Yza gaydyng

e/DODAK ÇEKIMLILERIN ÝAZUW DÜZGÜNI

Dodak çekimliler iki topara bölünýär:

1. Giň dodak çekimliler: o, ö.

2. Dar dodak çekimliler: u, ü.

Giň dodak çekimliler sada sözleriniň diňe birinji bognun-da ýazylýarlar. Sözleriniň soňky bogunlarynda o eşidilse, a, ö eşidilse, e ýazylýar. Meselem: oglan, ördek, çörek we ş.m.

235-nji gönükme. Sözleri okaň we olaryň her bir bognunda haýsy çekimlileriniň eşidilýändigini, emma haýsy çekimliniň ýazylýandygyny aýdyp beriň.

Tokaý, golak, dolak, göle, kömek, kömelek, dokamak, uýat, toşap, köşek, böwen, Omar, ýokanç, döwek, nöker, dolamak ýöremek, çökermek.

* * * *

236-nji gönükme. Göçüriň, içinde o, ö dodak çekimlileri bolan sözleriniň aşagyny çyzyň.

1. Kömelekden oňat naharlar taýýarlamak bolar.

2. Gaýraky obada ýaryş geçirilýär. Ýaş bedenterbiýeçiler göreşe gatnaşarlar.

3. Orak, döwek wagtlary kömek berersiňiz!

4. Ýaz aýlary kömelek ýygmaga gidýäris.

5. Ejem dolak dokaýar. Olar kitaplary ýerinde goýar.

1. O, ö çekimlileri sözleriniň haýsy bognunda ýazylýar?

2. Aşagyny çyzan sözleriňizi okap görüň we şol sözlerde nähili çekimlileriniň eşidilýändigini hem-de ýazylýandygyny aýdyp beriň.

* * * *

237-nji gönükme. Nakyllary okaň. Birinji bognunda giň o, ö dodak çekimlileri bolan sözleri göçürip alyň.

NAKYLLAR:

1.Akylly öwrener.

2.Göreşde ataň bolsa-da ýyk.

3.Öwrenilen gylyk örkleseňem durmaz.

4.Çopanyň aýagy ýetmese, taýagy ýeter.

5.Gorkana goşa görner.

6.Göçen ýurduň gadyryny, gonaňda bilersiň.

7.Ýamana öwüt ýökmaz.

Göçüren sözleriňizi sesli okaň we olaryň birinji bognundan beýleki bogunlarynda haýsy çekimlileri eşidýändigiňizi, emma olaryň ýerine haýsy çekimlileri ýazýandygyňyzy aýdyp beriň.

Birinji we ýedinji nakylyň manysyny düşündiriň.

* * * *

238-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyp, söz düzümlerini depderiňize göçüriň.

Kür...n oba

biziň ýold...şymyz

ýorg...lap gitmek

çör...k bişirmek

bör...k bükm...k

towş...na suw bermek

ody dörm...k

tüss...li oj...k

Gör...n adam

dol...k dol..mak

togs...n ýaşly

sor...g bermek

düz...k gurrn...k

ör...k orm...k

ýorg...n tikmek

on...tja gurj...k

SORAGLARA JOGAP  BERIŇ:

1.Degişli sözleri okanyňyzda, nokatlaryň deregine haýsy sesleri eşidýärsiňiz we oňa derek haýsy çekimlileri ýazýarsyňyz?

2.O, ö giň dodak çekimlileri sada sözleriniň diňe haýsy bognunda ýazylýar?

Dilimizde ulanylýan goşma sözlerde (inedördül, ýolgörkeziji, Daşhowuz, Aýsoltan, mekgejöwen, otluçöp, günorta) we direktor, traktor, samolýot, awtoruçka, şofýör ýaly sözlerde giň dodak çekimliler diňe birinji bogunda däl, eýsem, beýleki bogunlarda-da ýazylýarlar.

239-nji gönükme. Göçüriň we birinji bognundan beýleki bogunlarynda giň dodak çekimlisi bolan sözleriniň aşagyny çyzyň.

