Yza gaydyng

2. ÇEKIMSIZ SESLER

273-nji gönükme. Aşakdaky her iki sözüň birinji harpyny nusgadky ýaly edip göçüriň, olary aýdyp görüň.

Ata—Batyr

okuw—kitap

öküz—petir

Ülker—dökün

Işçiler—tamdyr

ylym—laçyn

uçmak—selin

eje—kaka

NUSGA: a-b, o-k, ..

l.Bularyň haýsysy çekimli, haýsysy çekimsiz?

2.Çekimlileri aýdyp görüň. Olary uzaldyp, çekip aýtmak mümkinmi?

3.Çekimsizleri aýdyp görüň. Olary uzaldyp, çekip aýtmak mümkinmi?

Çekimli sesler sap owazdan emele gelýär. Çekimsiz sesler bolsa sap owazdan emele gelmeýärler. Çekimsizleri çekimli sesler ýaly çekip aýdyp bolmaýar.

Meselem: b, p, k, t çekimsizlerini aýdyp görüň. Türkmen dilindäki çekimsiz sesler 21 harp bilen bellenilýär. Olar şulardyr:, b, ç, d, f, g, h, j, f, k, l, m, n, ň, p, r, s, ş, t, w, y, z.

274-nji gönükme.. Okaň we çekimsiz sesleri aýdyp beriň.

Aý aýdyň süýt ýalydy. Birnäçe okuwçy gyzlar topar tutuşyp, Bibigözel garrynyň ýanyna geldiler. Bibigözel garry bolsa tamynyň eýwanynda halyçanyň üstünde otyrdy. Ol ýokardan asylgy duran elektrik yşygynyň ýagtysyna barmaklaryny guşuň ganaty ýaly pel-pelledip, ik egirýärdi. Gyzlar kempiriň töweregine üýşdüler .

Ol gyzlaryň gelenine begenip:

—Geleweriň, gyzlarym, geleweriň!—diýip, ýerinden galdy-da, dünk-dünk edip, tama girdi hem bir halyçany getirip ýazdy.

(A.Durdyýew, «Garrynyň hekaýasy»)

Tekste özüňizden sözbaşy tapyň we onda näçe abzas bardygyny aýdyp beriň.

* * * *

275-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we çekimsiz sesleri göçürip alyň. Bir çekimsizi iki gezek ýazmaň.

MELE DAG

Ýazyň ilki başyndan

Gark bolarsyň güle, dag,

Çemen bogdum, gül ýygdym,

Deňi-duşum bile, dag.

Güneşleriň çogludyr,

Tämiz howaň çyglydyr,

Jülgeleriň baglydyr,

Geriş-geriş mele dag.

Üzümleriň tiz bişer,

Nar gyzaryp, güýz bişer.

Haý diýdirmän lıoz bişer.

Pisse, badam bile, dag.

Saýalaryna garamda,

Emaý bile ýörämde,

Miwe ýygyp deräňde,

Gezýän güle-güle, dag

(M. Garryýew).

* * * *

276-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we köp nokatlaryň ýerine degişli harplary ýazyp, depderiňize göçüriň .Ýazan harplaryňyzyň nähili seslerdigini aýdyp beriň.

Meniň da...aw agam ba...dy. Ol giň göw...nli, açyk ýüzl..., myda...a ýylgyrar du...ardy. Men on iki ýa...ymdadym, dör...ünj... kla...da okaýardym. Agam bolsa menden ep-esli ul...dy. Ol institutda ok...ýardy. Agam ogl... njy klar... ň oýnuna goşulma...dy, ýöne oýna syn ede...di. Oňa derek men oýna syn e...megi halamazdym, emma o...namagy ha...ardym.

(A.Orazmyradow, «Doganlaryň duşuşygy»).

* * * *

277-nji gönükme.. Aşakdaky çekimsizleriniň hersi bilen başlanýan bir söz tapyň we depderiňize ýazyň.

B, w, g, d, f, j, z, ý, k, lfm, n, p, r, s, t, f, h, h, ş, ç.