|
DAR WE GIŇ ÇEKIMLILER. 222-nji gönükme. Çep tarapdaky çekimlileri onuň sag tarapyndaky çekimliler bilen deňeşdirip, birnäçe gezek aýdyp görüň we diliňiziň hereketine üns beriň.
223-nji gönükme. Teksti okaň. Sözlerdäki çekimlileriniň haýsylarynyň dar çekimlidigini aýdyň. Bir gün irden şatlama aýaz boldy. Ýel turbalara düşüp güwleýärdi. Men oýandym. Görsem bir asudalyk, ýöne ejem eýýäm turupdyr-da, peji ýakyp ýör. Ejem meni oýarmandyr. Beýle aýazda mekdebe gidip oturmasyn diýipdir. Men aglara gelip ýalbaramsoň, ejem meni göýberdi. Köçelerde çaga görnenokdy. Geldim. Gijä galandyryn öýtdüm. Birden gapy açyldy-da, Nina Wasilýewna çykdy. Ol meni gujaklady. («Hakyky dostlar»). 1.Hekaýanyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň. 2.Hekaýanyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen gürrüň edip beriň. 3.Şatlama, aýaz, asuda howa diýen aňlatmalaryň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * * 224-nji gönükme.Teksti okaň we degişli sözbaşy tapyň. Muny mazmunyna garap, iki abzasa bölüň. Birinji abzasy göçüriň we dar çekimlileriniň aşagyna bir, giň çekimlileriniň aşagyna.iki çyzyk çyzyň. Anna Bally diýen ýegeniniň bardygyny eşitse-de, ony ilkinji gezek görüp durşudy. Bally Tejende, Anna bolsa Aşgabatda ýaşaýardy. Anna çagajykka Ballylara gidip gören hem bolsa, ol onuň ýadyna düşmeýärdi. Bu gezekki duşuşyklary welin, hiç haçan ýadyndan çykmasa gerek. Bally ejesi bilen Annalara ýörite gezmäge geldi. (A. Gurbanow, <<Uç, kepderim»). Tekstili sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň. * * * * 225-nji gönükme. Goşgy bentlerini labyzly okaň we ilki dar çekimlileri, soňra giň çekimileri göçürip alyň. Bir çekimlini iki gezek gaýtalap ýazmaň.
(K. Gurbannepesow). 1.Göçürip alan çekimlileriňizden başga nähili dar we giň çekimlileri bilýän bolsaňyz, derderiňize ýazyň. 2.Her bentdäki aýdyljak bolunýan pikiri öz sözleriňiz bilen düşündigiň. * * * * 226-nji gönükme. Göçüriň. Has gara ýazylan sözleriniň aşagyny çyzýň. Bu sözlerdäki y, i dar çekimlileriniň aýdylyşyna, ulanylan ýerine üns beriň. 1.Matanyň bu ýerini gaýçy bilen gyý, soň keşdele. 2.Ol maňa: «Aman gelsin diý» diýip aýtdy. 3.Ol duran gyz kim? 4.Sen tiz gelmeseň, biz oýna ýetişmeris. Aşagyny çyzan sözleriňiziň haýsylarynda y, i dar çekimlilerinden soň ý çekimsiziniň ýazylandygyny, haýsylaryňda ýazylmandygyny aýdyp beriň.
227-nji gönükme.Sözlemleri okaň we göçüriň. Köp nokatlara derek degişli ýerinde y çekimsizini ýazyň. 1.Biz pi...l bilen ýer agdardyk. 2.Sen ertirlik naharyny i..., onsoň biz daga gezelenje gideris. 3.Matanyň aňry çetini gy...dylar. 4.Bu mesele örän ky...n eken, şonda-da men ony çözdüm. 5.Sen nähili i...mişleriniň adyny bilýärsiň? 6.Dursunyň hünji ýaly ak di...şleri bar.
NUSGA: Biz pil bilen ýer agdardyk. Nokatlara derek ý çekimsiziniň ýazylmagynyň ýa-da ýazylmazlygynyň sebäbini düşündiriň. * * * * 228-nji gönükme. Sözlemieri okaň we has gara ýazylan sözleri depderiňize göçürip alyň. 1. Bizin obamyzda iki sany gyr at bar. 2. Hally mergen bir towşany öz çebşejikleri bilen diri tutupdyr. 3. Sen Gurbana meniň diýenimi diý, ol ertir şaşka ýaryşyna gelsin. 4. Ýol uzakdyr, nahardan köpräk iý. 5. Sen nähili miweli agaçlary bilýärsiň? Göçüren sözleriňizde uzyn aýdylýan y, i dar çekimlilerinden soň ý çekimsiziniň ýazylmagynyň ýa-da ýazylmazlygynyň sebäbini aýdyp beriň. |