1. Biz Aýdogdy bilen obamyzyň ekin meýdanlaryna gezelenje gitdik.

2. Bu gün demirýölçularyň günüdir.

3. Howa sowuk. Çagajyklar palto geýnipdir.

4. Annadöwlet biziň döredijilik guramamyzyň iň aktiw agzasydyr.

5. Biziň direktorymyz Moskwa komandirowka gitdi.

6. Ýokary klasyň okuwçylarynyň özleri radiopriýomnikleri bejerip, gurnap bilýärler.

1.Aşagyny çyzan sözleriňizde giň dodak çekimlileriniň(o, ö) haýsy bogunlarda ýazylandygyny we sebäbini düşündiriň.

2.Ekin sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

240-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Dar dodak çekimlili sözleri we şol dar dodak çekimlileriniň haýsy bogunlarda ýazylandygyny aýdyp beriň.

Gije bir ýerde düşläp, çopan ýatmakçy bolanda, nançy goýnuň boýnuna ýüp dakýar-da, onuň bir ujuny öz tirsegine baglap gyşarýar. Gijäniň bir wagty goýunlar örüp ugraýar weli, nançy goýun hem sürüden galmajak bolup dyzaýar. Şonluk bilenem çopan oýanyp, goýnuň yzyna düşýär. Ataly tä oba gaýdýança, kakasynyň ýanynda bolup, çopan durmuşynyň şunuň ýaly syrlaryny içginlik bilen synlady. indi Ataly öz dostlaryna şol sowgatlaryny paýlamaga, olary daşyna üýşürip, çopan durmuşy barada ýazan makalalaryny okap bermäge howlugýardy.

 (B. Öwezow, «Çopan durmuşy»).

1. Teksti mazmuny boýunça iki uly abzasa bölüň.

Dar dodak çekimliler (u, ü) sada sözleriniň ikinji bognunda-da ýazylýarlar. Eger-de sada sözleriniň birinji bognunda dodak çekimlileriniň(o, ö, u, ü) biri bolsa, onda olaryň ikinji bognundaky gysga aýdylýan dar çekimliler dodaklandyrylyp  (u, ü) ýazylýarlar.

Meselem:  üzüm, göýün, çukur, ýolguç, kömür, ýumuş.

241-nji gönükme.Şygry labyzly okaň we ikinji bognunda dar dodak çekimlileri bolan sözleri göçürip alyň.

Dostum diýdi: - Yörsene,

Bagyňa bir barsana.

Menem üzüm ekinjek,

Kökli çybyk bersene!


Ýaşy ýetse, ýetişse,

Ýetişip, aka bişse,

Agzyň suwarar gider,

Görküne gözüň düşse.


Diýdim bagyma aýlap:

-Saýlap bererin, saýlap,

Ekseň, gyzyl üzüm ek,

Köwläp bereriň, köwläp.


Ol sözümden hoş bolup,

Bir uçmady guş bolup,

Ylgap gitdi ýanyňıdan

Öýe tarap at salyp.

(M. Garryýew).

1. Göçürip alan sözleriňiziň ikinji bognunda dar dodak çekimlileriň ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň.

2. Türkmenistanda ýetişdirilýän üzümleriniň nähili görnüşlerini bilýärsiňiz?

* * * *

242-nji gönükme.Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1. Çig mal üpj...nçilik böl...miniň müdiri Aşgabada gidipdir.

2. Siz Pöwrizäniň lagerlerinde bol...p görd...ňizmi?

3. Siziň obaňyzda guşç...lyk fermasy barmy?

4. Irden mallary ör...zip, meýdana kowd...lar.

5. Biziň durm...şymyz gowy, hiç zada mätäcligimiz ýök.

6. Ok...wçylar ýygnan demir böleklerini bir ýere üýş...rip goýd...lar.

* * * *

243-nji gönükme. Şygry labyzly okaň, soňra dar dodak çekimlili sözleri göçürip alyň we olaryň haýsy bogunlarda ýazylýandygyny aýdyp beriň.

GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN

(Gysgaldylyp alyndy)

Baýdagy bar, Gerbi bar.

Meniň türkmen ilimiň.

