|
b) INÇE WE ÝOGYN ÇEKIMLILER. 207-nji gönükme. Okaň we her setirdäki sözleriniň çekimlilerini özbaşdak göçüriň Ädim, öküz, ýel, iki. Dak, odun, ýakyn, ýöl, ýum. 1.Birinji setirdäki çekimlilere nähili çekimliler diýilýär? 2.Ikinji setirdäki çekimlilere nähili çekimliler diýilýär?
208-nji gönükme. Teksti okaň we her sözüň birinji bognunda haýsy çekimlileriniň bardygyny, olaryň soňky bogunlarynda nähili çekimlileriniň ulanylandygyny aýdyň. WELLEK WE ARYLAR Yssy düşüpdi. Suwly ýabyň arylary köpdi. Olar suwa gonup ýüzýärdiler.Wellek arylara degmedi.Arylaryňam Wellek bilen işi ýokdy, ýöne olar wyzzyldaşyp, Wellege ynjalyk bermediler. Wellegiň arylara gahary geldi. Ol elindäki çybygyny galgatdy. Şolbada bir ary gelip Welligiň ýokarky gabagyna ýelmeşdi, iňňesini sokup, zäherini göýberdi. Wellek gaharlandy, çybygy bilen arylary urmaga başlady, emma çybygyň astyna bir ary-da düşmedi. Wellegiň ýüzi çişdi, çep gözi bütinleý ýumuldy. 1.Bu tekst sözleýşiň haýsy stiline degişli? 2.Teksti abzaslara bölüň we her abzasyň başlanýan ýerini aýdyň. * * * *
209-nji gönükme. Teksti okaň we düzüminde diňe ýogyn çekimlileri bolan sözleri göçürip alyň. Daň saz berip, günüň çykjak tarapynda ýer bilen gögüň tapyşan ýeri gan ýaly gyzardy, günüň altyn saçynyň tylla tarlary ykjaşýardy. Hemişe heniz daň saz bermänkä, örä çykmaga endik bolan süri eýýäm örüp, tolkunyşmaga başlady. Adamlar ýatagyň çar töwereginden «haý-küş» etmek bilen saklap durdular. Ýaňy dogan günüň häzir diňe ýiti şöhlesi bardy. Emma onuň ýandyryjy howrundan nam-nyşan ýokdy, göyä diýersiň geçen tomus aýlary otly howruny sowurýan şu dogan gün däl ýalydy. (A. Gowsudow, «Eserler»). NUSGA: daň, saz, çykjak... Göçürip alan sözleriňiziň ikinji we soňky bogunlarynda diňe ýogyn çekimlileriniň ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň. Daň saz bermek diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * * 210-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we düzüminde diňe inçe çekimlileri bolan sözleri göçürip alyň. SELIN Uzakda, gum depeleriniň üstünde göm-gök bolup oturan ösümlik ýolagçynyň ünsüni özüne çeker. Bu selin diýilýän ösümlik. Selin gum alaňlarynda ösmäge oňat uýgunlaşypdyr. Onuň tohumy çägä düşdügi gögerýär. Soňra oňa hiç zat zyýan berip bilmeýär. Eger ýel onuň üstüne çäge sürüberse, onda ol derrew täze kök urup, ýokarlygyna ösüp başlaýar. Eger ýel onuň kökleriniň daşyny ýalaňaçlasa, onda-da ol gorkuly däl. Selin oňat mal otudyr. Ol halk hojalygynda hem giňden ulanylýar. NUSGA: depeleriniň, üstünde, ... Göçürip alan sözleriňiziň ikinji we soňky bogunlarynda diňe inçe çekimlileriniň ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň. * * * * 211-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözlerde haýsy çekimlileriniň sazlaşýandygyny aýdyň we beýle sazlaşygyň sebäbini düşündiriň. ÝOLLY DERE
