Yza gaydyng

d/DODAKLANÝAN WE DODAKLANMAÝAN ÇEKIMLILER

229-njy gönükme. Sözleri okaň we her setirdäki sözleriniň birinji çekimlisini özbaşdak göçüriň.

Akylly, yşyk, ýakyn, elek, işçiler, ädikli, ekin,

Olar, ugrukmak, ýögyn, ýuka, ürkmek, ökde.

NUSGA: 1. A, y, ... 2. O, u, ...

1.Her setirde näçe söz bar we näçe çekimli göçürip aldyňyz ?

2.Her setirdäki çekimlileri aýratyň aýdyň we dodaklaryňyzyň hereket edip-etmezligine üns beriň.

Türkmen diliniň çekimlileri aýdylanda, dodaklaryň gatnaşyp we gatnaşmazlygy taýyndan iki hili bolýar:

1. Dodaklanýan çekimliler: o, u, ö, ü. Bu çekimliler aýdylanda, dodaklar aktiw gatnaşyp, olar tegelenýär we öňe tarap çömmelýär.

2. Dodaklanmaýan çekimliler: a, ä, y, i, e. Bu çekimliler aýdylanda, dodaklar gatnaşmaýar.

Eger biz ö dodak çekimlisini aýdyp durkak, dodaklarymyzy ýuwaş-ýuwaşdan yza çeksek, onda dodaklanmaýan e çekimlisini, eger ü dodak çekimlisini aýdyp durkak, şeýle etsek, onda dodaklanmaýan i çekimlisini eşideris. Bulary şeýdip aýdyp görüň.

230-njy gönükme. Hekaýany okaň we has gara ýazylan sözlerdäki çekimlileriniň haýsysynyň dodaklanýan, haýsysynyň dodaklanmaýan çekimlidigini aýdyp beriň.

MEKDEP UÇASTOGYNDA

Säheriň sergin howasynda guşlaryň sesi eşidilýär. Gök otlaryň üstünde arylar, kebelekler perwaz urýar.

Bu mahal posýolokdaky ullakan jaýyň töwereginde çagalar oýnaýardylar. Birden jaňyň sesi geldi. Çagalar klaslara ýygnandylar. Mekdepde sapaklar başlandy. Bäşinji klasyň okuwçylary uçastoga bardylar. Olar pilleri aldylar. Okuwçylar ýaş nahallaryň düýbüni ýumşatdylar.

Biziň okuwçylarymyz mekdebiň uçastogyna köp barýarlar. Olar uçastogy yhlas bilen bejerýärler. Okuwçylar mekdebiň töwereginde, posýologyň köçelerinde saýaly agaçlaryň ýüzlerçe düýbüni oturtdylar, hapalary, daşlary bir ýere ýygnadylar.

1.Hekaýanyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen gürrüň edip beriň.

2.Perwaz urmak diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

231-njy gönükme. Teksti okaň, soňra göçüriň. Dodaklanýan çekimlileriniň aşagyna göni çyzyk, dodaklanmaýan çekimlileriniň aşagyna tolkunly çyzyk çyzyň.

PAGTAÇYNYŇ SÖZI

Pagta Watanymyzyň baýlygy, biziň duzumyz hem çöregimiz. Ol biziň şan-şöhratymyz, genji-hazynamyz. Biz ony ýygnamakda haýal-ýagallyga ýöl berip, ýagyş-ýagmyryň astynda galdyrmaly däldiris. Bar güýjümizi pagta ýygymyna jemläliň!

Genji-hazyna diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

232-njy gönükme. Hekaýany okaň, soňra ikinji bogunlarynda dodaklanýan çekimlileri bolan sözleri göçürip alyň. Göçüren sözleriňiziň birinji bogunlarynda nähili çekimlileriniň bardygyny aýdyň.

AWÇY

Güýzüň başy hem bolsa, heniz günüň howry bardy. Gijeki çigrek kem-kemden zym-zyýat boldy. Kert köteller awçy gojany derrew çygjartdy. Maňlaýynda monjuk ýasan der düwmeleri gözüne indi. Awçy arman çekip, başyny ýaýkady.

Gerşiň aňry ýüzünde güneşläp ýatan bir topar boz jeren del garany görüp, gürre ördi-de, sürüsini bozman, ökje göterdi. Awçynyň nazary keýikleriň yzyndan peýkam bolup atyldy.

(H. Durdyýew, «Gaýadan güýçli»).

Tekstiň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň.

* * * *

233-njy gönükme. Nakyllary okaň. Dodak çekimlilerini we olaryň näçenji bogunlarda ýazylandygyny aýdyp beriň.

Az bolsun, uz bolsun.  

Sepilmedik tohum gögermez.

Bu günki işini ertä goýma.

Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir.

Ýatan öküze iým ýok.

Köpüň dilegi köl bolar.

Çopansyz goýun dagar.

Ikinji bognunda dodaklanýan çekimlisi bolan sözleri göçürip alyň.

Göçüren sözleriňiziň ikinji bognundaky dar çekimlimi ýa-da giň çekimlimi?

Çekimlileriniň bölünişiniň tablisasy.

Çekimliler

inçe

çekimliler

Yogyn ekimler

Dar çekimliler

Giň çekimliler

Dodaklanýan çekimliler

Dodaklanmaýan

çekimliler

a,

ä,

a,

y. i

a,

o,

a,

o,

ö,

o,

U , ü

ä,

u,

ä,

u,

ü, i

u,

o,

ö, ü

y,.i

y,

e

y

ö,e

e

ü, i

ö, ä, e.

234-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň we çekimlileri nusgadaky ýaly häsiýetlendirip ýazyň. Bir çekimlini iki gezek ýazmaň.

Howa garaldy we ýagyş ýagdy. Älemgoşar göründi.

Ýumşuňyzy ertire goýman, şu gün ýerine ýetiriň.

NUSGA: o-ýogyn, giň, dodaklanýan çekimli.

    a-ýögyn, giň, dodaklanmaýan çekimli,

    y-...

GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR:

1.Türkmen diliniň çekimlilerini emele getirmekde diliň aşak-ýökaryk hereketi taýyndan olar näçe topara bölünýär?

2. Dar çekimliler haýsylar? Bular aýdylanda, dil keňtlewüge ýakynlaşýarmy ýa-da daşlaşýarmy?

3. Giň çekimliler haýsylar? Bular aýdylanda, diliň kentlewüge gatnaşygy nähili?

4. Uzyn aýdylýan y, i çekimlilerinden soň ý nähili ýagdaýda ýazylýar we nähili ýagdaýda ýazylmaýar?

5.Türkmen diliniň çekimlilerini emele getirmekde dodaklaryň gatnaşygy taýyndan olar näçe topara bölünýär?

6.DodakIanýan çekimliler haýsylar? Bular aýdylanda, dodaklaryň hereketi nähili bolýar?

7.Dodaklanmaýan çekimliler haýsylar? Bular emele getirilen-de, dodaklar gatnaşýarmy?