Güýç-gaýraty, gurby bar,

Polat guşak bilimiň.


Gör, niçik gül-gülüstan,

Garaşsyz Türkmenistan.

Baýlygy kän goýnımda,

Nebiti bar, gazy bar.


Şatlyk munda, toý munda.

Sowulmaýan ýazy bar.

Her ýanyň bagy-bossan,

Garaşsyz Türkmenistan.


Ýüreklerde gam ýokdur,

Össe erkin şemaly.

Pagtasy dek ap-akdyr,

Ertiriniň jemaly,

Bar kişi gezer messan,

Garaşsyz Türkmenistan.

(B. Kerimowa).

Ýurdumyzyň baýdagy, gerbi we baýlýgy hakynda gürrüň edip beriň.

Sada sözleriniň ikinji bognundan soňky bogunlarynda dar dodak çekimliler (u, ü) ýazylmaýar.

Ikinji bognundan soňky bogunlarda u eşidilýän ýerinde y; ü eşidilýän ýerinde i ýazylýar.

Meselem: üzümçilik, bolçulyk, guşçulyk.

244-nji gönükme. Bu sözleri aýdyp görüň we soraglara jogap beriň.

Göçüriň, öwrülişik, örküjiň, uçgunyň, goýnumyz, dostumyz, tüýkülik, otçulyk, köwşüňiz, dokçulyk, ösümlik, köpçülik, üzümçilik, öküziňiz, guzujyk, güjügiň, ürküziň, bölüşdiriň, odunlyk.

1.Bu sözleriniň ikinji bognunda haýsy dodak çekimlileriniň ýazylandygyny we onuň sebäbini aýdyp beriň.

2.Bu sözleri aýdanyňyzda, dar dodak çekimlileriniň haýsy bogunlarda eşidilýändigini we olaryň haýsy bogunlarda ýazylýandygyny hem-de ýazylmaýandygyny aýdyp beriň.

* * * *

245-nji gönükme. Göçüriň we ikinji bognunda dar dodak çekimlisi bolan sözleriniň aşagyny çyzyň.

KOMPOTYŇ TAÝÝARLANYLYŞY

Tomus aýlary gök önümler, miweler ýetişýär. Miwelerden kompot, mürepbe gaýnadýarlar. Kompot gaýnatmak üçin, öňi bilen, şerbet suwuny taýýarlamaly. Şerbet suwunyň süýjüligi miwaniň tagamyna görä edilýär. Miwe süýji bolsa, şeker azrak garylýar. Eger miwe turşumtyk bolsa, şeker köpräk garylýar. Suwy köp guýup, kompoty zaýalamak bolmaz.

1.Aşagyny çyzan sözleriňiziň ikinji bognunda näme üçin dar çekimliler dodaklandyrylyp ýazylýar?

2.Miwe sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

247-nji gönükme.Okaň. Birinji we ikinji bogunlarynda dodak çekimlileri bolan sözleri tapyp, depderiňize göçüriň.

Merkezi Garagumuň kartasynda indi Daşly guýusynyň ady ýok. Gömlüşip giden guýynyň hem-de gara öýleriniň ýerleri welin heniz hem bildirip dur. Daşlynyň oýuny gyrymsy sazak, gandymdyr çerkez-çeti tutupdyr. Oýuň gündogar tarapyny beklän beýik alaňlar welin, şol öňiküsi ýaly ýalazy. Ygally gelen baharlarda takyryň ortasyndaky kak ýagyş suwundan dolardy... Bular meniň göz öňümde janlandy.

DAŞLYNYŇ OÝY

Uzak menzilleri aşyp ömrümde

 Bu gün ýene höwürtgäme gondum men.

Gök ýylakly gollaryndan doýamok,

Göz aýramok gyzyl gülli gandymdan.


Dargap gitdi gije ýagan bulutlar,

Gün nury damjaly otlara düşdi.

Aýagymyň asty - oýnan ýerlerim,

Çagalygym welin uçursyz daşdy.

(B. Hudaýnazarow).

