|
a/AÇYK WE DYMYK ÇEKIMSIZLER
278-nji gönükme. Aşakdakylary okaň. Soňra has gara ýazylan sözlerdäki çekimsizleriniň haýsylarynyň açyk, haýsylarynyň dymykdygyny aýdyp beriň. Balkan welaýaty Balkan welaýaty Watanymyzyň günbatar böleginde ýerleşýär. Welaýatyň düzüminde alty şäher, alty etrap, on alty şäherçe bar. Uly Balkan, Kiçi Balkan daglarynyň tebigaty baýdyr. Bu welaýat ýurdumyzyň senagat taýdan has ösen welaýatlarynyň biridir. Balkan welaýaty Hazar deňzi bilen araçäkleşýär. Deňziň kenarynda Türkmenbaşyda, Çeleken-de, Gyzylsuwda, Bekdaşda, Ekeremde, Awazada, Helesde, Ufrada zähmetkeşler, çagalar dynç alar ýaly ýörite ýerler bar. Balkan welaýaty seýrek duş gelýan gazylyp alynýan baýlyklaryň köpüsiniň mekanydyr. Senagat, mekan sözleriniň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.
279-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli çekimsizleri ýazyň we olaryň nähili çekimsizlerdigini aýdyp beriň. Gaja... aga or...a boýly, giň ma...laýly, ös...ün, gür ga...ly, ökü...iňki ýaly ulla...an gözli, ak sak...ally adamdy. Onuň güne ýanan bug...aýreňk ýüzü...iň ýylgy...ýan mahalyna duş gelmek ky...dy. Onuň sümelgesi bolan köneje tam oba...yň çe...indedi. Ol şol köneje tam...a üç-dört ýaşly ag...ygy Myrat bilen ýaşaýardy. Obanyň ähli çagala...y Gajar agany söý...ärdiler, ony hor...atlaýardylar, gy...yn-ýazyn Gajar aganyň höwri hem sol çagalar bolýardylar. (A.Gowsudow, «Gajar aga»). Hekaýajygyň temasyny anyklaň we ony iki abzasa bölüň. Her bölege sözbaşy tapyň. 280-nji gönükme. Nakyllary okaň. Soňra ilki açyk çekimsizleri, yzyndan dymyk çekimsizleri saýlap göçüriň Bir çekimsizi iki gezek ýazmaň. NAKYLLAR:
Birinji we ikinji nakylyň manysyny, olarda ýöredilýän öwüt-nesihaty aýdyp beriň.
281-nji gönükme. Şygry labyzly okaň, soňra diňe açyk çekimsizleri göçürip alyň. Bir açyk çekimsizi gaýtalap ýazmaň. BAGT IÇINDE
(R.Seýidow). 282-nji gönükme. Okaň, soňra diňe dymyk çekimsizleri göçürip alyň. Bir dymyk çykimiszi gaýtalap ýazmaň. KIM BILMEŞEK
(B. Kerbabaýew). |