlady.

* * * *

289-nji gönükme. Nakyllary okaň. Has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly ýazyp göçüriň we haýsy dymyk çekimsiziň haýsy açyk çekimsize öwrülendigini, onuň sebäbini aýdyp beriň.

NAKYLLAR:

Ýaz ýüňi keçä bolmaz, güýz ýüňi — dolaga.

Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar.

Ýurduňy terk ediji bolma.

Ajyň aňy bolmaz.

Ak gün agardar, gara gün garaldar.

Garybyň sözi ýer almaz, ýerde-de galmaz.

Ýigide müň dürli hünär hem az.

Ýalaňaja ýaz ýagşy.

Gurda rehim eden goýna zulum eder.

Akmagyň dilinde, akyllynyň elinde.

Soňky iki nakylyň manysyny düşündiriň.

NUSGA: dolak+a=dolaga,...

* * * *

290-nji gönükme. Okaň we haýsy sözlerde dymyk k, p, t, ç çekimsizleri açyk g, b, d, j çekimsizlerine öwrülen bolsa, şolary göçürip alyň.

1.Sadabyň ejesi çagalar magazinine geldi. Ol Sadabyň gowy görýän gurjagyny satyn aldy. Gurjagyň ady näme? Onuň ady Täç. Tajiň garaja gözleri, örülen garaja saçlary, gökje köýnegi, aýagynda bolsa akja köwüşleri hem bar.

2.Gulanyň ödi bolmaz, guşuň süýdi. Her ýurduň tilkisini öz tazysy bilen awlarlar. Sowugyň gamçysy ýel.

Göçürip alan sözleriňiziň düýp sözüni, goşulmasyny, haýsy dymyk sesiň nähili açyk sese öwrülendigini aýdyp beriň.

* * * *

291-nji gönükme. Bu sözlere çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşup, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

Köýnek, düşek, jorap, ýap, sowut, polat, ot, örküç, öweç.

NUSGA: Ejem jigime täze tiken köýnegini geýdirdi.

* * * *

292-nji gönükme. Bu sözlere y, i çekimlileriniň degişlisini goşup, depderiňize göçüriň we haýsy dymyk çekimsiziň haýsy açyk çekimsize öwrülendigini, onuň sebäbini aýdyň.

Duzak, kelek, çelek, hatap, jorap, söwüt, sagat, gulaç, sanaç, erik, tertip, tüýdük, sebäp, çoluk, kömelek, tegelek, goşant, öt, çekiç, gap, ýap.

* * * *

293-nji gönükme. Köp nokatlaryň ýerine ýaýyň içindäki goşulmalary ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1. Ol okat... (-ýar), öwret... (-ýär). Biz okaýarys, öwrenýäris.

2. Gün ýaşdy, towuklar ketek... (-e) girdi.

3. Ol gülüp... (-räk) geplemäge başlady. Elbetde, gereginden artyk... (-rak) gepledi, emma ýygnak... (-yň) başlyk... (-y) zat diýmedi.

4. Gyrkymçylar üçin tutulan garaja oýuň tüýnük... (-i), serpik... (-i), durluk... (-y) üzük... (-i) täzedi.

5. Seniň gyzykly kitap... (-yň) barmy? Maňa okamak... (-a) berjekmi?

6. Sen köşek... (-iňe) ot getirdiňmi?

7. Seniň ekskursiýa gitmezlik... (-iň) sebäp... (-i) näme?

8. Okuw esbaplaryňyzy gözüňiziň göreç... (-i) ýaly saklaň!

NUSGA: Ol okadýar, öwredýär.

* * * *

294-nji gönükme.Bu sözleri okaň, soňra olary nusgada görkezilişi ýaly, düýp sözlere we goşulmalara bölüp depderiňize ýazyň.

Dürtgüji, agajy, Myrady, mekdebe, tertibi, örküji, gizlenibräk, işledýär, Sadygyň, öjügýär

, gijigýär, gurçugyň, çelegi, böregiň, ýazmagy, aýtmaga, Merediň, oturgyjy.

NUSGA: dürtgüji-dürtgüç+i, agajy-agaç+y, ...

Göçüren sözleriňizde haýsy dymyk sesiň haýsy açyk sese öwrülendigini we onuň sebäbini aýdyp beriň.

Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly sözleriniň soňundaky dymyk k, p, t, ç sesleri degişli goşulmalar goşulsa-da, açyk g, b, d, j seslerine öwrülmeýärler.

Meselem: kak-kakyň, top-topuň, it-itiň, saç-saçyň we ş.m.

295-nji gönükme.Okaň. Has gara ýazylan sözlerde dymyk k, p, t, ç çekimsizleriniň açyga öwrülip-öwrülmezliginiň sebäbini düşündiriň.

1. Siziň adyňyz näme? Siziň atyňyz barmy?

2. Mallaryň oňat gyşladylmagy üçin köp alada edildi, otuň bol zapasy döredildi. Olar oduň daşyna üýşüp, ellerini çoýýardylar.

3. Täjiň jigisi näçenji klasda okaýar? Myhmanlar, töre geçiň, oturyň!

4. Gar eredi, ýabyň suwy köpeldi. Gapyny ýapyň, bolmasa içeri sowar.

5. Men dördünji klasda okaýaryn. Biz çebşejigi tutup, mekdebe getirdik.

* * * *

296-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli dymyk ýa-da açyk çekimsizi ýazyň we şol çekimsiziň ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň.

1. Dursunjyk sa...yny darama...a oturdy. Onuň ýakasy nagyşly keteni köýne...i bar.

2. Orazyň bir günki ýygan pagtasyny çe...ip gördüler, 130 kilo çykdy.

3. Myra ...yň akja to...y bar.

4. Dyn...yňyzy alyň, gi...rak ýaryşa başlarys.

5. Mineral suwlary köpräk i...iň, onuň aşgazanyňyzyň sagdyn işleme...i üçin peýdasy köpdür.

6. Bu ala çi...iň metri näçe manatdan?

7. Men ol derwezeçi oglanjy...yň top ga...yşyny haladym.

* * * *

297-nji gönükme. Aşakdaky sözleriniň sonuňa degişli y ýa-da i goşulmasyny goşup, depderiňize göçüriň. Söz soňundaky dymyk k, p, t, ç çekimsizleriniň açyga öwrülip-öwrülmezliginiň sebäbini düşündiriň.

Orak, çigit, top, çit, göç, agaç, Begenç, göç, ýyrtyk, dyk, kitap, çek, sebet, aýak, jogap, gep, böwet, çet, kak, saç, çelek, owlak, Guwanç.

NUSGA: orak—oragy, çigit—çigidi,...

GEÇILENLERI GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR:

1. Açyk çekimsizler haýsydyr? Olary aýdyp beriň.

2.Dymyk çekimsizler haýsylar? Olary aýdyp beriň.

3.Dymyk k, p, t, ç çekimsizleriniň degişli açygy bolan çekimsizler haýsylar? Olary aýdyp beriň.

4.Bir we köp bogunly sözleriniň soňunda ulanylýan k, p, t, ç dymyk çekimsizleri nähili şertlerde degişli açyk g, b, d, j seslerine öwrülýärler?

5.Bir bogunly sözleriniň soňunda ulanylýan dymyk  k, p,  t,  ç çekimsizleri   nähili   şertlerde   degişli   açyk   g,   b,   d,   seslerine öwrülýärler we öwrülmeýärler?