(N. Pomtna). 1.Şygryň temasyny anyklaň we aýdyň. 2.Gök gübürdemek diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * * 212-nji gönükme. Köp nokatlara derek -inji, -ne, -de, -ýan, -da, -dan, -ly goşulmalarynyň degişlisini goşup, teksti okaň we şol sözleri depderiňize göçüriň Göçüren sözleriňizde haýsy çekimlileriniň sazlaşýandygyny aýdyň. Bäş... toparyň körpeleri yzçylygy öwrenmegi ýürekleri... düwdüler. Yz çalmagy gowy öwrenseň, ylaýta-da daglar... hem çöller... ugur tapyjy bolýarsyň. Olar özleriniň başlygynyň çagalyk... yhlasly yzçydygyny köp gezek eşidipdirler. Onuň ýeke bir mallaryň, ýabany haýwanlaryň däl, eýsern, serhedi boz... iki aýaklylaryň yzlarynam bir göräýdigi sypdyrman alyp barýandygy hakynda gyzyk... gürrüňler diňlapdiler. (A. Orazmyradow, <<Doganlaryň daşuşygy»). 1.Tekste sözbaşy tapyň. 2.Bu tekst sözleýşiň haýsy stiline degişli? * * * * 213-nji gönükme.Nakyllary okaň we has gara ýazylan sözlerde haýsy çekimlileriniň sazlaşyp gelýändigini aýdyň. 1.Altynyň-kümşüň könesi bolmaz, atanyň-enaniň bahasy bolmaz 2.Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok. 3.Bir günlük ýola düşseň, on günlük harjyňy göter. 4.Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýökmudy? 5.Gerekli daşyň agramy ýok. 6.ir turan işinden dynar. 1.Nakyllaryň manysyny öz düşünişiňiz boýunça aýdyp beriň. 2.Atanyň-enäniň bahasy bolmaz diýen temada bäş sözlemden ybarat tekst ýazyň. * * * * 214-nji gönükme.Şygry labyzly okaň. Düzüminde y, i çekimlileri bolan iki we ondan-da köp bogunly sözleri tapyň, olarda haýsy çekimlileriniň sazlaşandygyny aýdyň. ENÄNIN HÜWDÜSI (Gysgaldylyp alyndy)
(G. Ezizow) 1.Her bendiň mazmunyny, ondaky aýdyljak bolunýan pikiri öz sözleriňiz bilen düşündiriň. 2.Üçünji bendiň birinji, ikinji setirlerindäki bil sözüniň aýdylyşy iki setirde-de meňzeşmi, bil sözi şol setirlerde haýsy manylarda ulanylýar? * * * *
215-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine degişli y ýa-da i çekimlisini ýazyp, teksti depderiňize göçüriň. Biziň obam...zda çagalar bagy bar. Men...ň enem çagalar bag...n-da işleýär. Ol çagalara ertek...ler aýdyp berýär. Käwagtlar çagalar mekdeb...ň sport meýdançasyna gel...p oýnaýarlar. Bir gezek aýd...m hem aýd...p berd...ler. * * * *
216-nji gönükme. Teksti okaň we köp nokatlara derek y, i çekimlileriniň degişlisini ýazyp göçüriň. Garry agtyg..ny gujag...na gysyp, onuň towar gulpag...ndan sypady. Körpeje çagan...ň gülüp duran şadyýan gözler...ne, ýüzüne mäh...r bilen seretdi Ginje maňlaýyndan öpdi. Garry bu wagt pikir-hyýalynda özün...ň bagtsyz çagalygy bilen agtygynyň bagtly hem şatlykdy çagal...gyny deňeşdir...p görýärdi.Şol wagt howl..nyň gapysy kak...ldy.Tarkyldyny eş...den Keýijek: «Ejem geldi, ejem geldi» diýip, enesin...ň goltug...ndan aýrylyp, gapa tarap ylgady. (G. Gurbansähedow, «Keýijek»). 1.Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň. 2.Tekstiň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň. 3.Teksti iki_abzasa bölüň, her abzasy düzgün boýunça ýazylmalysy ýaly ýazyň. * * * *
217-nji gönükme.Hekaýany okaň we mazmunyny ýatdan aýdyp beriň. Bir gezek Oraz çagalar bagyndan gaýdyp gelýärdi. Şu gün ol ona barýança sanamagy öwrenipdi. Oraz öylerine ýetende, özünden kiçi gyz jigisi derwezäniň agzynda garaşyp durdy. Men eýýäm sanap bilýän, çagalar bagynda öwretdiler. Ynha, seret men hazir basgançaklaryň hemmesini sanaýyn -diýip, Oraz öwündi. Olar ýökaryk çykyp başladylar. Oraz bolsa batly sesi bilen basgançaklary sanaýardy. 1.Hekaýanyň mazmuny esasynda düzülen aşakdaky soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň. 2.Ýazan jogaplaryňyzdaky y harply sözleriniň aşagyna bir çyzyk, i harply sözleriniň aşagyna iki çyzyk çyzyň.