1.Göçürip alan sözleriňizde dar dodak çekimlileriniň aşagyny çyzýň we olaryň haýsy bogunlarda ýazylyp-ýazylmaýandygyny aýdyp beriň.

2.Has gara ýazylan sözleri aýdyp görüň, Şonda dar dodak çekimlileriniň haýsy bogunlarda eşidilýändigini, emma haýsy bogunlarda ýazylyp-ýazylmaýandygyny aýdyň.

* * * *

248-nji gönükme. Sag tarapdaky goşulmalaryň degişlisini çyzygyň çep tarapyndaky sözlere goşup, depderiňize göçüriň. Dar dodak u, ü çekimlileriniň ýazylyp-ýazylmaýan bogunlaryna üns beriň.

Gül

gol

goş

duş

üzüm

otur

gür

gör

sür

guş

goýun

öküz

ýör

-ümiz, -imiz, -çülik, -çilik

-uň, -yň, -ymyz, -umyz

-yň, -um, -ymyz, -umyz

-yş, -uş, -yşyp, -uşyp

-ym, -im, -ymyz, -imiz

-yp, -ip, -yşyp, -işip

-lyp, -lip, -lyşyk, -luşyk

-nüpdir, -nipdir

 -üş, iş, -şüpdir, -şipdir

-çylyk, -çulyk

-çylyk, çilik

-um, -im, -üňiz, -iňiz

-üpdir, -ipdir

NUSGA: Gülütniz, gülçülik,...

Bu sözleriniň aýdylyşy bilen ýazylyşynyň tapawudyny düşündiriň.

* * * *

249-nji gönükme. Köp nokatlara derek degişli çekimlileri ýazyp, sözlemleri depderiňize göçüriň.

Men oglanjyga: -Içer ýaly suw...ň ýökmy? Ýaman suwsadym - diýip aýtdym.

Oglanjyk suw...n...ň ýokd...g...na gynanan bolara çemeli. Boýn...ny bur...p, ýüz...ni çytdy. Irkilipdirin. Tur...p seretsem, ol bir äpet garpyzy göterip gelýärdi. Ol garpyzy bir gol...g...na alypdyr.

(A. Gurbanow. «Çigildem güli»).

* * * *

250-nji gönükme.Okaň we bu sözleriniň ikinji bognundaky dar çekimlileriniň haýsysynyň gysga, haýsynyn uzyn aýdylýandygyny aýdyp beriň.

Ogul, uzyn, ýolup, ýögyn, guzular, guzymyz, guýguç, guýynyň, sürüde, süriniň, sürüler, görnüň, törpimiz.

Birinji bognunda dodak çekimlilerden biri bolan sözleriniň ikinji bognundaky uzyn aýdylýan dar çekimliler dodaklandyrylman ýazylýar.

Meselem: uzyn, ýogyn, toklynyň, üçin, suwçymyz, üçimiz we ş.m.

251-nji gönükme Göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli dar dodaklanýan ýa-da dodaklanmaýan çekimlileri ýazyň.

l.Biz geçen dynç alyş güni şerbetçileriniň durm...şy bilen tanyşdyk, olara konsert görkezdik.

2. Men goş...n gull...gy bara-daky ýazylan kitaplary okamagy söyýärin.

3. Durd...nyň agasy serhetde gull...k edýär.

4. Daýhan birleşiginiň goý...nlary gyrkyldy. Siziň sür...ňiz haçan gyrkyljak? Guz...ňyzy saýladyňyzmy?

5. Suwç...lar ugradymy? Siziň suwç...ňyz maşyn bilen gitmeli bolar.

* * * *

252-nji gönükmeOkaň. Has gara ýazylan sözleri göçürip alyň. Olaryň ikinji bognundaky çekimlileriniň dodaklanydyrylyp ýa-da dodaklandyrylman ýazylmagynyň sebäbini aýdyp beriň.

DAGA GEZELENÇ

 Biz üç ýoldaş bolup, daga gezelenje gitmegi ýüregimize düwdük. Ertesi üçimiz hem maşyna münüp ugradyk. Dagyň etegindäki obada düşdük. Uzyn gün dagda bolduk. Käbir täsin daşlary, otlary özümiz bilen ýörite äkiden haltajyklarymyza saldyk. Dagda goýun sürülerine-de duşduk. Bir çopanyň goşuna baryp, çaý içdik, nahar edindik. Her bir şüriniň öz goýun iti bar.

