|
V. SÖZLEÝIŞ WE SÖZLEÝIŞ STILLERI Adamlaryň özara pikir alyşmaklaryna, tebigat, durmuş baradaky garaýyşlaryny beýan etmeklerine sözleýiş diyilýär. 1. Dil sözleýşi; 2. Ýazuw sözleýşi. Sözleýiş arkaly aňladylýan pikiriň mazmuayna, häsiýetine laýyklykda sözleyşiň gepleşik, çeper, iş, publisistik, ylmy stilleri bolýar, olara sözleýiş stilleri diyilýär. * Gepleşik stili. Adamlar özara mesawy gürleşenlerinde, peýwagtyna sorag-jogap alşanlarynda ulanýan erkin söhbetdeşligine sözleýşiň gepleşik stili diýilýär. Gepleşik stiline sözlemde sözleriň tertibini berk saklamazlyk, kömekçi sözleri, goşma sözlemleri seýrek ulanmak, köplenç, ýönekeý sözlemlerden peýdalanmak ýaly ýagdaýlar mahsusdyr. Gepleşik stili bir zady habar bermäge. anyklamaga, şol zat hakynda pikir alyşmaga zerurlyk dörän wagtynda ulanylýar. Oglanlar ýerli-ýerden: Hä, Gajar aga, ýeri onsoň, gürrüňe başlasana diýişdiler. Gajar aga jaýlaşykly oturyp:Hol Sary bardyr-a diýdi. Bally wara bolsa: Gajar aga, hol köçäniň owrümindäki öňi gara öýli tamda ýaşaýan Sary aga dälmi diýdi. Hawa, şol. Onuň öňki bolşuny bilýän dälsiňiz diýip, Gajar aga gürrüňe başlady. (A. Gowşudow, «Gajar aga>>).
172-nji gönükme. Aşakdaky gürrüňiň tekstini okaň we onuň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aydyň. Aýjahan, şujagaz sowgatjygy alsana! O nähili sowgat? Maňa sowgat! Maňa sowgat gerek däl. Alaý, gyzym! Magtym Isaýewiç ýat adam däl. Ol seniň agaň ahyry. Eje, muny sen atynaý. Men ýaglygym köp ahyry. Ýog-eý, gyzym. Bir bende ýörite niýet edip getiripdir. Öz nesibäňi özüňjik al. Hany, ýör bizem stoluň başyna baraly! Eje, sen özüň baraýsan-a. Meň-a birhili utanýan. (T. Gurbanow. « Torgaý»).
173-nji gönükme. Teksti okaň we onuň sozleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň. Muňa degişli sözbaşy tapyp, depderiňize göçüriň. Bir gün Atanyň ýanyna Oraz geldi. Ol gele-gelmäne: Ata, bol geýin, ikimiz mekdebe gitmeli diýdi. Ata-da: Oraz, hany geç, otur. Bir käse, ýarym käse çaý içeli diýdi. Oraz bolsa: Ata, çaý içmäge wagt ýök. Mekdepde mugallymymyz bize garaşýar diýdi. Ata derrew geýindi. Oraz bilen tirkeşip, mekdebe ugrady. Menem olar bilen gitdim. * * * * 174-nji gönükme.. Ýoldaşyňyz bilen dynç günüňizi geçirişiňiz barada özara pikir alşyň we ony sözleýsiňiz ýaly depderiňize ýazyň. Ýazan tekstiňiziň sözleýsiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň.
Gypjak obasyndaky 5-nji dünýewi mekdebiň direktoryna şu obada ýaşaýan Mergenow Orazdan Arza Meniň oglum Mergenow Durdy ýedi ýaşyny doldurdy. Şonuň üçin hem ony birinji klasa okuwa kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 15-nji awgust 1987-nji y y l.O. Mergenow * * * * 175-nji gönükme.. Aşakdaky teksti okaň. Munuň sözleýiş stiliniň haýsysyna degişlidigini aýdyň.
