Yza gaydyng

a) ÇEKIMLILERIŇ UZYN WE GYSGA AÝDYLYŞY

Türkmen diliniň çekimlileri aýdylyş dowamlylygy boýunça iki hili bolýarlar:

1) Uzyn aýdylýan çekimliler; 2. Gysga aýdylýan çekimliler.

Birnäçe sözlerde çekimlileriniň uzyn ýa-da gysga aýdylmagy sözüň manysyna täsir edýär. Olar gysga aýdylanda bir many, uzyn aýdylanda başga bir many aňladýar.

Meselem: ak diýen sözüň çekimlisini gysga aýtsak, ol işlik bölüp, hereketi aňladýar. Eger bu sözüň çekimlisini uzaldyp aýtsak, onda ol sypat bolup bir zadyň reňkini aňladýar.

197-nji gönükme. Sözlemieri deňeşdirip okaň. Has gara ýazylan sözleriniň çekimlisiniň nähili aýdylýandygyny we şol sözleriniň aňladýan manylaryny aýdyp beriň.

1.Goňşymyz at edindi.

2. Sen dutar çal.

3.Gawunlary, garpyzlary sapagyndan ýoluň!

4.Süzmeden gurt edýärler.

5.Biz körpeler otagyny her hili suratlar bilen bezedik.

1.Oňa Melguş diýip at berdile

2.Men çal getireýin.

3.Olar ýoluň gyrasynda
otyrdylar.

4.Goýnuň ýarasyna gurt düşüpdir.

5.Biz bilen köwüş, ädik tikýärler.

* * * *

Has gara ýazylan sözleriniň manylarynyň üýtgeşik bolmagyna näme täsir edýär?

198-nji gönükme. Aşakdaky sözleriniň çekimlisini ilki gysga aýdyp okaň, soňra uzyn aýdyp okaň. Nähili manylar aňladýandygyny düşündiriň.

Ak, gyz, gap, bil.

Şu sözleriniň hersine degişli çekimlisiniň uzyn aýdylyşy boýunça bir sözlem, gysga aýdylyşy boýunça bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

NUSGA: Mamagül örän akyllyja gyzdy. Suw mazaly gyzdy.

* * * *

199-nji gönükme. Bendi mugallym okanda üns berip diňlaň. Daşyňyzdan diýen sözüň şu setirlerde nähili many aňladýandygyny düşündiriň. Onuň dürli many aňlatmagyna näme täsir edýär?

Başyňyzdan aýlanaýyn,

Daşynyzdan aýlanaýyn,

Daşynyzdan aýlanaýyn,

Pyragyny gören daglar.

(K. Gurbannepesow).

Ýokarky okan goşgy bendiňiz sözleýşiň haýsy stiline degişli?

* * * *

200-nji gönükme. Okaň we göçüriň Diňe çekimlisiniň gysga hem-de uzyn aýdylmagy sebäpli dürli many aňladýan sözleriniň aşagyny çyzyň.

1. Sen dostuňa hat ýaz. Ýaz günleri meýdan gök lybasa girýär.

2. Gije garaňkydy, uzakdan ot göründi. Bu ýyl hem gyşyna obanyň mallary hor bolmaz, sebäbi köp ot ýygyldy.

3. Obanyň uly köçesiniň ugrunda çukur gazyň, nahallar oturdyň. Towugyň, ördegiň, gazyň ýeleginden ýassyk edilýär.

4. Öten ýyl güýçli doly ýagdy. Howdan suwdan doly.

Aşagyny çyzan sözleriňiziň manysyny düşündiriň.

* * * *

201-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözlermiň şol sözlemdäki aňladýan manysyny düşündiriň.

Biziň obamyz bu ýerden daş. Gurluşyk üçin maşyn bilen daş çekdiler. Demri otda ýagşy gyzdyr, ýogsam ony süýndürmek kyn bolar. Eli portfelli gyzdyr oglanlar mekdebe barýardylar. Bu guşy tut, mekdebiň janly burçuna berersiň. Biz mekdebimiziň töweregine tut nahallaryny hem oturtdyk. Okaň, bilim alyň. Meniň bilim agyrýar.

Şol gara ýazylan sözleriniň her sözlemde başga-başga many aňlatmagynyň sebäbini aýdyň.

* * * *

202-nji gönükme. Hekaýany okaň we mazmunyny ýatdan aýdyp beriň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň Olaryň uzyn aýdylýan çekimlisiniň aşagyny çyzyň.