Giçlik öýümize gaýtdyk. Hälki dag etegindäki oba geldik. Indi maşyna garaşyp otyrys. Ýoluň gatnawy köp bolany üçin, biz uzak garaşmadyk. Ertesi dagdan getiren daşlarymyzy we otlarymyzy mekdebimiziň müzeýine tabşyrdyk.

Hekaýajygyň temasyny anyklaň we aýdyp beriň.

* * * *

253-nji gönükme Okaň we nokatlaryň ýerine dar dodaklanýan we dar dodaklanmaýan çekimlileriniň haýsynyň ýazylmalydygyny aýdyň. Soňra olaryň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

Og...l, gurd...k, guz...nyn, köpr...nin, söz...mizde, ul...lar, ul...nyz.

* * * *

254-nji gönükme Okaň. Birinji sözleriň nähili çekimliler bilen gutarýandygyny we olara goşulma goşulanda, şol çekimlileriň nähili çekimlilere öwrülýändigini aýdyp beriň.

Dürbi — dürbüde, dürbüsi.

Tokly — toklusy, tokluda.

Ogly — oglunyň, oglumyz.

Gördi — gördük, gördüňizmi.

Suwçy—suwçular.

Gözi—gözüniň, gözümiz.

Köşi—Köşüde, Köşüdäki.

Goşgy—goşgular, goşgusy.

Turşy—turşusy.

Göwni—göwnüne, göwnümiz.

Bu sözlere goşulan goşulmalaryň çekimsiz ses bilen başlanýandygyna we olaryň öň ýanyndaky dar dodaklanan çekimlileriniň gysga aýdylýandygyna üns beriň.

Birinji bognunda dodak çekimlilerden biri bolan iki bogunly, y, i çekimlilerine gutarýan sözlere çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, şol y, i çekimliler gysga aýdylsa, onda olar dodaklandyrylyp (u, ü) ýazylýar.

Meselem: goşgy+lar=goşgular, uly+sy=ulusy, gözi+niň=gözüniň, tokly+lar=toklular, tokly+taý=tokllutaý, Dürli+Gözel=Dürlügözel we ş.m.

255-nji gönükme Aşakdaky sözlere çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşup, depderiňize göçüriň.

Köşi, dony, çüri, goly, sözi, suwçy, göwni, okly, boldy, güldi, böldi, ýüzdi, guzy, köpri, döşi, gördi, şony, muny, düşdi.

NUSGA: Köşüde, donunda, ...

* * * *

256-nji gönükme Okaň. Ýaýyň içindäki çekimsiz harp bilen başlanýan goşulmalary öň ýanyndaky söze goşup, depderiňize ýazyň.

Juma öýüň bir böwri (nde) iki elini ýüzi (ne) tutup, aglap oturan jigisi Baýlyny nähili dindirjegini bilmedi.

Şol gije Baýly gyzdyrdy. Hiç kimiň uky (sy) tutmady. Daňa golaý Baýly samrady. Juma ýaňy irkilipdi. Emma Baýlynyň sesine ýalpa gözi (ni) açdy.

Ertir Juma bir topar kitap alyp, Baýlynyň öňi (ne) oklady.Ejesi kitaplary ogly (na) görkezdi-de: -Bularyň haýsysy? - diýdi.

(A. Gurbanow, «Çigildem güli»)

Lebap welaýaty

Lebap welaýaty ýurd...myzyň gündogarynda ýerleşip, uly derýamyz Amyderýanyň çep kenary Garagum, sag kenary Gyzylgum çöl..ne aralaşýar. Köýtendagda diýarymyzyň iň belent nokady bolan Aýrybaba ýerleşýär. Welaýatdaky Gül...stan massiwi soňky döw...rde özleşdirildi. Bu ýerde Türkmenistanda iň ul... Zeýit suw howdany gur...lýar. Lebap welaýatynyň uj...psyz-ja bölegi oazisdir. Bu welaýatda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklardan tebigy gaz,.duz...ň dürl... görn...şleri, kük...rt, köm:..r, mineral gurl…şyk materiallary, gurş...n magdanlary bar. Lebap welaýatynda dynç almak, syýahat etmek üç...n örän gözel ýerler köpd...r.