BILDIRIŞ Çeper eller kružogynyň ähli agzalaryna! Şu ýylyň 26-njy oktýabrynda 16 sagat 30 minutda mekdebimiziň klubunda kružok agzalarynyň ýygnagy boljak. Ýygnakda garaljak meseleler: 1.Kružogyň aýlyk planyny ara alyp maslahatlaşmak. 2.Dürli meseleler. * * * *
176-nji gönükme. Ýokarky bildirişiň ýazylyşyndan nusga hökmünde peýdalanyp, depderiňize okuwçylar ýygnagynyň boljakdygyny mälim edýän bildiriş ýazyň. * * * * 177-nji gönükme. Teksti okaň we göçüriň hem-de onuň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň.
SPRAWKA Ataýew Myrat hakykatdan hem Gökdepe etrabyndaky 3-nji dünýewi mekdebiň 5-nji «A» klasynda okaýar we mekdebiň aýdym-saz kružogyna gatnaşýar. Sprawka etrabyň sazçylyk mekdebine görkezmek üçin berildi. Mekdebiň direktory: goly Saparow A. 1987 y 4-nji maý .
(K. Taňrygulyýew, « Altyn okara»). Kepil bolmak diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * * 178-nji gönükme. Aşakdaky tekstleri okaň. Bularyň haýsysynyň gepleşik stiline, haýsysynyň iş stiline, haýsysynyň çeper stile degişlidiglni aýdýň. 1. Sona dermanhana bardy. Dermanhananyň işgäri: Derman gerek. Derman hatyň barmy? Bar, ine diýip, Sona hatyny görkezdi. 2.Bäşinji dünýewi mekdebiň direktory ýazyp mälim edýär: Mekdep ýatlanan iş enjamlary bilen täze okuw ýyly başlanmanka üpjün edilmelidir. 3.Gijeki maýdalap ýagan ýagyş daňa golaý diňdi. Çygly şemal asmanyň buludyny öz ugruna bakan kowup gitdi. Günün ýüzi çüýşe ýaly durlandy. Gün dogandan ýeriň ýüzüne kümüş nuruny seçip başlady. Garaňky ýorgany üstünden serpip, gara ýer ýeňillik bilen dem aldy. * * * * 179-nji gönükme. Teksti okaň we onuň sözleýşiň haýsy stiline degişlidigini aýdyň. Gije bir çene ýetip, aýak ýygnandy. Şu gün giç öýlän başlan ýagyş heniz hem diňmändi. Ol özüniň goýry çabgasyny tapgyr-tapgyr guýýardy. Obada göýä dem-düýt ýok ýalydy, hatda itiň sesi hem çykanokdy. Obanyň günorta-günbatar çeträgindäki köne howlynyň derwezesiniň agzynda bir gara salgym atdy. Kim bolsa-da bir adam arkasyndan biri asylýan ýaly zordan ýöräp, köp kynçylyklar bilen derwezäninň agzyna ýetdi. (A. Gowsudow, « Azaşan yzyny tapdy») Ýokarky teksti mazmuny boýunça iki abzasa bölüň. Birinji abzasa degişli sözbaşy tapyň we ony depderiňize göçüriň. Goýry çabga diýen söz düzüminiň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. * * * *
180-nji gönükme.özüňizden gepleşik stiline degişli tekst düzüň. GAÝTALAMAK ÜÇIN SOR AGLAR: 1. Sözleýiş diýip nämä aýdylýar? 2.Sözleýiş nähili formalarda ýüze çykarylýar? 3.Sözleýşiň nähili stilleri bar? 4.Nähili stile gepleşik stili diýilýär? Gepleşik stiliniň nähili aýratynlyklary bolýar? 5.Nähili stile iş stili diýilýär? iş stili nähili ýazgylarda ulanylýar? 6.Nähili stile çeper stil diýilýär? Çeper stiliň gepleşik we iş stillerinden nähili tapawudy bar? |