|
1. ÇEKIMLI SESLER 192-nji gönükme. Sözleri okaň we bularyň her biriniň nähili ses bilen başlanýandygyny aýdyň. Armyt, oglan, uzyn, ylgamak, üçünji, ilki, ördek, ekin, ädim. Her sözüň ikinji harpyny elipbiý tertibi boýunça depderiňize göçüriň. * * * *
193-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we gara ýazylan sözlerde nähili çekimlileriniň bardygyny aýdyp beriň.
(G, Seýitliýew). 1. Şygryň temasyny anyklaň we onuň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň. 2. Şygryň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.
194-nji gönükme. Teksti okaň we göçüriň Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyň, olaryň haýsy çekimlilerdigini aýdyp beriň. ŞAMERGEN Serdaryň garr... at...synyň hakyky adyny bilýän az-azdy. ömr...niň köpüs....ni awçylyk bilen ötür...n bu ýaş...ly atan oky boş geçmeýänl...rden bolansoň, oňa Mergen aga diýý...rdiler. Sakgaldaşlarynyň käbiri onuň ad...ny Şamerg...n diýibem tutý...rdy. Süýji dilli g...ja b..len gürleşdigiňçe gürleşesiň gelýär. Ol ç,..l haýwanlarynyň, g...şlaryň häsiýetlerine b...ş barmagy ýaly bel., .t. 1.Bu tekst sözleýşiň haýsy stiline degişli? 2.Tekst näçe abzasdan ybarat? Her abzas haýsy sözler bilen başlanýar? * * * *
195-nji gönükme.Teksti okaň we göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli çekimlileri ýazyň. Haýsy çekimlileri ýazandygyňyzy aýdyp beriň. Biz alt... adamdyk. iki s...ny gaýygy ýüp bilen dart...p barýardyk. Gidişim...z ör...n haýaldy. Her g...nde sekiz kilometr ýöl ý...reýärdik. Daş-töwerek dym-dyrslykdy. Diňe gündizl..ri-ne pessaýrak şem...l öwüsy...rdi. Ýokary gitdigimizçe, derýanyň akyp gelýän ugry barha beýige dyrmaşýard... Bosagal...r köp...lýärdi. Gaý...klary çekmek barha kynlaşýardy. 1.Teksti iki abzasa bölüň we her abzasyň başlanýan ýerini aýdyň. 2.Tekste sözbaşy tapyň. * * * * 196-nji gönükme. Sözleri okaň. Bulary biri-birinden tapawullandyrýan sesleriniň haýsylardygyny we olara nähili sesler diýilýändigini aýdyp beriň. 1. Gal, gol, gyl, gel, gül. 2. Golum, gulum. 3. Alty, elti. 4. Atly, otly, etli, itli. 5. Oýan, oýun. 6. Del, däl, dil. Sözleri depderiňize göçüriň we olaryň çekimlileriniň aşagyny cyzyň.
|