Köp nokatly sözleri dogry ýazyp, depderiňize göçüriň. Şol sözlerde köp nokatlara derek ýazan çekimliňiziň ýazylmagynyň sebäbini aýdyp beriň.

* * * *

258-nji gönükme Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleriniň ikinji bognunda dodak çekimlileriniň ýazylyp-ýazylmazlygynyň sebäbini aýdyň.

GOÇUŇ AÝNANY SÜSÜŞI

Birleşigiň howlusynda bir goç bardy. Bir gün öýlänler ol howlynyň içinde adamlaryň ýök wagty prawleniýäniň jaýyna girdi. Koridoryň aňry çetinde ullakan hem gaty owadan ýüz görülýän aýna durdy.

Öň beýle jaýa girip görmedik göç tasady. Eýlesine-beýlesine garanjaklady. Bir görse, koridoryň ol çetinde özüne bakyp, ýene bir goç dur. Ýaňky göç özüne höwtir tapylanyna begenip ylgady. Aňyrky goç hem aýna bakyp durdy. Bärki goç kellesini çalarak burup, şahlary bilen haýbat atdy. Aňyrky goç hem edil şonuň ýaly etdi.

Bärki goçuň gahary geldi. Ol kellesini egip, yza çekildi, Aýnadaky goç hem şeýle etdi. Ahyryn ikisi hem şahlaryny öňe gezäp, biri-biriniň üstüne bat bilen topuldy. Bärki goç Öňürtilejek bolup, öňe bökdi welin, kellesi aýnanyň beýle tarapyndan çykaýdy. Aý...a külpagyş boldy. Soňra ol kellesini çykaryp, hiç zat bolmadyk ýaly gapa tarap ugrady.

(A. Orazmyradow, <<Kiçljik ilçi»)

1.Hekaýajyk näçe abzasdan ybarat?

2.Hekaýajygyň mazmunyny ilki gürrüň edip beriň, soňra depderiňize ýazyň.

* * * *

259-nji gönükme Okaň. Dar dodak çekimlileriniň näçenji bogunlarda ýazylandygyny, soňky bogunlardaky u, ü harplarynyň öňünden ýa-da soňundan lıaýsy çekimsiziň gelendigini aýdyň.

Gawun, gürlewük, hyjuw, sarlawuk, gijilewük, tapawut, geýnüwli.

Dar dodak çekimliler (u, ü) düýp sözleriniň ýapyk bognunda we çekimsiziniň öňünden we soňundan eşidilen ýerinde ýazylýarlar.

Meselem: ýazuw, gawun, sarlawuk, gürlewük, geýnüwli we ş.m.

260-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň Nokatlaryň ýerine degişli dar dodak çekimlileri ýazyň we olaryň ýazylmagynyň sebäbini aýdyp beriň.

l.Gözeliň arz...wy halyçy bolmakdyr. Öl hemme işine uly hyj...w bilen ýapyşýar. Onuň el işi öz nepisligi, juda owadanlygy bilen tapaw...tlanýar.

2. Biz Türkmenistanyň günortasynda ekspedisiýada bold...k, şonda Şarlaw...k obasynda ýatypdyk. Oba magazinine baryp, ogl...ma jürlew...k satyn alanym ýadyma düşýär.

3. «Ikinji jahan urşunda Wolga boýunda biziň gaýd...wsyz esgerlerimiz faşistleriniň uly goşunyny derbi-dagyn etdi. Ýesir düşen düşman soldatlary gyşyň gazaply sowugyna çydaman, sandyraw...k degen ýaly titreýärdiler» diýip, gahryman öz gürr...nine başlady.

* * * *

261-nji gönükme. Okaň, üçünji bogunlarynda u, ü dar dodak çekimlisi bolan sözleri aýdyň we şol bogunda u, ü çekimlileriniň ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň.