Arçman kurorty gözel ýer. Her ýyl bu ýerde ýurdumyzyň dürli ýerlerinden müňlerçe adamlar gelip, saglyklaryny bejerdip, dynç alyp gidýärler. Arçmanyň janyňa şypa berýän täsin suwy bar. Bu ýerde dynç alýan adamlara oňat hyzmat edýärler. Kurortyň medeni-köpçülik işler boýunça ýolbaşçysy olary ýurdumyzyň täsin ýerine Dolan dag düýbünde ýerleşýan «Köwata» atly ýerasty köle, Bäherdeniň haly fabrigine ekskursiýa äkidýär.

1.Tekstili mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

2.Bu teksti mazmun taýdan baglanyşyklylygy boýunça iki abzasa bölüň.

3.Bar, ýol sözleriniň çekimlisini hem gysga, hem uzyn aýdyp görüň we nähili manylar aňladýandygyny düşündiriň.

4.Orfogralik sözlükden çekimlileriniň uzyn we gysga aýdylmagy bilen many taýdan tapawutlanýan sözleri tapyp, aýdyp beriň.

* * * *

203-nji gönükme. Bu sözleriniň çekimlisini hem gysga, hem uzyn aýdyp okap görüň we olaryň çekimlileri uzyn aýdylanda nähili many, gysga aýdylanda nähili many aňladýandygyny düşündiriň.

Gal, ot, daş, bil.

Şu sözleriniň çekimlisiniň uzyn aýdylyşyna degişli bir sözlem, gysga aýdylyşyna degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

* * * *

204-nji gönükme. Teksti okaň we her sözdäki çekimlileriniň nähili (uzynmy, gysgamy) aýdylýandygyny aýdyp beriň.

Ekin meýdanynyň içi bilen geçýän ýödajykdan posýologa garşy haýdap gelýän Begenje bu günki yssy täsir etmeýän ýalydy. Begenç şu ýerde doglup, şu ýerde hem önüp-ösen oglandy. Ol okuwyndan gijä galyp barýardy.

Begenç entek Aknobura-da ýetmändi. Ol ýöluň iki gapdalyny tutup, gollaryny her ýana uzadyşyp ýatan demirtiken düýplerine ýigrenç bilen seredýärdi. 

(G. Cólukow, << Bir klasda»).

1.Tekste sözbaşy tapyň.

2.Has gara ýazylan sözleriniň asyl sözüni depderiňize göçüriň.
Olaryň çekimlisini hem gysga, hem uzyn aýdyp görüň we nähili manylar aňladýandygyny düşündiriň.

NUSGA: gal, ýol, ...

* * * *

205-nji gönükme. Sözleri okaň we gysga çekimlili sözleri biraýry, uzyn çekimlili sözleri hem biraýry göçüriň

Demir, nar, galam, ekin, dag, kelem, kän, kör, dar, yşyk, kelte, dodak, durna, duş, işgär, aklap, gamçy, tanap, ýoklap, gögräk, düşekçe, halap, dost, duşýär. Baýram, çişýär.

NUSGA:   1.. Demir, galam, ...

                   2. Nar, dag, ...

* * * *

206-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Köp nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyp, depderiňize göçüriň.

1. Düýn konserte bar...p bilmedigime örän g...nandym, uz...n gün pik...rim şol b...ldy.

2. Biz näme üç...n Myrada hat ýazamyzok? Biz birinji klasda Myr...t bilen bile ok...pdyk ahyr...n.

3. ...şim köp bolany sebäpli, öýe birneme g...ç geldim.

Köp nokatlara derek ýazan çekimlileriňiziň haýsynyň uzyn, haýsynyň gysga çekimlidigini aýdyň.

GAÝTALAMAK   ÜÇIN SOR AGLAR:

1.Türkmen dilinde näçe sany çekimli ses bar, olar haýsylar?

2.Çekimli sesler nähili aýdylýarlar, olar nämeden emele gelýärler?

3.Türkmen dilindäki çekimliler nähili toparlara bölünýärler?

4. Türkmen  diliniň çekimlileri uzyn we gysga aýdylyp bilinýärlermi?

5.Çekimlileriniň uzyn we gysga aýdylmagy sözleriniň manysynyň üýtgemegine täsir edýärmi?

6.Uzyn we gysga aýdylýan çekimliler ýazuwda dürli harplar bilen bellenilýärlermi?