1.Petýa nireden gaýdyp gelýärdi? 2.Ol näça çenli sanamagy öwrenipdi? 3.Petýa jigisi Walýa näme aýtdy? * * * *
218-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli y ýa-da i çekimlisini ýazyň we ony ýazmagyňyzyň sebäbini aýdyp beriň. Daşhowuz welaýat... Türkmenistanyň demirgazyg...nda ýerleşýär. Türkmenistanyň beýleki ýerlerine garaňda, has dem...rgaz...kda ýerleşend...gine görä, bu ýerde gyş sowugrakd...r. Daşhowuz welaýaty ýurdymyz...n ul... oba hojal...k etraplaryn...ň-bir...dir. Pagta öndürmekde Mary welaýat...n-dan soň ik...nji, şal..., jöwen, ýörunja tohum...ny ýet...şdirmekde bir...nji orn...eýeleýär. Türkmenistan özbaşdakl...gyny alandan soň, Tahýadaş - Köneürgenç demir ýol... Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesine ýet...rildi. Daşhowuz welaýatynda gadym... arh...tektura ýad...gärlikler... köpdür. Olara beýiklig... 62 metre ýetýän m...nara, Törebeg han...myň mawzoleý..., Ys-mam...t atanyň mawzoleýi degişl...dir. 1.Tekste sözbaşy tapyň. 2.Teksti mazmunyna laýyk iki abzasa bölüň.
219-nji gönükme. Dik çyzygyň çepindäki sözleri sagyndaky sözler bilen deňeşdirip okaň, hersiniň aňladýan manysyny düşündiriň. Çepdäki sözlerde i, ýazylmagynyň sebäbini aýdyň.
Bu sözleriniň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. NUSGA: Garpyzlar heniz çig, bişmändir. * * * *
220-nji gönükme. Özüňizden içinde tutuş i gelen sözlerden 10 söz, y gelen sözlerden hem 10 söz tapyp, depderiňize ýazyň we olarda, i, y ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň. NUSGA: bişipdir, gyrkylyk... * * * * 221-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň. Şolarda y we i ýazylmagynyň sebäbini düşündiriň. DOST
(Ş. Caryýew). 1.I harpy ýazylan sözlerde nähili çekimlileriniň sazlaşygy bolýar: 2.Y harpy ýazylan sözlerde nähili çekimlileriniň sazlaşygy bolýar? GAÝTALAMAK ÜÇIN SOR AGLAR. 1.Türkmen diliniň çekimlileri aýdylanda diliň öňe, yza hereket etmegi taýyndan näçe topara bölünýär? 2.Türkmen diliniň inçe çekimlileri haýsylar? Olar aýdylanda diliň hereketi nähili bolýar? 3.Haýsy çekimliler ýögyn çekimliler? Ýogyn çekimliler aýdylanda diliň hereketi nähili bolýar? 4.Türkmen sözlerinde çekimlileriniň sazlaşyp ulanylyşy nähili? 5.Sözüň birinji bognunda ýögyn çekimli gelse, soňky bogunlarynda nähili çekimli ulanylýar? 6.Başga dillerden türkmen diline giren sözlerde çekimlileriň sazlaşygy türkmen sözlerindäki ýalymy ýa-da başgamy? 7.Sözlerde y, i çekimlileriniň ýazylyş düzgüni nähili? 8.Orfografik sözlükden içinde hem inçe, hem ýögyn çekimleri bolan alynma sözleri tapyň, aýdyp beriň. |