1.Haýsy nahar bolsa bolsun, tapawudy ýok, ony bişireniňizde, ertire galmaz ýaly, özüňize ýeterlik edip bişirmeli.

2.Sarlawuk obasy Türkmenistanyň günortasynda— Gyzylarbat bilen Gyzyletrek etraplarynyň aralygynda ýerleşýär.

3.Futbolçy düzgüni bozdy. Şol pursatda hem sudýa jürlewügini çaldy.

* * * *

262-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyň we şol çekimlileriniň ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň.

1.Allan öýl...rine gelip, küm...leriniň içinden iki sany boş çüýşäni çykardy. Ýagdy dagy ýap-ýaňy suwa düş...n...p gidipdirler.

2.Baýly jogap ýerine ýaşa dol...n gözl...r...ni kakasyna aýlady.

3.Howl...nyň günbatar ýanyndan eýýäm bagçylyk başlanýardy. Bagda ol şahadan bu şaha bök...ş...p ýören serçelere göz...n düşýärdi.

(A. Gurbanow, «Çigildem gali»).

Dilimize institut, paraşýut, kanun, mazmun, dessur ýaly başga dillerden giren sözleriniň soňky bogunlarynda u dodak çekimlisi eşidilýan ýerinde ýazylýar.

263-nji gönükme. Aşakdaky başga dillerden giren sözleriniň hersini bir sözlemde getirip, depderiňize ýazyň.

Trolleýbus, meşgul, maglumat, galstuk, konduktor.

Bu sözleriniň ikinji we üçünji bogunlarynda dodak çekimlileriniň ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň.

* * * *

264-nji gönükme. Aşakdaky sözleri okaň we olaryň her biriniň näçe sözden ybaratdygyny, bularda dar dodak çekimlileriniň (u, ü) näçenji bogunlarda ýazylandygyny aýdyp beriň.

Daşhowuz, Amandursun, itüzüm, ikiýüzli, baggoýun, Gara-gum, inedördül, geçiguş, geçigulak, Gyzylsuw.

Dar dodak çekimliler goşma sözleriniň üçünji we dördünji bogunlarynda hem ýazylýarlar.

Meselem: Oguldursun, Durdygülüň, Düýeboýun, ikuçlulyk, atýüwrük we ş.m.

265-nji gönükme. Bu sözleri göçüreniňizde, nokatlaryň ýerine degişli dar dodak çekimlileri ýazyň. Şol dar dodak çekimlileri näçenji bogunda ýazandygynyzyň we ony ýazmandygyňyzyň sebäbini düşündiriň.

Üçburçl...k, kyrkgünl...k, ikuçl...lyk, baggoý...n, atýüwr...k, Täzeg...!, Köne...rgenç.

* * * *

266-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan sözleri göçürip alyň.

1. Men düýn okalga baryp, täze kitap aldym.

2. Haýsy aýlar güýz aýlarydyr?

3. Biz uly güýç bilen işleýäris.

4. Süýt adam üçin peýdalydyr.

Göçüren sözleriňizi okaň. Olardaky ü çekimlisiniň uzyn ýa-da gysga aýdylýandygyny anyklaň we onuň yzyndan haýsy çekimsiziň ýazylandygyny aýdyň.

Sözleriň birinji bognunda uzyn aýdylýan ü çekimlisinden soň y ýazylýar.

Meselem: güýç, süýt, üýrmek, güýlmek.

* * * *

267-nji gönükme.Sözlemleri okaň we köp nokatlara derek haýsy çekimsiziň bolmalydygyny aýdyň.

 l. Bu agaç çü...räpdir, ony çapyp aýyrmaly.

2. Çeşmäniň suwy sü...ji bolýar.

3. Kecäni dü...rüp goýuň.

4. Çagalar, bar gü...jümizi okuwa gönükdireliň!

5. Goňşymyzyň sü...tli sygry bar.

1.Köp nokat goýlan sözlerdäki ü dodak çekimlisi nähili aýdylýar?

2.Çeşme sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

268-nji gönükme.Nakyllary okaň. Bularyň manysyny öz sözleriňiz bilen düşündiriň.

NAKYLLAR:

Güýçliniň gül ysy bar.

Özüni öweniň tanapy çüýrük.

Ýagşy söz baldan süýji.

Ýigide müň hünär hem azdyr.

Has gara ýazylan sözleriň ikinji bognunda dodak çekimliniň ýazylyp-ýazylmazlygynyň sebäbini düşündiriň.

* * * *

269-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Sözleriň birinji bognunda dar u dodak çekimlisinden soň eşidilýän ýerinde y çekimsiziniň ýazylýandygyna, eşidilmeýän ýerinde ýazylmaýandygyna üns beriň.

Buýrup

Duýup

Burup

Durka

Guýruk

Guýguç

Gumry

Guş

guýy

Durdy

Gurmak

Guýmak

Duýmak

Çukur

Duýdurmak

Duşamak

Hurma

burun

           

Bulardan birinji bognunda dar dodak u çekimlisinden soň y eşidilýänlerinden üç, eşidilmeýänlerinden hem üç söz alyp, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

Sözleriň soňunda dar u dodak çekimlisi uzyn aýdylsa, onuň yzyndan degişli ýerinde w ýazylýar.

Meselem: suw, guw.

Emma sözleriň ortasynda dar u dodak çekimlisi uzyn aýdylsa-da, onuň yzyndan w ýazylmaýar.

Meselem: duz, surat .

270-nji gönükme. Okaň we içinde dar u dodak çekimlsi uzyn aýdylyp, onuň yzyndan w ýazylan sözleri aýdyp beriň.

l. Aşgabadyň haýwanat bagynda guw, toklutaý ýaly guşlary görmek bolar.

2. Meniň iki sany towşanym bar, men olara her gün ot, suw berýärin.

3. Ýaşuly çuw ak sakgalyny sypalady, soň gyzykly ertekä başlady.

4. Çagalar üýşüp, surat aldyrypdyrlar.

* * * *

271-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlara derek degişli ýerinde w çekimsizini ýazyň, degişli däl ýerinde ýazmaň.

1. Meniň jigim su...rat çekmegi gowy görýär.

2. Bu matanyň reňki çu... ak.

3. Gazly hem siroply su... içmek saglyk üçin peýdalydyr.

4. içi bu...zly su...y içmaň, sowuklarsyňyz.

5. Biz birinji klasyň okuwçylary bilen du...şuşdyk.

NUSGA: Meniň jigim surat çekmegi gowy görýär.

Nokatlaryň ýerine w çekimsizini ýazandygyňyzyň ýa-da ýazmandygyňyzyň sebäbini aýdyp beriň.

* * * *

272-nji gönükme. Okaň. içinde dar u dodak çekimlisi uzyn aýdylyp, onuň yzyndan w ýazylan sözleri aýratyn, ýazylmaýanlaryny hem aýratyn göçüriň

Duşdy, başlady, suw, gury, surat , dur, guw, buz, ýazuw, duzly, gurt, okuw, bozuw, Nury.

NUSGA: l.Suw,...

2. Duşdy,...

Bu sözlerde uzyn u dodak çekimlisinden soň w çekimsiziniň ýazylýp-ýazylmazlygynyň sebäbini aýdyp beriň.

GEÇILENLERI GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR:

1.Haýsy çekimliler giň dodak çekimliler we olar sözleriň haýsy bogunlarynda ýazylýarlar?

2.Haýsy çekimliler  dar dodak çekimliler we olar sözleriň haýsy bognunda ýazylýarlar?

3.Guzy, sözi, tokly ýaly sözleriniň soňky açyk bognunda dodaklanman ulanylýan dar çekimliler nähili ýagdaýda dodaklandyrylyp ýazylýar?

4.Sözleriň haýsy bognunda we nähili ýagdaýda dar dodak u,ü çekimlilerinden soň ý çekimsizi ýazylýar?

5.Nähili şertlerde w çekimsizi dar u dodak çekimlisinden soň ýazylýar ýa-da ýazylmaýar?